Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet145/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   141   142   143   144   145   146   147   148   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MAL-MÜLK 
[ma:l-mülk], 
at. 
Biriniň 
eýeçiligindäki bar zatlar, emläk, baýlyk, mal we 
ekerançylyk meýdany. 
MAL-MÜLKLI [ma:l-mülüklü], syp., ser. Mally 
2. 
MALSYZ [ma:lsyz], syp. 1. Maly ýok, ownukly-
irili maly bolmadyk. Ýelsiz gol bolmaz, malsyz – il 
(Nakyl). 2. Baýlyksyz, emläksiz, mal-mülksüz. Ol 
malsyzlardan däldi. 
MALSYZLYK [ma:lsyzlyk], at. 1. Ownukly-irili 
mal saklamazlyk, eýeçiliginde maly ýokluk. 2. Barly-


79 
barjamly 
dällik, 
mal-mülksüzlik. 
Derwüşlere 
ýolsuzlygy, 
Ýigitlere 
malsyzlygy, 
Hudaýym 
aýalsyzlygy, Görkezmesin musulmana (Magtymguly). 
MAMA [ma:ma] I, at. 1. Ejeň ejesini anladýan
söz. – Haly ata-babalarymyzyň, enelerimiziň, mama- 
larymyzyň 
ýüregine 
sygmadyk 
arzuwlarydyr 
(

Türkmenistan

). 2. Garry aýallara ýüzlenilende 
sylanyp aýdylýan söz. Garry mama, geliň, men size 
ýer bereýin. 3. Gyza dakylýan at. 
MAMA [ma:ma] II, at. Adamyň derisinde
döreýän iriňli ýokanç ýara. Soňabaka ýüzündäki 
mamanyň galdyran yzlary-da derden dolup, hünji 
ýalyjak bolup ýyldyraşyp başladylar (B. Seýtäkow).

Mama dişän (ýüz) mama keseliniň çukurjyk-
çukurjyk yzy galan (ýüz). 
MAMAMÇÖKÜLLIK 
[ma:mamçöküllük], 
ser.Mamamçörek. 
MAMAMÇÖREK [ma:mamçörök], at. Mama-
çörekler maşgalasyna degişli kiçijik tegelejik ak 
gülli, ýere ýazylyp ösýän ösümlik we onuň hasyly. 
MAMAMJÄJEK 
[ma:mamjä:jek], 
at. 
Goýunlaryň agzynda döreýän kesel. 
MAMAMKÖKE [ma:mamkö:kö], at, ser. 
Mamamçörek. 
MAMLA [ma:mla], syp., hal. Dogry, dürs, hak, 
hakykata laýyk. Dost – dost, mamla – rast (Nakyl). 
MAMONT [ma:mont], at. Demirgazyk ýarym 
şaryň tundrasynda ýasap, mundan birnäçe müň ýyl 
öň ölüp-ýitip giden pillere kowumdaş haýwan. 
MANAT, at. l. Türkmenistanda hereket edýän
pul birligi. 2. Şol gymmatly kagyz ýa-da metal pul.
MANATLYK, at. 1. Bahasy, nyrhy belli bir 
möçberdäki manada deň. Bazardan otuz manatlyk
üzüm, elli manatlyk garpyz alypdyryn, jemi sowan 
pulum 
segsen 
manada 
barýar. 
2
Dürli 
gymmatlykdaky pul birligi. On manatlyk. Ýüz 
manatlyk.  
MANDALA [mannala], at.Esasan, jalbar, balak 
tikilýän ýokary hilli ýylmanak galyň ýüň mata. Arçyn 
mandala jalbarynyň dyzyny dyrmap, jambörügini 
ýaňy syrylan kellesiniň maňlaýyna süýşürdi-de, 
gürrüňe başlady (B. Kerbabaýew). 
MANDARIN [mandari:n], at. 1. Günorta 
ýurtlarda bitýän hemişe gök salyp oturan sitrus agajy. 
2. Şol agajyň iýilýän miwesi. 
MANDOLIN [mandali:n], at.sazç. Dört sany 
tarly, ýasy, ýarym aýlaw görnüşli çirtilip çalynýan saz 
guraly.
MANDOLINÇI [mandali:nçi], at. Mandolin 
çalýan sazanda. 
MANDY [manny], at. Sürümde sürülmän galan 
dilkaw ýer, sürülmedik zolak. Öz süren ýerinde 
mandy galyp-galmanyny seljerip bilmeýärdi (B. 
Kerbabaýew). 
MANOMETR [mano:me:tir], at. Gazyň ýa-da 
suwuklygyň basyşy ölçelýän gural. Ýapyk gapdaky 
gazyň ýa-da buguň basyşyny ölçemek üçin 
manometrler ulanylýar. 
MANSUR [mansu:r], at, k.d. 1. Ýeňiji, 
ýeňilmezek. 2. Oglana dakylýan at. 
MANTY, at.Ýuka ýaýylan hamyr börekden 
ulurak görnüşde kesilip, içine üwelen, kerçelen et, 
sogan ýaly zatlar salnyp bükülenden soň, ýörite 
ýasalan mantygazanda buglanyp bişirilýän nahar. 
Taýýar bolan manty tabaga çykaryldy.  
MANTYGAZAN [mantyğa:zan], at. Manty 
bişirilýän ýörite gazan. 
MANTYKat, kön.s. Pikirlenişiň kanunlary hem-
de görnüşleri hakyndaky ylym (serLogika). 
MANY [ma:ny / ma:ny:], at. 1. Bir zadyň akyl 
ýetirip bolýan içki mazmuny, paýhaslanmak, 
oýlanmak arkaly bir zatdan çykarylýan netije, sözüň, 
hereketiň maňzy, özeni. Aňlabilmez söz manysyn 
seçmegen (Magtymguly). 2. göç.m. Oý, pikir. Onuň 
düşbi gözlerinde many bardy. 

Mana düşmez 1) aýdylýan, eşidilen zatdan 
netije çykarardan ýaş (çaga hakynda). 2) aýdylan-
diýlene akyly ýetmeýän, paýhasy kütek, nadan. Diňe 
mana düşmez nadan adamlar, Ony gazanç hazynasy 
hasaplar (M. Seýidow).Many saçmak manyly, 
pähimli geplemek. Manysy bolmaz (ýok) ýeňil amal 
edilýän, başarýan üçin etmesi kyn bolmadyk (iş 
hakynda). Bular ýaly ýigidiň ýanynda işiň manysy 
boljak däl oguşýan (R. Gelenow). 
MANYDAŞ [ma:nydaş / ma:ny:daş], syp. 
Manylary meňzeş. Manydaş sözler. 
MANYLY [ma:nyly / ma:ny:ly], syp. 1. Manysy, 
mazmuny bar bolan, mazmunly, paýhasa-pähime eýe, 
özenli. Ähli soraglaryna pähimli, düşnükli, manyly 
jogap gaýtardy (B. Seýtäkow). 2. Öwüt-nesihatly, 
täsirli, pikirli. Onuň ýüregi manyly sözleriň hazynasy 
(A. Gowşudow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   141   142   143   144   145   146   147   148   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling