Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet170/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   166   167   168   169   170   171   172   173   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Mesgeden ýugrulan örän mylaýym, ýumşak 
häsiýetli. Ol bir mesgeden ýugrulan süňksüz ýigitdir: 
MESGEN [mesğen], at. 1. Oturymly ýaşalýan 
ýer, ýurt, mekan. Möwlam, ýetir mesgenime, 
ýurduma, Ýüzüm düşsün arslanyma, gurduma 
(Magtymguly). 2. Bir zadyň dörän, köp bolýan, 
ýaşaýan, ösýän ýeri, ýurdy. Ol topraklar inçe süýümli 
pagtanyň mesgenidir. 

Mesgen tutmak bir ýerde oturymly ýaşamak, 
özüňe ýurt edinmek.
MESGENLI [mesğenli], at. Belli bir mesgeni
mekany bar bolan, ýerli-ýurtly. 
MESGENLILIK [mesğenlilik], at. Mekanlylyk, 
ýerli-ýurtlulyk. 
MESGEN-MEKAN 
[mesğen-meka:n], 
at
Ýer-ýurt,mekan, mesgen, ýurt, ýer. Bu toprak biziň 
ata-babadan gelýän mesgen-mekanymyzdyr. 
MESGEN-MEKANSYZ [mesğen-meka:nsyz], 
syp., ser. Mesgensiz. 
MESGENSIZ [mesğensiz], syp. Belli bir 
mesgeni, mekany bolmadyk, ýersiz-ýurtsuz. 
MESGENSIZLIK [mesğensizlik], at. Belli bir 
mesgeni, mekany, ýer-ýurdy ýokluk. 
MESI, at. Ýumşak we ýuka gaýyşdan (mişiden) 
ädik görnüşli, ökjesiz tikilýän we galoş bilen geýilýän 
aýakgap. Ol mele mesisini taýly gezek sypalaşdyryp, 
köwüşlerini golaýyna getirip goýdy (B. Seýtäkow). 
MESIKMEK, işl., ser. Meselmek. Amyderýa 
mesigen deý mysaly, Şaglaýar, ses edýär, uly heň 
gurýar (R. Seýidow). 
MESILIKsyp. Mesi tikmek üçin ýaramly, mesi 
tikmäge niýetlenen. 
MESIRGEME[mesirğeme],iş ady. Mesirgemek 
ýagdaýy. 


93 
MESIRGEMEK [mesirğemek], işl. 1. Meslik 
etmek, mes bolmak. 2. Joşup, köpelip, suwy artyp 
başlamak. Bu günler Amyderýanyň mesirgäp joşýan 
möwsümidi (

Mugallymlar gazeti

). 3. göç.m. Joş 
almak, möwç almak, joşmak. Agzyndan köpük saçyp, 
mesirgän iner ýaly esredi (B. Kerbabaýew). 
MESIRGEMEKLIK [mesirğemeklik], iş ady. 
Mesirgemek ýagdaýy. 
MESIRGEŞMEK [mesirğeşmek], işl. Birnäçe 
bolup mesirgemek. 
MESIRGETMEK 
[mesirğetmek], 
işl. 
Mesirgemegine 
ýol 
bermek, 
mesirgemäge 
mümkinçilik 
döretmek. 
Oňat 
durmuş 
ony 
mesirgedipdir. 
MESIRGEÝIŞ [mesirğeýiş], iş ady. Mesirgemek 
ýagdaýy. 
MESLEK, at, kön.s. Bir pikire,ugra, akyma bolan 
ynam, garaýyş. 
MESLEKDEŞ,at, kön.s. Bir pikire, ugra,akyma 
birmeňzeş garaýyşda bolan, pikirdeş. 
MESLIK, at. 1. Maddy taýdan gurplulyk, 
ykdysady taýdan üpjünlik, barlylyk; dokluk, gün-
güzerany gaty gurgunlyk. Bedasyl götermez bäş gün 
mesligi (Magtymguly).Ýolagçylaryň biri: – Mesligiň 
etdirýänidir-dä – diýdi (H. Derýaýew). Meslikden 
azaşýanlar az däl. 2. Şadyýanlyk, keýpiköklük, 
keýpiçaglyk. 3. Keýplilik, serhoşluk, göçgünlilik. 
Kimler mesliginden zowlatdy heňe (N. Pomma). 4
Guratlyk, sagdynlyk, daýawlyk.Meslikden jylaw 
çeýnäp ýüwrük at, Basan ýerin köwläp, gumdan ýol 
açýar (N. Pomma). 5. gepl.d. Saglyk, saglyk-
amanlyk, gurgunçylyk. Il-gün meslikmidir? 

Meslige çydap bilmezlik ser. Mesligi göterip 
(göterinip) bilmezlik. Mesligine çydap bilmän, 
kükräp başlady. Mesligi göterip (göterinip) 
bilmezlik gurplulyga, barlylyga çydam edip, asuda 
ýaşap bilmezlik, bir bolşuňy saklap bilmän, 
göterinmän azmak. Diýmäýin diýsem, il içinde 
azgynlar köp, mesligi göterinip bilenoklar (B. 
Kerbabaýew). 
MESNEWI [mesnöwü], at, edeb. 1. Özara 
kapyýalaşýan iki setirli beýtlerden düzülen şygyr 
žanry. 
MESSAN [messa:n], hal. Saýhally hem haýbatly. 
Özi bir dana gözel, sallanyp messan gezer, Waspyňny 
illerge aýtsam, haýsy aşyklar ýazar (Gaýyby). 
Basyşyň messan, messan...(G. Seýitliýew).
MESSEP, at. 1.serMezhebHany seň messebiň, 
hany seň diniň, Masgaralaýar bolşuň il, Amangeldi 
(Baýly şahyr). 2. Lebiz, ygrar, äht.
MESSEPLI, syp. Lebizli, ygrarly, ähtinde 
tapylýan, messebi bar. Adam diýeniň messepli bolsa 
ýagşy. 
MESSEPLILIK, at. Lebizlilik, ygrarlylyk, 
ähtinde tapylyjylyk, messebi barlyk. 
MESSEPSIZ, syp. Lebizsiz, ygrarsyz, ähtinde 
tapylmaýan, messebi ýok. 
MESSEPSIZLIK, at. Lebizsizlik, ygrarsyzlyk, 
ähtinde tapylmazlyk, messebi ýokluk. Ol messepsizlik 
etdi. 
MESWÄK [meswä:k], at. Bir ujy gyýçak kertik-
kertik edilip, zeýtun, dagdan agajyndan boýy 15 sm 
çemesinde ýasalýan, diş synçgalýan taýajyk. 
MEŞGUL [meşğu:l], hal. Bir iş, bir zat bilen 
gümra bolýan, işli.  
MEŞGULLANMA [meşğu:llonmo], iş ady. Meş-
gullanmak ýagdaýy. 
MEŞGULLANMAK [meşğu:llonmok], işl. Bir iş 
ýa-da bir zat bilen meşgul bolmak. Biz sport bilen 
meşgullanýarys. 
MEŞGULLANMAZLYK [meşğu:llonmozluk], 
iş ady. Bir iş ýa-da bir zat bilen meşgul bolmazlyk. 
Köpden 
bäri 
lukmançylyk 
bilen 
meşgullanmaýandygyma garamazdan, häzirkizaman 
lukmançylygyndaky 
özgerişlikler, 
medisina 
tehnologiýalary bilen tanşyp durmagy dowam 
etdirýärin 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, 
Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek 
bagtdyr). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   166   167   168   169   170   171   172   173   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling