MENZILSIZ-MEDENESIZ,
syp.
Öýsüz-
öwzarsyz,
mekansyz,
mesgensiz.
Menzilsiz-
medenesiz adam diýip, maňa töhmet atýaň (A.
Gowşudow).
MEŇ I,at. Adamyň endamynda, ýüzünde bolýan
zyýansyz tebigy gara tegmil, nokat. Eli meňli işe
ýakyn, agzy meňli – aşa (Nakyl). Arkasy meňli –
arzyly, garny meňli – görgüli (Aýtgy).
MEŇ II, at. Hindi kenebiniň enelik gül
topbagynyň bölüp çykarýan şepbiginden alynýan
neşe jisimi.
MEŇ III, at. 1. Käbir jandarlary aldap tutmak
üçin gapana, çeňňegiň ujuna dakylýan et, gurçuk we
ş.m. zatlar. 2.göç.m. Hile, aldaw.
MEŇDIWANA [meňdi:wa:na], at. Düýbünden
birnäçe baldak urup çykýan, günebakaryň güli ýaly
gülleýän, gara däneli derman ösümlik.
MEŇIZ, at, k.d. Adamyň ýüzi, ýüz keşbi.
Bularyň gül kimin meňzini soldurmaýyn, kişä zahyr
etmäýin – diýip, çykyp gitdi (
Zöhre – Tahyr
).
Gudaçylyk habaryny eşidip, Şiriniň meňzi saralyp
ugrady (B. Pürliýew).
MEŇJAGAZ, at. Kiçijik meň.Hawa, onuňam
burnunyň gapdalynda siziň kakaňyzyňky ýaly garaja
meňjagaz bardy (B. Kerbabaýew).
MEŇKEŞ, at. Meň çekýän, meň çekmegi endik
edinen adam.
MEŇKEŞLIK, at. Meňkeşiň baş goşan ýaramaz
käri.
MEŇLI, syp. 1. Bedeninde, ýüzünde meňi, haly
bolan. 2. Oglana we gyza dakylýan at.
MEŇZEDILMEK, işl. Birine, bir zada meňzeş
görülmek, meňzeş hasaplanmak. Bu goşguda mert
ýigitler, gör, näçe zada meňzedilýär (
Edebiýat we
sungat
).
MEŇZEME, iş ady. Meňzemek ýagdaýy.
MEŇZEMEK, işl. Başga birine, bir zada ýa-da
herekete çalym etmek, edil şol zat ýaly bolup
görünmek, birnäçe zatlara laýyk, bap gelmek. Ol
özüniň ähli bolşunda mugallyma meňzeýärdi (B.
Seýtäkow).
Do'stlaringiz bilan baham: |