MÄ [mä:], s.ş.aňl.söz. Owlak-guzy, goýun-geçi
ýaly ownuk mal mälände çykýan ses.
MÄDE [mä:de], at. 1. Adamyň we haýwanyň
iýmit siňdiriji agzasy, aşgazany. Sowuk suwdan
mädesi ganan janawar küdä bakan dyzady (G.
Kulyýew).2. gepl.d. Işdä, nahar-şam küýsegi.
Mädesi iri 1)nahar dannamaýan, horan, gören
zadyny ýalmap barýan. Asla onuň bilen tabakdaş
bolmaga-da mädäň iri bolmaly. 2) namysy-ary
bilmeýän, zady ýüzüne almaýan, biperwaý. Bä-ä,
her ýerde mädesi iri ýigitler bar-ow (B.
Kerbabaýew). Mädäňe degmek ýüregiňe degip,
işdäň kesilmek, tutulmak (nahar hakynda).
MÄDEMÄZ
[mä:demä:z],
at,
lukmanç.
Aşgazanasty mäz.
MÄHEK, at. 1. Gyzylyň hilini barlamak üçin
ulanylýan gaty dag jisimi. 2. Gyza dakylýan at.
Mähek ýaly düşbi, akylly, pähimli. Ol oglan
duran bir mähek, bir sözli hem düşbi. – Hawa, eje,
men ol gyzy gaty gowy tanaýan, onuň akyly-huşy
mähek ýaly – diýip, Hoşgeldi jogap berdi (A.
Gowşudow).
MÄHEKDAŞ[mähekda:ş ], at. 1. ser Mahek.
2. göç.m. Düşbi, akylly, pähimli adam. Syr saklaýan
mähekdaş, Zer ýanynda bellidir (Magtymguly).
MÄHELLE, at, ser. Märeke. Agyr mähelle ony
şowhun-şagalaň bilen garşy alypdy (G. Kulyýew).
MÄHETDEL, hal. Teklip, mürähet edilen
dessine. Bossan mürähede mähetdel öýüň oňaýly
ýerine geçdi (B. Kerbabaýew).
Mähetdel etmek birini garaşdyrmak, bendiwan
etmek. Näme uly ili mähetdel edip otyrsyň (H.
Derýaýew).
MÄHIR, at. Birine ýa-da bir zada bolan söýgi,
gowy görmek duýgusy.
Do'stlaringiz bilan baham: |