MAZALY [maza:ly] II, syp. Bir kemsiz, ýeterlik,
düýpli, doly. Mazaly pikir et. Irgözin ýatyp, mazaly
ukymy alypdyryn.
MAZALYJA [maza:lyja], at, ser. Mazaly.
Onsoňam Abadana gezek gelende mazalyja gürlegin
(T. Gurbanow).
MAZALYLYK [maza:lylyk], at. 1. Mazasy
barlyk, lezzetlilik, şypalylyk, sapalylyk, eşretlilik.
Howanyň mazalylygy onuň göwnüni göterýärdi.
2.Oňatlyk, gowulyk, asyllylyk, edep-ekramlylyk. 3.
Tagamlylyk, süýjülik.
MAZAM [ma:zam], at. Güjeňleme, magtama.
MAZAMLAMA
[ma:zamlama],
iş
ady.
Mazamlamak ýagdaýy. Sen ony mazamlama kemini
goýmadyň.
MAZAMLAMAK [ma:zamlamak], işl. Köplenç,
başga kişide bolman, özünde bar zady taryplamak,
öwüp arşa çykarmak arkaly güjeňlemek. – Ýagşy gül,
ýagşy gül – diýip, güllerini mazamlaýar (N. Pomma).
MAZAMLANMAK
[ma:zamlanmak],
işl.
Köplenç, başga kişide bolman, özüňde bar zat
taryplanmak, öwlüp arşa çykarylmak arkaly
güjeňlenmek.
MAZAMLAŞMAK
[ma:zamlaşmak],
işl.
Birnäçe bolup ýerli-ýerden mazamlamak.
MAZAMLATMAK [ma:zamlatmak], işl. Bir
zady birine öwdürmek, taryp etdirmek.
MAZAR [maza:r], at. Ýogalan adamyň jesedi
jaýlanan ýer; gubur, gonam. Biz mazardaky bu
ýazgyny gaýta-gaýta okadyk (A. Nazarow).
MAZARÇYLYK [maza:rçylyk], at. Ölen
adamlaryň jesetleri jaýlanýan ýer; gonamçylyk,
öwlüýä. Ol yzlar mazarçylygyň içi bilen dolanyp,
obanyň demirgazyk çetindäki uly köçä baryp girdi
(A. Gowşudow).
MAZARLYK [maza:rlyk]. at, ser. Mazarçylyk.
Do'stlaringiz bilan baham: |