94
METEORIT [meteori:t],
at, asman j. Älem
giňişliginden Ýeriň atmosferasyna düşüp, onda
dargap, pytrap ýetişmedik kosmiki jisim.
METEOROLOGIÝA [metorolo:ǧyýa],
at. Ýeriň
atmosferasy, onuň düzümi, häsiýeti we onda geçýän
fiziki hadysalar hakyndaky ylym.
METGI, at, gepl.d. Masgara, ryswa, wejera.
Siz
meni metgi etdiňiz.
METGI-MASGARA [metgi-masğara],
at, ser.
Metgi.
METJIT [metji:t],
at. Musulmanlaryň bäş wagt
namazyny okap, ybadat edýän jaýy.
METR [me:tir / mi:tir]
, at.
1.
Ýüzsantimetre deň
bolan uzynlyk ölçeg birligi.
Üç metr mata. 2. Bir
zady ölçemek üçin ulanylýan, santimetrlere bölünen
100
sm uzynlykdaky agaç ýa-da metal gural.
Satyjy
metrini eline alyp, mata ölçemäge durdy.
METRLIK [me:tirlik / mi:tirlik],
syp. Metre deň,
metre barabar, metr ölçeginde.
Ol dükandan bäş
metrlik halyny satyn aldy.
METRO [metiro:],
at. Şäheriň ýerasty
elektrik
demir ýoly, şäher ýol ulgamynyň bir görnüşi.
METROLOGIÝA [metiralo:ğiýa],
at. Ölçegler
we tereziler hakyndaky ylym.
MEÝ, at. Üzüm şeraby,çakyry.
Getirdi sakysy kim
jam ile meý (Abdysetdar Kazy).
MEÝDAN [meýda:n],
at. 1. Düz ýer giňişligi,
boş, takyr ýer, boşluk ýer.
Ynha, ýazyň şeýle gözel
görnüşli paslynda, al-ýaşyl gülälekli giň meýdanyň
ortasynda ýaşyl donuny ýapynan depäniň üstünde bir
ýigit otyrdy (H. Derýaýew).
2.Belli bir iş, söweş we
ş.m. alnyp barylýan ýa-da ýörite niýetlenen ýer.
3.
gepl.d. Içeri däl, daşary, daş; üsti örtülmedik, daşy
gabalmadyk ýer.
Meýdan örän yssy, durar ýaly däl.
Bu ýer bolsa gaty salkyn we örän süýji suwly ýer
(
Türkmen
halk ertekileri
).
4. göç.m. Çygyr, ugur,
çäk, älem.
Şygyr meýdany.
Sungat meýdany.
5.
Oglana dakylýan at.
Do'stlaringiz bilan baham: