Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet178/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   174   175   176   177   178   179   180   181   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MÄHREM, syp. 1. ser. Mähriban. Mährem ene. 
2.Ýakyn, golaý; syrdaş, dost. Kitap aňly-düşünjeli 
adamyň iň mährem ýoldaşydyr. 3. Oglana dakylýan 
at. 
MÄHREMLEŞDIRMEK, 
işl. 
Mähirli 
gatnaşygy ýola goýmak.
MÄHREMLIK, at. Ezizlik, mähribanlyk; 
syrdaşlyk, dostluk, mähirli ýakynlyk. Ondan özüme 
her dem mähremlik duýýaryn. 
MÄHREW [mähröw], at, ser. Mähir. Şol 
göreçde hiç bir mährew ýokdy (B. Kerbabaýew). 
MÄHRIBAN [mähriva:n], syp. 1. Mähirli, 
mylakatly, mährem. Gülendam hem mähriban, hem 
salykatly (

Görogly

). Parahatlyk söýýän iller 
mähriban (Aýdym). 2. Gadyrly, gadyrdan, söýgüli, 
eziz. 3. Gyza dakylýan at. 
MÄHRIBANLYK 
[mähriva:nlyk], 
at. 
1
Mähirlilik, mylakatlylyk, mähremlik. Öz adamlaryna 


96 
mähribanlyk bilen seretdi (B. Seýtäkow). 2
Gadyrlylyk, gadyrdanlyk, ezizlik.
MÄJUM 
[mä:ju:m], 
hal. 
Owradylyp, 
mynçgalanyp gatyşdyrylan, gatym-garym edilen, 
ezilen, ýugrulan. Mäjum edip ýumşadylan topraga 
daýhanyň seretdigiçe seredesi gelýär. 
MÄJUMLAMA 
[mä:ju:mlomo], 
iş 
ady. 
Mäjumlamak ýagdaýy. 
MÄJUMLAMAK [mä:ju:mlomok], işl. Mäjum 
etmek, mynçgap gatym-garym etmek, ýugurmak, 
garnuwy bilinmez ýaly etmek, garyşdyrmak. Onuň 
adatlanan elleri suw bilen uny sanly salymda 
mäjumlady-da, güýçli, çalasyn ýumrugy hamyryň 
eýini ýetirdi (B. Kerbabaýew).
MÄJUMLAMAKLYK [mä:ju:mlomokluk], iş 
ady. Mäjumlamak ýagdaýy. 
MÄJUMLANMAK [mä:ju:mlonmok], işl. Biri 
tarapyndan garym-gatym edilmek; mäjum bolamk, 
goşulyp-garylmak. Öňler bu ýerde suw bilen nebit 
mäjumlanyp ýatardy. 
MÄJUMLATMAK [mä:ju:mlotmok], işl. Birine 
garym-gatym 
etdirmek, 
mynjyratdyrmak, 
ownutdyrmak. 
MÄJUMLAÝYŞ 
[mä:ju:mloýuş], 
iş 
ady. 
Mäjumlamak ýagdaýy. 
MÄKÄM 
[mä:kä:m], 
hal. 
1. 
Durnukly, 
üýtgemeýän, tutanýerli. Onuň bilen ýüzbe-ýüz 
duraýmak üçin nähili berk ýürek, mäkäm ruh 
gerekdir (G. Kulyýew). 2. Pugta, berk, gaýym, jebis. 
Onuň duran ýeri örän mäkämdi. Meniň aýdanlarymy 
mäkäm ýadyňda sakla. 
MÄKÄMLEME 
[mä:kä:mleme], 
iş 
ady. 
Mäkämlemek ýagdaýy. 
MÄKÄMLEMEK [mä:kä:mlemek], işl. 1. 
Mäkäm 
etmek, 
gaýym 
etmek, 
pugtalamak, 
berklemek, bir zady bir ýere berkitmek. Dalbarlyk 
üçin diken pürslerimizi mäkämledik. 2. Pugta, 
gymyldamaz ýaly jebis ýapmak, berklemek, açylmaz 
ýaly baglamak. Derwezeban derwezäni mäkämlejek 
wagty menem urup, gala girdim (A. Gowşudow). 3. 
göç.m. Bir zady ýadyňdan çykmaz, unutmaz ýaly 
etmek, pugta tabşyrmak, berk sargamak, berklemek. 
MÄKÄMLEMEKLIK [mä:kä:mlemeklik], iş 
ady. Mäkämlemek ýagdaýy. 
MÄKÄMLEMEZLIK [mä:kä:mlemezlik], iş 
ady. Mäkäm etmezlik. 
MÄKÄMLENMEK [mä:kä:mlenmek], işl. Biri 
tarapyndan mäkäm ýagdaýa getirilmek, berklenmek. 
Derwezeler mäkämlendi. 
MÄKÄMLEŞDIRMEK 
[mä:kä:mleşdirmek], 
işl. Barysyny, ählisini mäkämläp ýapyşdyrmak, 
berkleşdirmek, berkläp çykmak. 
MÄKÄMLEŞMEK [mä:kä:mleşmek], işl. 1. 
Mäkäm 
ýagdaýa 
getirişmek, 
berklemäge 
kömekleşmek. Derwezäni mäkämleşmek. 2. Dura-
bara 
berkişmek, 
pugta 
bolup 
başlamak, 
sagdynlaşmak. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti gün-günden 
ösýär we mäkämleşýär. 
MÄKÄMLETMEK [mä:kä:mletmek], işl. Birine 
bir zady mäkäm etdirmek, berk baglatmak, berk durar 
ýaly etdirmek. 
MÄKÄMLEÝIŞ 
[mä:kä:mleýiş], 
iş 
ady. 
Mäkämlemek ýagdaýy. 
MÄKÄMLIK [mä:kä:mlik], at. Pugtalyk, 
berklik, gaýymlyk.
MÄKI [mä:ki], at, dokm. 1. Erşiň arasyndan 
argaç geçirmek üçin ulanylýan, iki ujy süýnmek, 
ortasy oýuk, içine naýça salynýan uly bolmadyk 
gural. Taranyň iki baka argaç geçirýän mäkisi 
bolmaly (B. Kerbabaýew). 2. Tikin maşynlarynda 
aşaky sapagyň ýerleşýän ýeri. Ussa tikin maşynynyň 
mäkisini çalşyrdy. 
MÄKIGÖL [mä:kiğö:l], at. Hala salynýan mäki 
görnüşli göl. 
MÄKIÝAN [mä:kiý a:n], at. Ýumurtga guzlaýan 
towuk, guş. Mäkiýan sülgün. Mäkiýan käkilik. 
MÄLEME [mä:leme], iş ady. Mälemek ýagdaýy. 
MÄLEMEK [mä:lemek], işl. 

Mä-ä

edip 
seslenmek (geçi, goýun hakynda). Haýwanam 
çagyrsaň, juda bolmasa mäleýändir, yňraljyraýandyr 
(B. Kerbabaýew). 
MÄLEMEKLIK 
[mä:lemeklik], 
iş 
ady. 
Mälemek ýagdaýy. 
MÄLEMEZLIK [mä:lemezlik], işl. 

Mä-ä

edip 
seslenmezlik, mäläp durmazlyk.
MÄLEÝIŞ [mä:leýiş], iş ady. Mälemek ýagdaýy. 
MÄLEMEZ [mä:lemez], at. Alty ýaşly goýun. 
MÄLEMEZLIK [mä:lemezlik], iş ady. Mälemek 
hereketini etmezlik, mälemez ýaly ýagdaýda bolmak. 
MÄLEŞMEK [mä:leşmek], işl. Birnäçe bolup 
ýerli-ýerden mälemek. Hoş howaly ýaýlalarda 
Mäleşýärler goýun-guzy (A. Kowusow). 
MÄLETMEK [mä:letmek], işl. Mälemäge
mejbur etmek. Goýny mäletmek. 
MÄLIM [mä:lim], at. Aýan bolup duran, aýdyň, 
äşgär, belli. 
MÄME [mä:me], at, gepl.d. Aýal maşgalalarda 
süýt mäzi; göwüs. Ak mämäňe çybyn gondy 
oglankaň, Ulalaňda, yzy mälim, Akmeňli (Halk 
aýdymyndan). On üç bilen on dört ýaşyň arasy, 
Tözlenip galyşar ýar, mämeleriň (Kemine). 
MÄMIŞI [mä:mişi], syp. Sarymtyl gyzyl reňk. 
Ünsüni başga ýana sowup, mämişiň ýerine sary çitip, 
göge derek ak sapyp oturanlar azmy näme? 
(

Edebiýat we sungat

). 
MÄREKE [mä:reke], at. Bir ýere köp toplanan, 
üýşen adamlar, jemende, mähelle. Toýçy märeke dym-
dyrs boldy (B. Kerbabaýew). 

Märeke gaýtarmak toýa gelen köp sanly 
adama hyzmat edip, toý sowmak. Toýda giden 
märekäni gaýtaraýmak aňsat zat däl. Märeke gören 
köpçüligiň arasynda köp bolup, köp zatlary öwrenen, 
oturylyşygyň we ş.m. abyny-tabyny bilýän. Duran 
ýigitler bu adamynyň ozal märeke gören şorta 
adamdygyny dessine tanadylar we degişme 
gürrüňlere başladylar (A. Gowşudow). 
MÄREKEÇI 
[mä:rekeçi], 
syp. 
Märekäni, 
adamlaryň oturylyşygyny gowy görýän, söýýän, oňa 
gatnaşýan adam, märekesöýer, märekeman. Ol 
märekeçi adamdy, köpçülik üýşen ýerde ol ýatlanýan 
adamdy. 


97 
MÄREKEÇIL [mä:rekeçil], ser. Märekeçi. 
MÄREKEMAN [mä:rekema:n], syp., gepl.d., ser. 
Märekeçi. Ol gaty märekeman adam eken. 
MÄREKESÖÝEN [mä:rekesöýön], syp., ser. 
Märekeçi. Çaňly şahyrçylyk we at seýisçilik edip, 
märekesöýen adam bolupdyr (

Aşyk Çaňly

). 
MÄREKESÖÝER 
[mä:rekesöýör], 
syp.,ser. 
Märekeçi. Märekesöýer Zybanyň göwni hemişe 
şagalaň-şugalaň, oýny, geň-enaýy zatlary isleýärdi
(Ý. Mämmediýew). 
MÄŞ [mä:ş], at. 1. Süýrüje ýaprakly, pessejik 
boýly kösükli ösümlik. Mäş ekilen atyzlar. 2. Şol 
ösümligiň togalajyk melemtil dänesi, hasyly. 3. ser. 
Mäşewe. Men mäş içip heziller edindim. 

 Mäşi bişişmezlik agzybirlikde ýaşamazlyk, sözi 
alyşmazlyk, oňuşmazlyk, jyny jyňkyryşmazlyk.Iň 
beteri-de, näme üçindir, garry awçynyň çagalar bilen 
mäşi bişişmeýärdi (B. Gurbanow). 
MÄŞBÜRÜNÇ [mä:şvürünç], syp. Ýaňy agaryp 
başlan sakgalyň reňki. Onuň eňeginde mäşbürünç 
bolan selçeňräk sakgaly bardy (N. Pomma). 
MÄŞE [mä:şe], at. 1. Tüpeň, sapança we ş.m. 
ýaraglaryň atmak üçin barmak bilen yza çekilýän 
egrije demri. Ol tüpeňiň mäşesini gysdy. 2.Hyrlynyň 
açylyp, eplenip, ýere direlýän ätişgir görnüşli aýagy.
MÄŞEWE [mä:şöwö], at. Ýanan ýaga sogan, 
sähelçe un atyp, gowrulandan soň üstüne suw guýlup, 
mäş atylyp, gaýnadylyp bişirilýän nahar, çalkama, 
mäş. Öz yssyja mäşewäňize ýetseňiz, niçik bolarka? 
(

Görogly

). 
MÄŞIRIK [mä:şirik], at, dokm. Dokma 
ýüwürtmek üçin ýörite bükdürilen erişden saralan 
süýri ýumak. Ejem mäşirik bükdürip otyrdy. 
MÄTÄÇ [mä:tä:ç], syp. 1. Maddy taýdan 
ýetmezçilik, mätäçlik çekýän, gytçylykda ýaşaýan; 
garyp-gasar. 2. Bir zada garaşly, bagly, zar. Men seniň 
kömegiňe mätäç
MÄTÄÇLIK [mä:tä:şlik], at. 1. Maddy taýdan 
ýetmezçilik, mätäç bolmaklyk, ýoksullyk; garyplyk. 
2. Bir zada garaşlylyk, baglylyk, zarlyk.
MÄZ [mä:z], at. Adamyň ýa-da haýwanyň 
ýaşaýyş üçin gerekli maddalaryny işläp çykaryp, 
gana berýän ýa-da bedeniniň daşyna çykarýan 
agzasy. Süýt mäzleri. Ýag mäzleri. Tüýkülik mäzleri. 
MÄZBAŞY [mä:zva:şy], at. Adamyň alkymyna, 
boýnunyň ýüzüne çykýan başly ýara; inçekeseliň bir 
görnüşi . 
MÄZJIMEK [mä:zjimek], syp. Mäze meňzeş, 
mäz görnüşli. Mäzjimek öýjükler. 
MÄZLEŞIK [mä:zleşik], syp. 1. Gubarlap, 
ýaşaryp duran (göz hakynda). Kirpikleri selçeňlän 
gözleriniň symgylt garasynyň ornuny birsalym 
mäzleşik ak eýeledi (B. Kerbabaýew). 2.Şepbeşip 
duran, şepbeşik, süýgeşik. Ol ýabyň içine böküp 
girende, şykgy gatyşykly mäzleşik laý onuň aýagynyň 
aşagynda moýmuldady (B. Öwezow). 
MÄZLEŞIŞ [mä:zleşiş], iş ady. Mäzleşmek 
ýagdaýy. 
MÄZLEŞME [mä:zleşme], iş ady. Mäzleşmek 
ýagdaýy. 
MÄZLEŞMEK [mä:zleşmek], işl. Gubarlap, 
ümezläp, ýaşaryp durmak (göz hakynda). Onuň 
mäzleşen 
gözleri, 
naýynjar 
garaýşy 
meniň 
ýüregimden parran geçdi (R. Gelenow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   174   175   176   177   178   179   180   181   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling