Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MEŞGULLYK  [meşğu:lluk],  at.  Meşgul  bolmaklyk, gümralyk; işlilik.  MEŞHUR


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet171/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   167   168   169   170   171   172   173   174   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MEŞGULLYK 
[meşğu:lluk], 
at. 
Meşgul 
bolmaklyk, gümralyk; işlilik. 
MEŞHUR [meşhu:r], syp. Ady belli, şöhrat 
gazanan, şöhratly, dabarasy dag aşan. Magtymguly 
meşhur türkmen şahyrydyr. 
MEŞHURLYK [meşhu:rluk], at. Ady bellilik, 
şöhratlylyk. Türkmen halylary dünýäde uly meşhurlyk 
gazandy. 
MEŞIK, at. Suw we ş.m. guýmak üçin geçiniň 
derisinden edilen gap, tulum. Her haýsynyň meşiginiň 
düýbünde-de ýeke içerlik suwlary galypdy (B. 
Kerbabaýew). 

Meşik ýaly semiz, çişik. Meşik ýaly adam. 
MEŞIKÇI, at, gepl.d. 1. Geçi derisinden meşik 
taýýarlaýan adam. 2. Arkasy meşikli aýlap suw 
satýan adam. 
MEŞIKLIK, syp. Meşik etmäge ýarar ýaly, 
meşik bolar ýaly (deri). 
METAL [meta:l], at. Ýylylyk, elektrik geçiriji 
häsiýetli, sozulýan, ýalpyldyly ýönekeý himiki 
element. Okuwçylar metal böleklerini ýygnadylar. 

Metal pul köplenç, misden, bürünçden, dýural-
ýuminiden zikgelenip ýasalýan ownuk pul. 
METALLURGIÝA [metallu:rğiýa / metal-
lurği:ýa], at. Ylmyň hem tehnikanyň, seýle-de 
senagatyň magdanlardan ýa-da beýleki materiallardan 
metal almak bilen meşgullanýan pudagy. Bu 
metallurgiýa kärhanasynyň önümçilik kuwwaty her 
ýylda 160 müň tonna önüme deňdir (

Türkmen 
dünýäsi

). 
METBE, at,kön.s. Neşirleri çap etmek işini alyp 
barýan edara, çaphana; tipografiýa. 
METBUGAT [metbu:ğat], at. Döwürleýin çap 
edilýän neşirler (gazetler, žurnallar we ş.m.). 
METDE, at. Arap elipbiýinde elibiň üstünde 
goýulýan we uzyn [a:] sesini aňladýan belgi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   167   168   169   170   171   172   173   174   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling