Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet160/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   156   157   158   159   160   161   162   163   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MEDENIÝETLEŞDIRMEK 
[medenýetleşdirmek], işl. Medeniýeti ornaşdyrmak, 
medeniýetli etmek. Olar çagany zamana görä 
terbiýelemek, aň-bilim bermek, medeniýetleşdirmek 
isleýärler (B. Kerbabaýew). 
MEDENIÝETLEŞMEK [medenýetleşmek],işl. 
Medeniýetli bolmak,düşünjeliligi, medeniýeti artyp 
başlamak.
MEDENIÝETLI [medenýetli], syp. 1.Medeni, 
ylmy derejesi ösen, medeni durmuşy ýokary, 
medeniýete eýe bolan. Medeniýetli halk. 2. Edep-
ekramly, terbiýeli, sypaýy. Medeniýetli ýigit. 
MEDENIÝETLILIK 
[medenýetlilik], 
at. 
Medeniýetli bolmaklyk (ser. Medeniýetli: 1 we 2 
manylary boýunça). 
MEDENIÝETSIZ [medenýessiz], syp. 1.Medeni, 
ylmy derejesi ösmedik, medeni durmuşy pes. 2
Edep-ekramsyz, 
terbiýesiz, 
sypaýyçylyksyz. 
Medeniýetsiz adam. 
MEDENIÝETSIZLIK [medenýessizlik], at. 
Medeniýetli dällik, medeniýeti ýokluk (ser. 
Medeniýetsiz: 1 we 2 manylary boýunça) 
Medeniýetsizligimiz üçin welin sag bol aýtmazlar (A. 
Nazarow).
MEDET, at, 1Kömek, goldaw, kuwwat, ýardam. 
Düýä 

haýt

diýmek hem medetdir(Nakyl). Bir ejiz 
men, kim eşider bu dadym? Meger, medet berse 
pirim, ussadym (Mollanepes). 2. Oglana dakylýan at. 
MEDETKÄR [medetkä:r], at, k.d. Kuwwat, 
güýç, kömek beriji. Görogly aýdar ýa jepbar, 
şahymerdan bol medetkär (

Görogly

). 
MEDETKÄRLIK [medetkä:rlik], at, k.d. Medet 
berijilik, kömek, güýç berijilik.
MEDISINA [medisi:na], at, ser. Lukmançylyk 2
Köpden bäri lukmançylyk bilen meşgullanmaýan- 
dygyma garamazdan, häzirkizaman lukmançylygyn- 
daky özgerişlikler, medisina tehnologiýalary bilen 
tanşyp durmagy dowam etdirýärin (Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, 
halky söýmek bagtdyr). 
MEDIWAN [meduwa:n], at, gepl.d. Myhmany 
kabul edýän öý eýesi.
MEDIWANLYK [meduwa:nlyk], at, gepl.d. 
Mediwanyň ýagdaýy.
MEDRESE [medirese], at. Musulmanlaryň orta 
we ýokary bilim berýän dini mekdebi; şol mekdebiň 
jaýy. 
MEGER 
[meğer], 

Belki



ähtimal



ahmal

,

mümkin



megerem

ýaly many aňladýan 
ugrukdyryjy söz. Älemi ýandyrar bilbiliň zary, Meger, 
bäs eýlemiş gyzyl gül bile (Kemine). 
MEGEREM [meğerem], ser. Meger. Megerem, 
bize bu gün enem geler.  
MEGES [meğes], at, k.d., ser. Siňek. Bu 
eýýamda deň bolupdyr, Meges, peşe pil biläni (Zelili).
MEHANIK 
[meha:nik], 
at
Maşynlaryň, 
mehanizmleriň işleýşine, bejerilişine esewan bolýan, 
mehanizmlerden başy çykýan hünärmen. 
MEHANIKA 
[meha:nika], 
at. 
Fizikanyň 
jisimleriň giňişlikdäki hereketini öwrenýän bölümi. 
MEHANIKI [meha:niki], syp. Mehanizmler 
arkaly hereket edýän. 
MEHANIZM [meha:nizim], at. Maşynlary, 
enjamlary herekete getirýän içki gurluşlar. 
MEHANIZMLEŞDIRME 
[meha:nizimleş-
dirme], iş ady. Mehanizmleşdirmek ýagdaýy. 
MEHANIZMLEŞDIRMEK [meha:nizimleş-
dirmek], işl. Zähmetiň el bilen işlenýän serişdelerini 
mehanizmler we maşynlar bilen çalyşmak, adamyň
dürli ugurlarda alyp barýan işine tehniki serişdeleri 
ornaşdyrmak. 
MEJAL [meja:l], at. Ysgyn, güýç-kuwwat, 
ragbat.Gelene garşy çyk, bolsa mejalyň, Ýagşy 
tutawergil niýetiň-päliň! (Magtymguly). Nurgeldiniň 
bolsa urnup-urnup, ysgyny gidip, agzy-burny gurap, 
geplemäge mejaly galmandyr (A. Durdyýew). 
MEJALSYZ [meja:lsyz], syp. Mejaly bolmadyk, 
güýçsüz, 
kuwwatsyz, 
gurpsuz, 
ragbatsyz. 
Ukusyzlykdan bolsa gerek, gojanyň kellesi güwläp, 
başy aýlandy, özüni mejalsyz duýdy (O. Ödäýew). 
MEJALSYZLYK [meja:lsyzlyk], at. Mejaly 
ýokluk. Ol aýalynyň sagat däldigini, mejalsyzlygyny 
bilýär (G. Kulyýew). 
MEJBUR 
[mejvu:r], 
hal. 
Çykgynsyzlyk, 
bialaçlyk, alaçsyzlyk, çäresizlik, çykalgasyzlyk 
sebäpli döreýän ýagdaý.  

Mejbur etmekbir hereketi, işi mejbury suratda 
etdirmek. Onuň bu sözi myhmany oýlanmaga mejbur 
etdi (B. Pürliýew). 


88 
MEJBURLYK 
[mejvu:rluk], 
at. 
Mejbury 
bolmaklyk, alaçsyz, çäresiz, çykgynsyz ýagdaýda 
bolmaklyk. 
MEJBURY [mejvu:ry], syp. Hökmany, çäresiz, 
alaçsyz, çykalgasyz ýagdaýda. Mejbury iş. 
MEJBURYÝET [mejbu:ryýet], at, k.d. Mejbury, 
hökmany ýagdaý, zerurlyk. Hamana diýeli, 
mejburyýet hem bolman, ýönekeý – size şeýle 
hödürleýäris diýilse, şoňa nähili gararsyňyz? (B. 
Kerbabaýew).
MEJIME, at. Üstünde nahar goýmak üçin 
ullakan ýalpak gap.
MEJLIS [mejli:s / mežli:s], at. 1.Ýurduň iň 
ýokary kanun çykaryjy edarasy, 
guramasy, 
parlamenti. 
2. 
Edaranyň 
ýa-da 
guramanyň, 
kärhananyň bir meseläni ara alyp maslahatlaşmak 
maksady bilen geçirýän ýygnagy, maslahaty. 3. ser. 
Meýlis. Birniçe deň-duş ýigitleri Hemra bilen bir 
mejlisde saz-söhbet edip oturar erdiler (

Saýatly – 
Hemra

). Magtymguly aýdar, ýigitler başy, Mejlisde 
köp bolar onuň syrdaşy(Magtymguly).
MEJLISLIK [mejli:slik / mežli:slik], syp. 
Mejlise degişli, dahylly, mejlisde ara alyp 
maslahatlaşmaga degişli. Bu mesele diňe mejlislik 
meseledir, ony ýeke bolup çözmek bolmaz.
MEJNUN [mejnu:n / mežnu:n], syp. 1. Däli, 
diwana, telbe. Haýran, mejnun bolup çyksam çöllere, 
Baryp mesgen tutsam sizi, daglar, heý (Magtymguly). 
2. at, göç.m. Yşk ýoluna düşen aşyk. Meýdandaky 
gülälekleň daşynda, Pyrlanyp ýör mejnun bolan 
perwana (M. Seýidow). 3. Oglana dakylýan at. 
MEJNUNLYK [mejnu:nluk / mežnu:nluk], at. 1
Däli-diwanalyk, telbelik. 2. göç.m. Yşk ýoluna 
düşenlik, aşyklyk, bir zadyň yşkynda bolmaklyk. 
Şunuň ýaly mejnunlykda, Ötdi niçe ýaşyň seniň (Ç. 
Aşyrow). 
MEKAN [meka:n], at. 1. Ýaşalýan ýer, ýurt, 
watan. 2.göç.m. Bir zadyň dörän ýeri: köp, bol ýeri. 
3. Oglana dakylýan at. 

Mekan tutmak 1) belli bir ýerde oturymly 
ýaşamak. Çandybile baryp tutaryn mekan, Duşman 
garşylaşsa, bermerin aman (

Görogly

). 2) belli bir 
ýerde, kärde orun alyp işlemek, ornaşmak, ýerleşmek. 
MEKANLY [meka:nly], syp. 1. Mekany, ýurdy, 
ýaşaýan ýeri bar bolan. Menikli, mekanly agzybir 
dogan, Ilimde tanymal, işde bekişen (N. Pomma). 2. 
göç.m. Ugry bar bolan, ugurly, subutly. Ol mekanly 
zat aýtmady. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   156   157   158   159   160   161   162   163   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling