Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet153/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   149   150   151   152   153   154   155   156   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MAŞGALALYLYK 
[maşğalalylyk], 
at. 
Maşgalasy barlyk, maşgalaly bolmaklyk (ser. 
Maşgala: 1 we 2 manylary boýunça).
MAŞGALASYZ [maşğalasyz], syp. Maşgalasy 
ýok, maşgalaly däl (ser. Maşgala: 1 we 2 manylary 
boýunça).
MAŞGALASYZLYK 
[maşğalasyzlyk], 
at. 
Maşgalasyz ýagdaýda bolmaklyk, maşgalaly dällik, 
maşgalasy ýokluk. (ser. Maşgala: 1 we 2 manylary 
boýunça). 
MAŞK [maşyk], at. Açyk howada ýerine 
ýetirilýän beden hereketleri. 

Maşk etmek beden hereketlerini ýerine 
ýetirmek. 
MAŞRYK [maşyryk], at, kön.s. 1. Gündogar, 
ýokary tarap, garşylykly manyly antonimi: magryp. 
Magrypdan maşryga ýeten erenler, Aşyk magşugyna 
ýetişermikän? (

Saýatly – Hemra

). 2. Oglana 
dakylýan at. 
MAŞŞARMA, iş ady. Maşşarmak ýagdaýy. 
MAŞŞARMAK, işl., gepl.d. Agram düşüp 
ýepbeşmek, ýemşermek, maşşyk görnüşe geçmek.


83 
MAŞŞARMAKLYK, 
iş 
ady. 
Maşşarmak 
ýagdaýy. 
MAŞŞARTMAK, işl., gepl.d. Agram salyp, 
agramyňy 
atyp 
we 
ş.m. 
hereketler 
edip
ýemşertmek; aşak çökermek. Maşyn aşagynda galan 
tüňňüri maşşardypdyr. 
MAŞŞARYLMAK, 
işl., 
gepl.d., 
ser. 
Maşşarmak. Bedre maşynyň tigriniň aşagynda 
galdy-da maşşaryldy. 
MAŞŞARYŞ, iş ady. Maşşarmak ýagdaýy. 
MAŞŞYK, syp. Maşşaryp, ýemşerip duran, 
ýepbeşen. Maşşyk burunly adam. 
MAŞŞYKLYK, at. Maşşyk, ýemşik bolmaklyk, 
ýemşiklik. 
MAŞYN [maşy:n], at. 1. Bir peýdaly işi amala 
aşyrýan çylşyrymly mehanizm ýa-da mehanizmleriň 
jemi. Kir ýuwulýan maşyn. Gap ýuwulýan maşyn. 
Tikin maşyny. 2. gepl.d. Awtoulag. Uçaryň ýanyna 
her tarapyndan birnäçe maşyn gelip daýanýar 
(

Türkmenistan

). 
MAŞYNLY [maşy:nly], syp.,hal. 1Maşyny bar. 
Maşynly öz maşynyna mündi. 2. gepl.d. Maşyna 
münüp, maşyn bilen, awtoulagly. Ol Marydan 
maşynly gelipdir, otla münmändir.  
MAŞYNKA [maşy:nka], at. 1. Hat ýazmak üçin 
ulanylýan mehaniki gural. Maşynkada çap etmek. 2
Dellekçiniň saç bejeryän ýa-da syrýan guraly. 
Maşynka bilen saç syrmak
MAŞYNKAÇY [maşy:nkaçy], at. Maşynkada hat 
ýazýan adam.
MAT [ma:t]: mat bolmak 1) ölmek, ýok bolmak. 
Dostlarymyz şat bolsun, duşmanymyz mat bolsun 
(Alkyş-dileg). 2) intizar bolmak, gamly-gussaly 
bolmak. Magtymguly zar aglapdyr mat bolup, Kaýda 
watan tutduň, gardaş Abdylla (Magtymguly). 3) küşt 
oýnunda: utulmak, ýatmak. Mat etmek (eýlemek) 1) 
öldürmek, ýok etmek. Gamgyn bolma gözel şahym, 
şol duşmany mat eýlär men (

Görogly

). 2) küşt 
oýnunda: utmak, şasyny ýatyrmak.
MATA [mata:], at. Geýim-gejim üçin dokalan 
ýüň, ýüpek, nah önüm. Çäýnegiň bolsa her sapar 
içini-daşyny ýuwup, arassa mata bilen süpürmelidi 
(B. Seýtäkow). Onuň egninde ýüň matadan tikilen 
keltekçe, mahmal jiltge bardy (G. Kulyýew).
MATAL, at. Türkmen halk döredijiliginde 
manysyny pikirlenip tapmaly soragly tapmaça. 

Matal otarmak 1) matal aýdyşyp, manysyny 
pikirlenip tapmak. Hangulularyň öýlerine üýşerdik, 
erteki aýdyşardyk, matal otarardyk (N. Saryhanow). 
2) ýerliksiz zatlary aýdyp oturmak, bolar-bolmaz 
zady samramak, takal okamak, biderek gürrüň edip 
wagt geçirmek. Akmaýa, seniň söz urşuň matal 
otaran ýaly bir hili gümürtik (B. Kerbabaýew). 
MATALYK [mata:lyk], syp. Mata dokar ýaly, 
mata dokamak üçin gerekli. Matalyk ýüplükler. 
MATAM [ma:tam], at. Ölüm-ýitim bilen 
baglanyşykly gynançly, gussaly ýagdaý, ýas. Gandym 
awçynyň söýgüli agtygy Myradyň frontda dereksiz 
ýitendigi hakyndaky habar onuň maşgalasynyň ähli 
agzalaryny 
çuňňur 
matama 
batyrýar 
(A. 
Gowşudow). 

Matam tutmak (baglamak) ýasly bolmak, gara 
geýnip ýas baglamak, ýas tutmak. Matam tutup, gara 
geýnip, Urunma sen iki ýana (Ç. Aşyrow). 
MATA-MARLAK [mata:-marlak], at. ser. Mata
Girdeji paýlananda mata-marlak hem-de gök 
önümler ýetdi (A. Gowşudow). 
MATAMHANA [ma:tamha:na], at, k.d. Ölüm-
ýitimli, ýasly, matamly ýer, ýas tutulýan öý. Bu 
köňlüm 
takat 
bermez 
matamhana 
saraýda 
(Mollanepes). 
MATAMLY [ma:tamly], syp. Ölüm-ýitimli, 
ýasly; ýas, matam tutýan. Matamly ýagdaý. Matamly 
bolmak. 
MATAMSARAÝ [ma:tamsaraý], at, k. d., ser.
Matamhana. Bilerem, ezelden beýledir takdyr, Bu 
biwepa dünýe matamsaraýdyr (Andalyp). 
MATEMATIKA 
[matema:tika], 
at. 
1. 
Ululyklaryň, sanlaryň mukdar gatnaşygyny hem-de 
giňişlik görnüşlerini öwrenýän ylymlaryň jemi. 2. 
Orta, ýokary okuw mekdeplerinde okadylýan sapak, 
ders. 
MATEMATIKAÇY 
[matema:tikaçy], 
at. 
Matematikadan hünärmen. 
MATERIAL [matyrýa:l], at. Bir zat ýasamak 
üçin ulanylýan zatlar, çig mal. Gurluşyk materiallary
MATERIK [materi:k], at, geogr. Daş-töweregini 
deňiz we ummanlar ýuwýan uly gury ýer giňişligi.
MATERIÝA [mate:riýa], at, filos. Älem-jahanda 
bar bolan ähli zatlar, jisimler.
MATLAP, at, ser. Maksat. Aman aga sözümi 
böldi-de, öz matlabyny aýtdy (Jürdekow T. Ata 
arzuwyny amala aşyrýan Agtyk, 163 s.).  Ol näme 
üçin oglum? – diýip, onuň matlabyny düşünmezlige 
saldy (G. Kulyýew). 
MATLAPLY, syp., ser. Maksatly. 
MATLAPLYLYK, at, ser. Maksatlylyk. 
MATLAPSYZ, syp.,ser. Maksatsyz. 
MATLAPSYZLYK, at, ser. Maksatsyzlyk. 
MAW [ma:w], s.ş.aňl.söz. Pişigiň mawlaýan sesi. 
Pişik 

maw

 edip, çatmanyň agzyna geldi. 
MAWARMAK [ma:wormok], işl. Mawy reňke 
öwrülmek, mawy bolmak. Asman mawaryp başlady. 
Asmanyň bulut syrylan ýeri mawaryp görünýärdi. 
MAWARTMAK [ma:wortmok], işl. Mawy reňke 
öwürmek, mawy reňk çalmak. 
MAWARYŞ [ma:woruş], iş ady. Mawarmak 
ýagdaýy. 
Asmanyň 
kem-kemden 
mawaryşyny 
synlamak gyzyklydy. 
MAWLAMA [ma:wlomo], iş ady. Mawlamak 
ýagdaýy. 
MAWLAMAK [ma:wlomok], işl. 

Maw-maw

edip seslenmek (pişik hakynda). Pişik dogumlanýar, 
artýar hyýaly, Ol mawlap başlady, üýtgedi päli (P. 
Körpäýew). 
MAWLAMAKLYK [ma:wlomokluk], iş ady. 
Mawlamak ýagdaýy. 
MAWLAMAZLYK [ma:wlomozluk], iş ady.
Mawlap seslenmezlik. 


84 
MAWLAŞMAK [ma:wloşmok], işl. Ýerli-ýerden 
mawlamak, birnäçe bolup mawlamak. Pişikler 
mawlaşýardylar. 
MAWLATMAK [ma:wlotmok], işl. 

Maw-maw

etdirmek, 

maw-maw

etdirip gygyrtmak. Pişigi 
mynçgap mawladyp oturmasana! 
MAWLAÝYŞ [ma:wloýuş], iş ady. Mawlamak 
ýagdaýy. 
MAWUJA [ma:wujo], at. 1. Deňiz suwlaryndaky 
kükürt kislotasynyň käbir duzunyň ady. 2. Bejermek 
maksady bilen tene çalynýan ýasyl reňkli spirtli 
suwuklyk. 

Mawuja basylan ýaly bolmak bir zadyň güýçli 
täsirine çydaman, hereketi artmak. Edil mawuja 
basylan ýaly diriň-diriň bökdüribermezmi? (N. 
Pomma). 
MAWUMTYL [ma:wumtul], syp. Çala mawy 
owüsýän (reňk hakynda). Çala mawumtyl öwüsýän 
garamtyl gözleri enaýy oýnaýardy (B. Kerbabaýew). 
MAWUMTYLRAK 
[ma:wumtulura:k], 
syp. 
Mawumtyl reňke ýakynrak, mawumtyl öwüsýän. 
MAWUT [ma:wut], at. Syk dokalan, ýüz tarapy 
tüýjümek galyň ýüň ýa-da ýarym ýüň mata. Öýländen 
bäri elde tikilen küti mawut çäkmenini başyna büräp 
ýatan Seýdi çopan ukudan oýandy (B. Gurbanow). 
MAWY [ma:wy], syp. 1. Ýiti açyk gögümtil 
reňkli. Ak bulut, mawy asman, ýaşyl beýewan 
sazlaşýar (

Türkmenistan

). 2. Oglana dakylýan at. 

Mawy ýangyç ýangyç üçin ulanylýan tebigy 
gaz.
MAÝat. 1. Belli bir wagt aralygy, salym, pursat. 
Garaşyp oturmaga maý ýokdy. 2. Çeme, tagaşyk, 
maýaç. Ol iki ýana urnup, özüniň gollaryny giň 
germäge maý gözleýärdi (G. Kulyýew). 3. Amatly 
ýagdaý, mümkinçilik.

Maý almak pursat aramak, bat almak, 
çemelenmek. Garawul hem ogryn basyp, tamyň 
düýbüni syryp, aralykdan boýnuny uzatjak adamyny 
peýläp, bir ädim ara goýup maý aldy (A. 
Gowşudow). Maý bermezlik mümkinçilik bermän, 
öňüni 
böwetlemek, 
amatly 
ýagdaý, 
pursat 
döretmezlik.  Bahar oňa öwünmäge maý bermedi (A. 
Gowşudow). Maý tapmak çemesini, amatly 
ýagdaýyny, pursatyny tapmak, wagt taýdan amatyna 
salmak. Käýarym hem bilini ýazmaga maý tapdy (R. 
Gelenow). 
MAÝ [ma:ý], at. Milady senenamasy boýunça 
ýylyň bäşinji aýy. 
MAÝA [ma:ýa] I, at. 1. Bugradan gaýan, 
arwanadan bolan inen düýe. Kyrk ýyl maýa gezinçäň, 
bütin bir ýyl ner gezgin (Mollanepes). Bahar bolsa 
çarwadarlar çykarlar, Otlagynda ner-maýalar 
bakarlar (Misgingylyç). 2. 

Gyzym, köşegim

manysynda maýam görnüşinde aýdylýan söz. 3. Gyza 
dakylýan at. 

Maýa ýaly (dek) owadan, görmegeý, etli-ganly 
aýal maşgala. Orta ýaşly, gara saç, Salyhatly, 
mähirli, Maýa ýaly bir aýal (O. Täçnazarow). Maýa 
oty dermanlyk ösümlik. 
MAÝA [ma:ýa] II, at. Köpeltmek üçin goýulýan 
gor, tygşytlanan pul, emläk, baýlyk. 



Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   149   150   151   152   153   154   155   156   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling