Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet168/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   164   165   166   167   168   169   170   171   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MEŇZEMEZLIK, iş ady. Bir zat başga bir zada
meňzäp durmazlyk, meňzeş bolup görünmezlik.Çaga 
ejesine meňzemändir, agyn kakasy. 
MEŇZEŞ, syp. Ähli alamatlary biri-birine gabat 
gelýän, biri beýlekä çalym edýän, çalymdaş, 
kybapdaş. Gyzlar meňzeş geýnipdirler. 

 Ile meňzeş bolmak adam syra bolmak, edebpli-
ekramly bolmak. 
MEŇZEŞLIK, at. Biri-birine meňzeş, çalymdaş 
bolmaklyk, çalymdaşlyk, kybapdaşlyk.
MEŇZETME, 1. iş ady. Meňzetmek ýagdaýy. 2. 
edeb. Bir zadyň ikinji bir zada deňeşdirilýändigini, 
meňzedilýändigini 
aňladýan 
adalga. 
Şahyryň 
tymsallary, meňzetmeleri adatdan daşary çeper 
çykýardy. 
MEŇZETMEK, işl. Biri, bir zat we ş.m. ikinji 
bir özüne kybapdaş zada meňzeş diýip hasap 
etmek.Men seni Amana meňzetdim weli, ýalňyşan 
ekenim
MEŇZEÝIŞ, iş ady. Meňzemek ýagdaýy. 
MERDAN [merda:n], at. l. ser. Merdana. 2. 
Oglana dakylýan at. 
MERDANA [merda:na], syp. Mert, batyr, 
edermen, 
gaýduwsyz, 
çydamly, 
merdan.Ýurt 
Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň merdana 
halkymyzyň bol suw hakyndaky arzuw-dilegleri hasyl 
boldy (Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga
guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). 
MERDANALYK [merda:nalyk], at. Mertlik, 
batyrlyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk, çydamlylyk. 
Dostum, ýadamazdan işle sen her gün, Hiç 
gowşatman merdanalyk badyňy (A. Kowusow).
MERDEKI, syp., gepl.d. Çagalykdan saýlanyp, 
özüni oňaryp ugran (oglan hakynda). Merdeki oglan
MERDEKILENMEK, işl., gepl.d. Çagalykdan 
saýlanyp, özüni oňaryp ugramak. 
MERDEM, syp., gepl.d. Mert, çydamly, dözümli. 
Seýdi onuň ähli okan takalyny püçege çykaryp, oňa 
örän merdem jogap beripdir (N. Pomma). 
MERDEMLENMEK, işl, gepl.d. Öňkä görä 
mert, dözümli, çydamly bolmak, mert häsiýete eýe 
bölmak. Indi welin meniň goňurjam ulalypdyr, 
merdemlenipdir (B. Annageldiýew). 
MERDEMLIK, at, gepl.d. Mertlik, çydamlylyk, 
dözümlilik. 


91 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   164   165   166   167   168   169   170   171   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling