Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MEKANSYZ [meka:nsyz], syp. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet161/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   157   158   159   160   161   162   163   164   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MEKANSYZ [meka:nsyz], syp. 1. Mekany, 
ýaşaýan ýeri, ýurdy bolmadyk. 2.göç.m. Ugursyz, 
biderek. 
MEKDEP, at. 1. Ýaş nesillere hat-sowat 
öwredýän, umumy bilim we terbiýe berýän okuw 
jaýy, sowat berilýän ýer, şonuň ýaly-da onuň binasy. 
2. göç.m. Durmuşy wakalary öwrenmek netijesinde 
gazanylan endik, başarnyk, tejribe; görelde alarlyk 
nusga. Gurluşyk ýaşlar üçin uly synag mekdebi boldy. 
3. Kesp, kär, hünär öwrenilýän ýörite okuw jaýy. 
Sazçylyk mekdebi. Çeperçilik mekdebi. 
MEKDEPDEŞ, at. Bile bir mekdepde okaýanlar 
ýa-da okanlar, bir mekdepden bolan. Ol meniň 
mekdepdeş ýoldaşym. 
MEKEJIN, at. Ýabany ene doňuz, doňzuň 
urkaçysy. Bir güýçli duşmana duşsa mekejin, 
Jojugyny gizlemeýen bolarmy? (Magtymguly). 
MEKGE I, at, 1. gepl.d., ser. Mekgejöwen. Bu 
ýyl, şükür, gowaçalaryň hem mekgäniň rejesi oňat (T. 
Gurbanow). 2. Musulmanlaryň zyýarata gidýän 
şäheriniň ady. 3. Oglana dakylýan at. 
MEKGE II: mekgesine münmek biriniň 
yzyndan kowalamak, söbügini sydyrdyp kowalamak, 
ökjesine münmek. Men ogurlyk edeniň mekgesine 
mündüm. 
MEKGEJÖWEN [mekgejöwön], at. 1. Däneli 
ekinler maşgalasyna girýän, ýognas uzyn çiňrikli, bir 
ýyllyk medeni, däneli ösümlik; mekge. 2. Şol 
ösümligiň sary, togalak dänesi, hasyly.  
MEKGEJÖWENÇI 
[mekgejöwönçü], 
at. 
Mekgejöwen ösdürip ýetişdirýän, mekgejöwençilik 
boýunça hünärmen. 
MEKGEJÖWENÇILIK [mekgejöwönçülük], at. 
Oba hojalygynyň mekgejöwen ösdürip ýetişdirmeklik 
bilen meşgullanýan pudagy.
MEKGEJÖWENLIK [mekgejöwönlük], at. 
Mekgejöweniň köp ekilen ýeri, mekgejöwen 
meýdany. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   157   158   159   160   161   162   163   164   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling