MENEK, at. Bir zadyň ýüzüne düşen nokat,
tegelejik tegmil. Onuň endamy gara menekler bilen
örtülgidi.
MENEK-MENEK, syp. Köp sanly menek bolup
duran, tegmil-tegmil, nokat-nokat. Näzli gelin, bir
bäriňi gözlegin, Guwanaýyn menek-menek hallara
(Mätäji). Meňli gyzyň menek-menek halyny,
Magtymguly çykarmady ýadyndan (G. Seýitliýew).
MENIK, at. Başarnyk, eden işiňi oňaryş,
edenlilik. – Bir talaply ugra ýüzlen, menik başyny tut
– diýip, hamana aga hökmünde bolup, nesihat berýän
adam boldy (A. Gowşudow).
MENIKLENMEK,
işl.
Dogumlanmak,
ekezlenmek, edenli bolmak. Çünki ol hemişe
zähmetden başga zada düşünmeýän ýalydy we: –
Men başlygyň aýalydyryn - diýip, meniklenmek onuň
ýadyna-da düşmeýärdi (A. Gowşudow).
MENIKLI, syp. Eden işini oňarýan, eli eden
işine gelişýän, başarnykly, başarjaň, edenli. Berkeli
düşlem wagtyna çenli galan wagty menikli
peýdalanmak, Bossanyň ýaňky hereketini ýene
gaýtalamak küýüne düşdi (B. Kerbabaýew).
MENIKLILIK,
at.
Menikli
bolmaklyk,
başarjaňlyk, edenlilik. Ol özüniň menikliligi,
guramaçylyklylygy
bilen
beýleki
çagalardan
tapawutlanýar (H. Ysmaýylow).
MENIKSIZ, syp. Başlan işini gutaryp bilmeýän,
peýdaly işiň başyny tutmaýan, menikli däl,
başarnyksyz, edenli däl.
MENIKSIZLIK, at. Menikli dällik, menigi
ýokluk, başarjaň, edenli dällik, başarnyksyzlyk.
MENLIK, at. 1. Meniň ýaranym, tarapdarym.
Sen bir menlik bol ahyry! (N. Pomma). 2.Maňa
degişli, men bilen baglanyşykly. Menlik işiňiz barmy?
3. dil b. Degişlilik, ýöňkeme görkezilende birinji
şahsyň birlik sanynyň ady. Menlik ýöňkemäniň
goşulmasy.
Do'stlaringiz bilan baham: |