Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet173/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   169   170   171   172   173   174   175   176   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Meýdana gitmek (çykmak) aýakýoluna 
gitmek, buşukmaga gitmek, täret etmäge gitmek. 
Meýdan düşelgesi ekin ekilýän, hasyl ýygnalýan 
ýerlerde adamlaryň arakesme wagtynda düşleýän, 
nahar edinýän, dynç alýan ýeri, bassyrma. Gowaça 
meýdanlaryndaky meýdan düşelgeleri hem örän giň 
edilipdir (B. Pürliýew).Meýdan etmek aýakýoluna 
oturmak, täret etmek. 
MEÝDANÇA [meýda:nça], at. Belli bir maksat 
üçin boş goýlan uly bolmadyk ýer, bir çäre geçirmek 
üçin abzallaşdyrylan, ýörite bejerilen meýdan. Futbol 
meýdançasy. 
MEÝDANLYK [meýda:nlyk], at. Giden düzlük, 
giňişlik, giň meýdan. Biz şol ýöräp oturyşymyza 
gijara meýdanlyga ýetdik. 
MEÝHANA [meýha:na], at, k.d. Şerap, çakyr, 
içgi içilip, keýp çekilýän jaý, ýer. Meýhanada 
gülgün şerap içiler, Meý mest olup gezen çagdan 
aýryldym (Mollanepes). 
MEÝHANAÇY 
[meýha:naçy], 
at, 
k.d. 
Meýhanada işleýän, meý satýan, meý guýup berýän 
adam. 
MEÝIL, at. Bir zada bolan isleg, höwes, arzuw, 
niýet.
MEÝILDEŞ [meýilleş], at. Meýilleri birmeňzeş, 
höwesleri, islegleri, arzuwlary meňzeş. 
MEÝILDEŞLIK [meýilleşlik], at. Meňzeş 
meýillilik, höwesleri, arzuwlary, islegleri birlik. 
MEÝILLENDIRME [meýillennirme], iş ady. 
Meýillendirmek ýagdaýy. 
MEÝILLENDIRMEK [meýillennirmek], işl. 
Birinde meýil döretmek, isleg oýarmak, höwes 
döretmek. 
MEÝILLENMEK, işl. Bir zada meýil etmek, 
göwün beslemek, hyýallanmak, höweslenmek. Mülki 
gollaryny ýazyp, ogluny gujaklamaga meýillendi 
(

Edebiýat we sungat

). 
MEÝILLENIŞ, iş ady. Meýillenmek ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   169   170   171   172   173   174   175   176   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling