MELE, at. 1. Sarymtyl goňras reňk. Mele çägelik.
2. Oglana dakylýan at.
MELEK, at. 1. Perişde, melaýyk. Ýarysy
melekden, ýarysy jyndan, Müjewürsiz bolmaz üsti
atamyň (Magtymguly). 2. Gyza dakylýan at.
MELEMTIL, syp. Mele reňke ýakyn, meleräk,
mele öwüsýän. Melemtil çäge.
MELEWŞE, at,1. Gögümtil ýaşyl reňk. Çöpboýa
gyzyl, melewşe, sarymtyl, goňur, çal reňkleri berýär.
2.gepl.d. Jümjüme. Olar bu gürrüňleriň müňüsinden
ysmanak hakyndaky, melewşe hem bägül hakyndaky
ýa-da şolara meňzeş gül bilen bilbil hakyndaky
rowaýatlary gowy görýärler (A. Gowşudow). 3. Gyza
dakylýan at.
MELGUN [melğu:n], at. Hilegär, mekir, şeýtan.
Munuň özi toýy bulamak üçin kimem bolsa bir
melgun tarapyndan guralan hile diýip pikir edýärin
(B. Öwezow).
MELGUNÇYLYK [melğu:nçuluk], at, ser.
Melgunlyk. Onuň eden melgunçylygy ýatdan çykar
ýaly däl.
MELGUNLYK [melğu:nluk], at. Melgunyň
gylyk-häsiýeti, hilegärlik, mekirlik, şeýtanlyk.
MELHEM, at. 1. Em; däri-derman. 2. Çyban,
beze we ş.m. ýara ýapylýan ýapy, çalynýan derman
serişde. Ýara täzeliginde melhem etmek gerek,
könelişse aňsat düşmez (H. Derýaýew).
MELLEK, at. Hususy hojalykda peýdalanmak
üçin bölünip berilýän ýer, jaý gurmak we ekmek üçin
ölçelip berilýän ýer.
MELLEKÇI,at,
kön.s.
Ýeri
kärendesine,
ylalaşyga görä, ýarpasyna alyp ekýän adam. Mellekçä
ýer berseň, ýer eýesini ýerden çykarar (Nakyl).
MELLEKLIK, syp. Mellek üçin niýetlenip
goýlan (ýer hakynda).
Do'stlaringiz bilan baham: |