Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MEKIR, syp. Hile gurýan, hilebaz, hilegär;  sapalakçy. MEKIRÇILIK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet162/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   158   159   160   161   162   163   164   165   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MEKIR, syp. Hile gurýan, hilebaz, hilegär; 
sapalakçy.
MEKIRÇILIK, at, ser. Mekirlik. 
MEKIRLEÇ, hal.Mekirlik bilen; mekirlerçe. 
Endigi boýunça elini maňlaýyna ýetirdi-de, başlyga 
mekirleç garady (

Garagum

). 
MEKIRLIK, at. Içi pikirlilik, köpbilmişlik, 
hilebazlyk, hilegärlik, mekirçilik, sapalakçylyk. Ýene-
de gaharyny bildirmän, mekirlik bilen Myrat aganyň 
içine-daşyna, geçip, ony razy etjek boldy (H. 
Derýaýew). 
MEKRU [mekiru:], at. Din, şerigat boýunça
rugsat edilmegi şeýle bir oňlanmaýan zat. 
MELAL [mela:l], at. 1. Gaýgy, gam, gussa, gam-
gussa, hasrat. Mejnun diýr, janymga düşdi köp melal, 
Jepbar kysmatymny hijran eýledi (Andalyp). 2. Şek, 
şübhe, müňkürlik, güman. Şonuň üçin onuň göwnüne 
melal getirmeli däl-de, oňa gop bermek gerek (B. 
Kerbabaýew). 
MELALSYZ [mela:lsyz], syp. Şek-şübhesiz, 
gümansyz, hiç hili göwne getirilmesiz. 
MELAMAT [mela:mat], at. 1. Töhmet, garalyk. 
Ýalandan melamat etmek Gybat eden dile meňzär 
(Zelili). 2. Garamat. 

Melamatyny atmak birine durmuşa çykmak; 
garamatyňy biriniň üstüne ýüklemek. Gýz maşgala 
diýeniň bir çene baransoň, melamatyny biriniň 
başyna atsa gowy bolar. 
MELAMAT [mela:mat], at. Töhmet, garamat, 
garalyk. Onuň melamaty biziň başymyza düşdi. 
MELAMATLY [mela:matly], syp. Töhmetli, 
garamatly, garalykly. Bize melamatly gürrüň gerek 
däl. 


89 
MELAMATSYZ [mela:massyz], syp. Töhmetsiz, 
garamatsyz, garalygy bolmadyk. Näme-de bolsa 
melamatsyz bolsun. 
MELAÝYK [mela:ýyk], at, k.d. Perişdeler, 
melekler. Hüýr periler, melaýyklar, Uzlar daş galdy, 
daş galdy (

Saýatly – Hemra

). Melaýyk suratly 
mähriban babam, Kaýsy pasly-nowbahardan bolar 
sen? (

Kasym oglan

).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   158   159   160   161   162   163   164   165   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling