Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
LÜKGELEME [lükgölömö], iş ady. Lükgelemek ýagdaýy. LÜKGELEMEK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
LÜKGELEME [lükgölömö], iş ady. Lükgelemek
ýagdaýy. LÜKGELEMEK [lükgölömök], işl. Bir ýere toplamak, üýşürmek, jemlemek, ýygnamak. Senem şujagaz zatlaryňy pul edipjik lükgeläýseň, bir zat bolar-da duruberer! (A. Durdyýew). LÜKGELETMEK [lükgölötmök], işl. Bir ýere toplatmak, üýşürtmek. LÜKGELEÝIŞ [lükgölöýüş], iş ady. Lükgelemek ýagdaýy. LÜKGELIGINE [lükgölüğnö], hal. Tutuşlygyna, şol durşuna, bütinleýin. LÜL, syp. Alkogolly içgi içip serhoş bolan. Lül bolmak. LÜLE [lülö],at, ser. Turba. LÜLEKEBAP [lülökeva:p], at. Döwlen ýa-da üwelen ete duz, burç goşulyp, lüle şekilinde çişe düzülip, közüň howruna bişirilýän kebap. LÜLGAMMAR [lülğammar], syp. Gaty serhoş, lül pyýan. Lülgammar bolmak. LÜŇ, at. Ýer paýlaşygynda araçäge goýulýan bellik, gum üýşmegi. Çukuryň bir gapdalynda beýijek lüň etdi (A. Gowşudow). LÜŇLEME [lüňlömö], iş ady. Lüňlemek ýagdaýy. LÜŇLEMEK [lüňlömök], işl. Lüň basmak, lüň arkaly bölmek, lüň edip çykmak. Giň meýdany lüňläp, iki böldüler (A. Gowşudow). LÜŇLEŞMEK [lüňlöşmök], işl. Lüň basmaga kömek etmek. LÜŇLETMEK [lüňlötmök], işl. Lüň basdyrmak. LÜŞI [lüşü], at. Agajy ülje agajyna, miwesi itüzüme meňzeş ösümlik LÜT: lüt bolmak halys bolmak. Olar uzynly gün gezýärler, lüt bolup ýadaýarlar (Halk ertekisinden). Lüt galmak bar zadyňy utdurmak, utulmak. Lüt düşmek maddy taýdan tozmak, halys dagamak, hiç zatsyz galmak, bütinleý harjyň gutarmak. Lütüň çykmak gaty ýadamak. LÜTJEK [lütjök], at,gepl.d.Nöker. Lütjekleri serkerdeleriniň buýrugy boýunça biziň ellerimizi arkamyzda daňdylar (A. Gowşudow). LÜTI [lütü], at, ösüml.d.Jülgelerde ýere ýazylyp ösýän ot. LÜÝK, at. Suwuk palçyk. Ýagan ýagyşdan soň, köçe lüýk bolup ýatyrdy (B. Kerbabaýew). LYBAS [lyva:s], at. 1. Egin-eşik, eginbaş, geýim. Täze milli lybasa geýnen gelin-gyzlar toýa barýardy. 2.göç.m. Bezeg, zynat. Bu gün Aşgabat toý lybasyny geýip otyr. LYGYRDAMA [lyğyrdama], iş ady. Lygyrdamak ýagdaýy. LYGYRDAMAK [lyğyrdamak], işl. Çala, ýuwaşja lygyr-lygyr edip seslenmek, lygyrdyly ses çykarmak. LYGYRDAŞMAK[lyğyrdaşmak], işl. Oduň üstünde goýlan tüňçelerdäki, kitirlerdäki suw, atarylan nahar çalaja gaýnap durmak. Tüňçeler lygyrdaşyp gaýnaýardy. LYGYRDATMAK [lyğyrdatmak], işl. Lygyrdyly seslendirmek. Çekdirmäni lygyrdadyp, howlukman bişirmeli. LYGYRDAÝYŞ [lyğyrdaýyş], iş ady. Lygyrdamak ýagdaýy. LYGYRDY [lyğyrdy], at. Suwuk ýa-da goýurak zat siňňin, ýuwaş gaýnadylanda çykýan sesiň ady. LYGYR-LYGYR [lyğyr-lyğyr], s.ş.aňl.söz. Oduň üstünde goýlan tüňçelerdäki, kitirlerdäki suw, atarylan nahar çalaja gaýnap durka çykýan sesler.Suwly tüňçe lygyr-lygyr gülende, Tüýdügini dolap goýdy ýaşuly (M. Myşşyýew). ◊ Lygyr-lygyr etmek ser. Lygyrdamak.Lygyr- lygyr edip gaýnamak. LYKYRDAMA, iş ady. Lykyrdamak ýagdaýy. LYKYRDAMAK, işl. Lykyr-lykyr edip seslenmek, lykyrdyly ses çykarmak. Haçan-da küýzäniň agzyndan suw girip lykyrdamaga başlanda, 75 Tilki: – Gap sesiňi, öljegiňe gülýärmiň? – diýipdir ( Türkmen halk ertekisi ). LYKYRDAŞMAK, işl. Bilelikde lykyrdamak. LYKYRDATMAK, işl. Lykyrdyly seslendirmek. Küýzäniň suwuny lykyrdadyp dökmek. LYKYRDAÝYŞ, iş ady. Lykyrdamak ýagdaýy. LYKYRDY, at. Suwuk zat agzy dar gapdan dökülende lykyr-lykyr edip çykýan sesiň ady. LYKYR-LYKYR, s.ş.aňl.söz. Suwuklyk agzy dar gapdan ýuwaş dökülende çykýan ses. LYP-LYP, ser. Lyrp-lyrp.Çyra lyp-lyp edip öçjek bolýar. LYRK-LYRK, s.ş.aňl.söz. Bokurdagy dar küýzeden, çüýşeden suwuklyk dökülende çykýan ses. LYRP-LYRP, s.ş.aňl.söz. Sönjek bolup duran çala ýanýan otdan ýa-da pelteli çyradan yzly-yzyna çykýan sesler, lyp-lyp. LYRPYLDAMAK [lyrpyllamak], işl. Sönjek bolup duran çala ýanýan ot ýa-da pelteli çyra lyrp- lyrp etmek. M M, Türkmen elipbiýiniň on bäşinji harpy. MADDA, at. Fiziki we himiki jisimlerden ybarat barlyk, älem-jahanda bar bolan ähli zatlar. Aýry-aýry görnüşdäki ösümlikler özünde reňkli maddalary saklaýar. MADDA [ma:dda], at, hukuk. Käbir kanun ýygyndylarynyň, resminamalaryň san bilen görkezilýän aýratyn bölegi. MADDY, syp. Üpjünçilige, ykdysady ýagdaýa degişli. Maddy hal-ýagdaý. MADY-MADY, s.ş. aňl. söz, ser. Madyr-madyr. MADYRDABERMEK [madyrda:vermek], işl. Madyr-madyr edip başlamak, madyrdap ugramak, madyrdyly gürläp başlamak. MADYRDAMA, iş ady. Madyrdamak ýagdaýy. MADYRDAMAK, işl. Çalt-çaltdan ýogyn ses bilen gatyrak gürlemek. MADYRDAŞMAK, işl. Madyr-madyr edip gürleşmek, birnäçe bolup madyrdamak. Turuň, madyrdaşyp oturmaň! MADYRDAÝYŞ, iş ady. Madyrdamak ýagdaýy. MADYRDY, at. Çalt-çaltdan ýogyn ses bilen gatyrak gürlenende çykýan sesler. MADYR-MADYR, s.ş.aňl.söz. Çalt-çaltdan ýogyn ses bilen gatyrak gürlenende çykýan sesler, wadyr-wadyr. Indi madyr-madyr etmäňiz näme? MAGALLAK [mağallak],at. 1. Beýik, belent, ýokary. 2.kön.s. Başaşak. Magallakdyr tamakiniň imany, Niçe serpaý egin-başy gerekmez (Zynhary). MAGALLAKLAMA [mağallaklama],iş ady. Magallaklamak ýagdaýy. MAGALLAKLAMAK [mağallaklamak],işl. Beýleki zatlardan ýokarda seleňläp görünmek, galgamak, belentde saýlanyp durmak.Gadym bir döwürde bag-bakjasyz ýalazy meýdanda oturan şu obanyň ortarasynda haýbatly beýik gala magallaklaýardy (A. Gowşudow). Çakym çak bolsa, ortarada magallaklap görünýän jaý mekdep bolmaly (R. Gelenow). MAGALLAKLAŞMAK [mağallaklaşmak],işl. Köp sanly beýik zatlar bilelikde magallaklamak. Onuň uka meýil eden gözüniň öňünde Köpetdagyň beýik gaýalary magallaklaşýardy (A. Gowşudow). MAGALLAKLAÝYŞ [mağallaklaýýş],iş ady. Magallaklamak ýagdaýy. MAGARYF [mağa:ryf], at. Aň-bilim berijilik, aň-bilim. Birinji sentýabrda-da mekdebiň dabaraly açylyşy boldy. Oňa raýondan, Aşgabatdan magaryf ugrunyň wekilleri geldi (Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet guşy). MAGARYFÇY [mağa:ryfçy],at, kön.s. Magaryf işgäri, bilim işgäri. MAGAT [mağat],at. Anyk, açyk, äşgär. MAGDAN [mağda:n],at,geol. Düzüminde metallar, metallara meňzeş minerallar bar bolan gazylyp alynýan tebigy çig mal. Magdan kärhanalary. 76 MAGDANÇY [mağda:nçy], at. Magdan işleri bilen meşgul bolýan işçi, magdan senagatynyň hünärmeni. Salam saňa, işçi naharhanasy, Magdançylaň duz-tagamyn dadaly (B. Hudaýnazarow). MAGDANÇYLYK [mağda:nçylyk],at. 1. Magdan senagaty. 2. Magdan işleri bilen meşgullyk. MAGLUM [mağlu:m],syp., ser. Mälim. Meňzeýir sen uny giden sanaja, Mojuklygyň maglum boldy Halaja (Zynhary). MAGLUMAT [mağlu:ma:t],at. 1. Bir zat hakynda berilýän habar. 2. Bir iş hakynda toplanan sanlar, deliller, tutaryk. Ol gerekli maglumatlary tapmak ugrunda meşguldy (A. Gowşudow). MAGLUMATLY [mağlu:ma:tly],syp. 1. Bir zat, iş hakynda habary bar bolan, habarly, habardar. 2. Bir iş hakynda elinde ýeterlik delilleri bar bolan. 3.göç. m., gepl.d. Aň-düşünjeli, bilimli, köp zatdan habarly. Ol her bir zatdan maglumatly adam. MAGLUMATNAMA [mağlu:ma:tna:ma],at. Belli hakyky maglumatlar ýazylýan sanaw. Töleg maglumatnamasy. MAGLUMATSYZ [mağlu:ma:ssyz],syp. 1. Hiç zatdan habarsyz, habar eşitmedik. 2. Hiç hili ýeterlik delili, subutnamasy bolmadyk. MAGNIT [mağni:t], at. Käbir demir we polat zatlary özüne çekýän we özünden itekleýän jisim. Magnit meýdany fiz. magnitiň ýa-da elektrik togunyň töwereginde özüniň täsirini jisime ýetirip bilerlik ýagdaýda döreýän giňişlik. Eger simden elektrik togy geçýän bolsa, onda simiň töwereginde magnit meýdany döreýär. Magnit ýaly göç.m. özüne çekiji. MAGNITLEMEK [magni:tlemek], işl. Bir jisime magnitiň häsiýetini bermek. Demri magnitlemek. MAGNITOFON [magnitafo:n], at. Elektromagnit usuly bilen sesi ýazmak we eşitdirmek üçin ýörite gural, enjam. MAGNIÝ [ma:ğniý], at. Ak ýalynly lowlap ýanýan kümüşsöw-ak reňkli ýumşak hem ýeňil metal, himiki element. MAGRAÇ [mağra:ç], at, k.d. Gök,asman. Luw ýyly an hazret Magraja çykdy, Ol Semadan arslan ýüzügin aldy ( Nejep oglan ). MAGRUP [mağru:p], syp. Meşhur, belli. MAGRUPLYK [mağru:pluk], at. Meşhurlyk, bellilik. Dostlar, dört gözeliň waspyn sözlesem, Dördüsi-de magruplykda bellidir (Şabende). MAGRUR [mağru:r], syp., k.d. 1.Tekepbir, ulumsy. Magrur olup, gezme ömrüň gülüne, Saralar sen bir gün hazan ýeline (Magtymguly). 2. Aldanan. Magrur olma pany dünýä, Gezekli nobata meňzär (Magtymguly). MAGRYP [mağry:p], at, kön.s. Günbatar, Günüň ýaşýan, eňýän tarapy, aşak tarap. Onuň husnunyň owazasy Kapdan Kaba, Magrypdan Maşryga, asmandan Zemine ýetişip, älem-jahana doldy ( Zöhre – Tahyr ). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling