Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet174/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   170   171   172   173   174   175   176   177   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MEÝILLEŞDIRMEK
işl., 
ser
Meýilnamalaşdyrmak
MEÝILLI, syp. Bir zada meýli, islegi, höwesi, 
hyýaly bar.
MEÝILLILIK, at. Meýli barlyk, meýilli 
bolmaklyk, höweslilik.
MEÝILNAMA [meýilna:ma], at. Durmuşa 
geçirmek üçin bellenilen işleriň, çäreleriň senenama 
laýyklykda yzygiderli tertibi. Anyk düzülen 
meýilnama esasynda iş alyp barýarys.  
MEÝILNAMALAŞDYRMAK 
[meýilna:malaşdyrmak], işl. Belli bir döwrüň içinde 
ýerine ýetirilmeli işiň meýilnamasyny düzmek. 
MEÝILNAMALAÝYN [meýilna:malaýyn], syp
Meýilmamalaşdyrylyp ýerine ýetirilýän, meýilnama 
görä işlenýän. Meýilnamalaýyn iş.
MEÝILSIZ, syp. Meýli ýok, meýilli däl. Kim 
meýilsiz bolsa, galyp biler! 
MEÝILSIZLIK, at. Meýli ýokluk, meýilsiz 
bolmaklyk, meýilli dällik. 
MEÝIT, at. 1. Ölen adamyň göwresi, läşi, jesedi. 
2.gepl.d. Gödek, sögünç söz (aýal maşgalalar 
tarapyndan ulanylýar). 
MEÝITHANA [meýitha:na], at. Wagtlaýyn 
meýit saklanýan jaý. 
MEÝLETIN [meýleti:n], hal. Öz islegi boýunça, 
keýpine, peýwagtyna, keýpihon, mejbury däl, zorluk 
görmän. Biz şenbe güni meýletin ýowar geçirdik. 
MEÝLETINÇI [meýleti:nçi], at. Meýletinlik 
bildiriji, meýletin hereket ediji, meýletinlere goşulan. 
MEÝLETINÇILER 
[meýleti:nçiler], 
at. 
Meýletinlerden, isleg, höwes bildirenlerden düzülen, 
meýletin bir iş edýänleriň topary. 
MEÝLETINLIK [meýleti:nlik], at. Öz islegiňe 
laýyklykda hereket etmeklik, mejbury dällik. Wepa 
derrew meýletinlik bilen urşa gitmäge arza berdi (A. 
Gowşudow).
MEÝLIS, at. 1. Dostlukly, şatlykly geçirilýän 
köpçülikleýin duşuşyk, ýygnanyşyk, oturylyşyk; toý-
tomaşa. Çopana meýlis haram (Nakyl). 2. Oglana 
dakylýan at. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   170   171   172   173   174   175   176   177   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling