Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet156/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   152   153   154   155   156   157   158   159   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MAÝŞARTMAK, işl. Aşak maýyşdyrmak, 
agram salyp ýegşertmek. Agyr ýük ony maýşartdy. 
MAÝŞARYLMAK, işl. Maýşyp ýegşerilmek. 
MAÝTYK, syp. Ýörände aýagyny süýräp alýan. 
Maýtyk goja. Maýtyk göle. 
MAÝTYKLAMAK, işl. Maýtyk-maýtyk edip 
ýöremek, ýörände aýagyny süýräp almak. Aýagyna ot 
basylan ýaly bolup, togalanyp galdy-da, işige garşy 
maýtyklap ugrady (H. Derýaýew). 
MAÝYL, syp. Sowuk däl, ýyly, mylaýym, aram 
(howa hakynda). Toý güni howa maýyl boldy. 
MAÝYL [ma:ýyl], hal. Birine ýa-da bir zada 
meýilli, biriniň ýa-da bir zadyň höwesinde bolan, 
höwesgäri bolan. Owaldan maýyldym bir ýagşy ada, 
Neýläýin, ýetmedim maksat-myrada (Zynhary). 
MAÝYLGANLYK [maýylğanlyk], at. Maýyl 
howa. Togsan dolup, daş-töweregi maýylganlyk 
gurşap aldy. Şähere gitjek bolsaň, maýylganlykda 
gitmeli ekeniň.  
MAÝYLLYK, at. Sowuk dällik, ýylylyk, 
mylaýymlyk, aram ýagdaýda bolmaklyk (howa 
hakynda). Howanyň maýyllygy meýdan işlerini 
ýenilleşdirdi. 
MAÝYLLYK [ma:ýyllyk], at. Birine ýa-da bir 
zada maýyl bolmaklyk, biriniň ýa-da bir zadyň ýesiri 
bolmaklyk.
MAÝYP [ma:ýyp], syp. Kesellilik ýa başga bir 
sebäpden synasyna zeper, şikes ýetip, işden-güýçden 
galan. Arap maýyp atynyň ýanyna geldi (

Görogly

). 
MAÝYPÇYLYK 
[ma:ýypçylyk], 
at, 
ser. 
Maýyplyk.


86 
MAÝYPLYK [ma:ýyplyk], at. Maýybyň hal-
ýagdaýy, işe ýarawsyzlyk, synasy şikeslilik.  Dursun 
iki bäsdeşden Garýagdyny saýlapdy, emma agyr 
ýara, maýyplyk Garýagdyny umytsyzlyga salýardy 
(H. Ysmaýylow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   152   153   154   155   156   157   158   159   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling