Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet140/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   136   137   138   139   140   141   142   143   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LÖKGE [lökgö], at, gepl.d.Ýeňil maşyn. 
LÖKGEBAÝ [lökgövo:ý], at, gepl.d.Ýeňil 
maşyn, lökge.Çapak-çapak noguly, Seçip gidiň, ýar-
ýar. Lögkebaýa mündürip, Geçip gidiň, ýar-ýar 
(

Türkmen halk döredijiligi

). 
LÖKÜDIKLEME [löküdüklömö], iş ady. 
Löküdiklemek ýagdaýy. 
LÖKÜDIKLEMEK 
[löküdüklömök], 
işl. 
Löküdik-löküdik edip ýöremek, uly göwresini 
tagaşyksyz 
hem-de 
gelşiksiz 
hereketlendirip 
ýöremek, ylgaşlamak. 
LÖKÜDIKLEŞMEK [löküdüklöşmök], işl. Köp 
bolup, bilelikde löküdiklemek. Adamlar löküdikleşip, 
yzdan barýardylar. 
LÖKÜDIKLETMEK 
[löküdüklötmök], 
işl. 
Löküdik-löküdik edip ýöremäge ýol bermek, 
mümkinçilik döretmek. 
LÖKÜDIK-LÖKÜDIK 
[löküdük-löküdük]: 
löküdik-löküdik etmek ser. Löküdiklemek. 
LÖŇK-LÖŇK: löňk-löňk etmek ser. Loňk-
loňk. Löňk-löňk edip barmak. 
LÖŇKÜLDEME 
[löňküllömö], 
iş 
ady. 
Löňküldemek ýagdaýy. 
LÖŇKÜLDEMEK [löňküllömök], işl., ser. 
Loňkuldamak. Düýe gözleýän ýaly bolup, ol 
löňküldäp gelýän kim? (

Garagum

). 
LÖŇKÜLDEŞMEK [löňküllöşmök], işl. Köp 
bolup, bilelikde löňküldemek. 
LÖŇKÜLDETMEK [löňküllötmök], işl. Birini 
löňküldäp ýörär ýaly etmek. 
LÖŇKÜLDEÝIŞ 
[löňküllöýüş], 
iş 
ady. 
Löňküldemek ýagdaýy. 
LÖŇKÜLDI [löňküllü], at, ser. Loňkuldy. 
LÖP-LÖP: löp-löp etmek agyr ýöremek, 
tagaşyksyz ýöremek, aýagyny göterip bilmeýän ýaly 
haýal ýöremek. Ol iki ýana ýaýkanyp, löp-löp edip 
gelýärdi. 
LÖT, at. Üzümiň, käşiriň, almanyň we ş.m.suwy 
alnandan soň golýan galyndy.  
LUH I, syp.Çendenaşa serhoş. Ol luh bolup ýatyr. 
LUH II, at, ösüml.d.Ýekeniň başy, ýeken 
ösümliginiň 
ortasyndaky 
göni 
gamyşpisint 
çybygynyň başynda emele gelýän 20-25 sm 
uzynlykdaky ujy, tohumy.
LUKMA [lukmo], at. Bir agyz, bir ýuwdum, bir 
bölek, döwüm, tike (tagam, çörek). Hemra diýer, 
gaýnap ýüregim joşmaz, Ataşy bolmasa, lukmasy 
bişmez (

Saýatly – Hemra

). Halal lukma ýagtylyk 
biýr gözlere (Magtymguly). 
LUKMAN [lukma:n], at. 1.  Adamlaryň keselini 
bejerýän ýokary bilimli hünärmen, hekim. 2. Ady 
rowaýata öwrülen gadymy bilimdar tebip, hekim. 
Tapsam, başym gurban bolsun mertlere, Lukman çäre 
tapsyn gelen dertlere (Magtymguly). 3göç.m. Bir işe 
suwara, ussat, hötde gelip bilýän adam, başaryp 
bilýän adam. Onda näme üçin: 

Bu traktoryň 
lukmany mendirin

diýdiň? (N. Pomma).
Maşgala lukmany işleýän saglyk öýüniň 
ýerleşýän ýerinde öz adyna bellenen öýlerde ýaşaýan 
adamlara hyzmat edýän lukman. 


74 
LUKMANÇYLYK [lukma:nçylyk], at. 1
Lukmanyň kesp-käri. Ol obada lukmançylyk edýär2
Adamyň saglygyny gorap saklamaga we berkitmäge, 
onuň ýaşyny uzaltmaga hem-de keselleriň öňüni 
almaga we olary bejermäge gönükdirilen ylymlar 
hem-de amaly işler ulgamy, medisina. Lukmançylyk 
hünärinde meni onuň aýratynlygy gyzyklandyrdy 
(Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga 
guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr).  
LUMMURDAMA [lummurdomo], iş ady. 
Lummurdamak ýagdaýy. 
LUMMURDAMAK [lummurdomok], işl. 1. 
Lummur-lummur edip sesli esremek (erkek hakynda). 
Ýatakdaky erkek lummurdap başlady. 2.göç.m. 
Lummur-lummur seslenmek, lummurdyly ses 
çykarmak; lokurdamak (suw, suw çilimi hakynda). 
Başy serpinjekli mähnet çilim elden-ele gezdi, yzly-
yzyna lummurdap seslendi (B. Kerbabaýew).
LUMMURDAŞMAK [lummurdoşmok], işl. Köp 
erkek bilelikde lummurdap esremek. Erkekdir inerler 
lummurdaşyp, guýruklaryny çyrpýardy. 
LUMMURDATMAK [lummurdotmok], işl. 1. 
Lummurdyly esretmek. Ol inerini lummurdadyp 
geçip gitdi. 2. Lokurdatmak, lummur-lummur etdirip 
ses çykartmak, lummurdyly seslendirmek (suwuklyk 
hakynda). 
LUMMURDY, at. Erkek, iner esrände, suw gaty 
akanda we ş.m. çykýan sesiň ady. Ýer bilen gök 
arasynda 
ýeke 
burunnygym 
bardy, 
onuň 
lummurdysyna guwanýardym (B. Kerbabaýew).
LUMMUR-LUMMUR: 
lummur-lummur 
etmek dowamly lummurdyly ses çykarmak. 
LUTF: lutf etmek (eýlemek) ýagşylyk etmek; 
kömek etmek; rehim etmek. Dessury-zaman budur, 
mazlumlara lutf etgil (Magtymguly).
LUW, at, ser. Balyk.
Luw ýyly müçe hasaby boýunça bäşinji ýylyň 
ady. Altmyş ýaşda nowruz güni luw ýyly, Turdy ajal, 
ýolun tutdy atamyň (Magtymguly). 
LÜKGE [lükgö], at, gepl.d. 1. Topbak, tutuş, 
lomaý. Toý üçin ýaglygy lükgesi bilen satyn aldym. 2. 
ser. Lökge. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   136   137   138   139   140   141   142   143   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling