Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet175/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   171   172   173   174   175   176   177   178   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Meýlis 
gurmak 
deň-duşlaryňy 
ýygnap, 
oturylyşyk etmek. Gyzyň bu talabam ýetdi ýerine, 
Uly toý meýlisi guruldy ýene (Ý. Nasyrly). 


95 
MEÝLISHANA [meýlisha:na], at. Meýlis, 
oturylyşyk 
geçirilýän 
jaý, 
ýer. 
Ýigitler 
meýlishanada toý gurýardylar. 
MEÝMENEK, at. Howudyň syrtky somalyp 
duran ýeri, çomy. 
MEÝMIREME, iş ady. Meýmiremek ýagdaýy. 
MEÝMIREMEK, işl. Belli bir zadyň täsiri 
netijesinde ymyzganmak, irkiljiremek, oýaly-ukuly 
ýagdaýda bolmak. Ol çep tirsegini ýassyga berip, 
meýmiräp gyşardy (B. Seýtäkow). 
MEÝMIREŞMEK, 
işl. 
Birnäçe 
bolup 
meýmiremek, ymyzganmak. Meniň sesimi diňlän 
adamlar süýji uky basan ýaly meýmireşýärdiler. 
MEÝMIRETMEK, işl. Meýmiremek derejesine 
ýetirmek,bir zadyň ymyzgandyryjy täsiri ýetmek, 
süýji irkiljiretmek. Bir burçdan, tutynyň aňyrsynda 
ýuwaş, meýmirediji saz çalnyp başlandy (B. 
Seýtäkow).
MEÝNE, at. Sarlar maşgalasyna degişli we çüňki 
hem aýaklary sarymtyl-goňur guş. 
MEZHEB [mezhep],at. Yslam dininde bölünýän
ugur, şaha. 
MEZIL, at. Orta hasap bilen ýarym günlük ýola 
barabar aralyk, kerweniň ýük ýazdyrýan aralygy, 
menzil. Aýgören Marydan bir mezil ýoldy (B. 
Kerbabaýew). 

Mezilini çekmek birine hyzmat etmegi öz 
üstüňe almak.

Meniň iliň çagasynyň mezilini çekip 
ýörmäge ýagdaýym ýok

diýdi. Meziliňi atmak 
biriniň öýüne baryp, özüň hakynda ky aladany 
üstüne ýüklemek. 
MEZILLIK, at. Bir mezile deň daşlyk, bir ýük 
ýazdyrar ýaly uzaklyk. Şondan gündogarrak bir 
mezillikde ýene bir guýy bolaýsa, has ýagşy bolardy 
(B. Kerbabaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   171   172   173   174   175   176   177   178   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling