Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- LOKGALAMA [lokgolomo], iş ady. Lokgalamak ýagdaýy. LOKGALAMAK
- LOKGALATMAK
- LOKGULDAMA [lokgullomo], iş ady. Lokguldamak ýagdaýy. LOKGULDAMAK
- LOKGULDAŞMAK [lokgulloşmok], işl .Bilelikde, köp bolup lokguldap gülmek. LOKGULDAÝYŞ
- LOKGY -LOKGY
- LOKURDAÝYŞ [lokurdoýuş], iş ady. Lokurdamak ýagdaýy. LOKURDY
- LOMAÝ
- LOŇK-LOŇK
- LOŇKULDAMA [loňkullomo], iş ady. Loňkuldamak ýagdaýy. LOŇKULDAMAK
- LOŇKULDAŞMAK
LOKGA [lokgo], syp. 1. Bir tutuş bölek, tokga,
togalak. Lokga palçyk. 2. göç. m. Etli-ganly, semiz, doly, dolmaç. Ol orta boýly, inedördül, ullakan kellesi iki egniniň üstüne boýunsyz berkidilen ýaly lokga adamdy ( Garagum ). LOKGALAMA [lokgolomo], iş ady. Lokgalamak ýagdaýy. LOKGALAMAK [lokgolomok], işl.Lokga-lokga etmek, bölüşdirip lokga etmek, tokga-tokga etmek, tokgalamak. LOKGALANMAK [lokgolonmok], işl. Lokga tutmak, tokgalanmak. LOKGALAŞMAK [lokgoloşmok], işl.Lokgalamaga kömekleşmek, tokgalaşmak. Logala lokgalaşmak. LOKGALATMAK [lokgolotmok], işl. Lokga- lokga etdirmek, tokgalatmak. Düýä bermek üçin logala lokgalatmak. LOKGALAÝYŞ [lokgoloýuş], iş ady. Lokgalamak ýagdaýy. LOKGA-LOKGA [lokgo-lokgo], syp. Birnäçe lokgalara bölünen, lokga tutan, tokga-tokga (köp zat hakynda). Ýaýmak üçin lokga-lokga hamyr bölünip goýuldy. LOKGULDAMA [lokgullomo], iş ady. Lokguldamak ýagdaýy. LOKGULDAMAK [lokgullomok], işl. Lok-lok edip gülmek, ýogyn ses bilen gaty gülmek. Hatda onuň diňe bir sözüne däl, hereketine çenli üns berýän başlyk ýogyn ses bilen lokguldap güldi (B. Kerbabaýew). LOKGULDAŞMAK [lokgulloşmok], işl.Bilelikde, köp bolup lokguldap gülmek. LOKGULDAÝYŞ [lokgulloýuş], iş ady. Lokguldamak ýagdaýy. LOKGULDY [lokgully], at. Lok-lok edip gülnende çykýan sesiň ady. LOK-LOK, s.ş.aňl.söz. Ýogyn sesli gülnende çykýan sesler (ser. Loh-loh). – Arman, saçyň irräk çalarypdyr-da – diýip, aýalyna degdi-de, lok-lok edip güldi ( Garagum ). LOKGY-LOKGY [lokgu-lokgy], at,gepl.d., ser. Nokgy-nokgy. Goýsana sen beri lokgy-lokgyňy, Gömül ýeriňe, az et hykgy-pykgyňy (A. Kekilow). LOKURDAMA [lokurdomo], iş ady. Lokurdamak ýagdaýy. LOKURDAMAK [lokurdomok], işl.Lokur-lokur edip ses çykarmak, lokurdyly seslenmek. Tokurtga lokurdap suw gidýärdi. LOKURDATMAK [lokurdotmok], işl.Lokur- lokur etdirmek, özüňe sorup, lokurdyly ses çykarmak. Ullakan çilim elden-ele geçýär, her kim öz gezeginde lokurdadyp sorýar (A. Gowşudow). LOKURDAÝYŞ [lokurdoýuş], iş ady. Lokurdamak ýagdaýy. LOKURDY, at. Suw tokurtga ýa-da bir hine, deşige we ş.m. gidende çykýan sesiň ady. LOKUR-LOKUR, s. ş. aňl. söz. Suw güýçli akyp, tokurtga, deşige ýa-da hine gidende çykýan sesler. LOM [lo:m], at. Ýer işlerinde ýeri gazmak, daş goparmak we ş. m. üçin ullakan taýak ýaly ujy çiş demir. Ýabyň düýbüniň buzuny lom bilen döwýärler (B. Seýtäkow). LOMAÝ [lomoý], syp.Köp sanda, köp mukdarda, tutuş, tutuşlaýyn, durşuna. Lomaý söwda etmek. LOMAÝLYGYNA [lomoýluğno], hal. Lomaý görnüşde, tutuşlygyna, bitewüligine, tutuşlaýyn. Lomaýlygyna söwda etmek. LOŇK: loňk etmek duran ýeriňden başga ýere ýeňil towusmak, bir ýerden ikinji ýere bökmek (guş hakynda). Ol loňk edip eýläme geçdi, beýläme geçdi, iň soňunda meni ölüdir hasap etdi (B. Kerbabaýew). LOŇK-LOŇK, s. ş. aňl. söz. Maýdalyňa ylganyňda ýa-da bökübräk gaty ýöräniňde emele gelýän hereketiň şekili. ◊ Loňk-loňk etmekser. Loňkuldamak. Ilki ýüzüni sallap, soň loňk-loňk edip, hojaýynyň alnynda dikilgazyk boldy (A. Nazarow). LOŇKUDYK-LOŇKUDYK [loňkuduk- loňkuduk], s.ş.aňl.söz. Eşegiň yzygiderli loňkuldap ýöreýşiniň bir görnüşi. LOŇKULDAMA [loňkullomo], iş ady. Loňkuldamak ýagdaýy. LOŇKULDAMAK [loňkullomok], işl. 1. Loňk- loňk edip maýdalyňa ylgamak ýa-da bökübräk gaty ýöremek, loňkudyk-loňkudyk edip gitmek. Bir gezek eline çekijini alyp, bir gezek gysajyny alyp, körügi bilen sandalynyň arasynda iki ýana loňkuldap ugrady (A. Gowşudow). 2. Arabanyň ýa-da haýsy hem bolsa bir ulagyň üstünde aşak-ýokary galyp, loňk-loňk edip oturmak. Onuň göwnüne ol köp wagt bäri arabanyň üstünde loňkuldap gelýän ýalydy. 3. göç. m. Biriniň öňünden ylgamak, biriniň göwnünden turjak bolup çalyşmak, ýaranjaňlyk etmek. Nogtaňy haýsy ýana silksem, senem şol tarapa loňkuldap gidersiň (N. Pomma). LOŇKULDAŞMAK [loňkulloşmok], işl. Köp bolup, bilelikde loňkuldamak. Daýaw ýabylar bir sydyrgyn loňkuldaşyp barýardylar (B. Gulow). LOŇKULDATMAK [loňkullotmok], işl.Loňkuldyly sürmek, loňk-loňk etdirip ýöretmek. Töweregine höwes bilen garap, agta ýabysyny loňkuldadyp barýardy (G. Kulyýew). LOŇKULDAÝYŞ [loňkulloýuş], iş ady. Loňkuldamak ýagdaýy. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling