Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MELUL [melu:l], syp., hal, k.d. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet164/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   160   161   162   163   164   165   166   167   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MELUL [melu:l], syp., hal, k.d. 1. Näsag 
görnüşde bolan, ysgynsyz, ýarawsyz. Hassa melul 
halym kim gelip sorar (Talyby). 2. Gaýgyly, hasratly, 
tukat. Melul bolma hyrydarym gitdi diýp, Gelerin, 
guçaryn inçe billeriň (A. Kowusow). 3. Bir zadyň 
täsiri sebäpli keýpli, serhoş. 
MELULLYK [melu:lluk], at.1. Melul halda 
bolmaklyk (ser. Melul 1. we 2.) . Görogly, melul 
bolmagyn, melullyk muhannes işidir (

Görogly

). 3. 
Bir zadyň täsiri netijesinde döreýän keýplilik, 
humarlylyk, serhoşluk. 
MEMLEKET, at, kön.s. 1. Ýurt, ülke, döwlet.
Menden soňra täjime we memleketime eýe bolar ýaly 
bir pikir kylmasaň, özümi heläk kylar men! – diýdi 
(

Asly–Kerem

). 2. Gyza dakylýan at.
MEMMER, at. Metjidiň ýanyndaky üstüne 
çykylyp azan aýdylýan diň, münber. 
MEN, Gepleýän şahsyň birlik sanyny aňladýan at 
çalyşmasy (Men sözüniň düşümlerde ulanylyşy: men, 
meniň, maňa, meni, mende, menden). Kasdyň nedir 
bu jana, eý ýary mahy-taban, Men çekmişem bu 
jebriň, çekmesin hiç musulman (Mollanepes). 

Menden saňa barýança el ujundan edilen
howlugyp ýerine ýetirilen, başdansowma edilen. Işi 
menden saňa barýança etmek bolmaz. Men diýen 
özüne göwni ýetýän, ýüňi ýeten, kämillige ýetişen; 
gowy, ýokary derejeli. Meni urany, hudaý ursun 1
nalajedeýin, elinden iş gelmeýän, hiç zatdan başy 
çykmaýan, başarnyksyz. 2) pukara, mysapyr. Men 
näme diýýän, dutarym näme diýýär aýdylýan 
gürrüňe, meselä baglanyşykly bolmadyk bir zat 
aýtmak, biri-birinden habarsyz bolmak. 
MENÇELLEŞMEK, işl., gepl.d. Biri bilen 
jedelleşmek, 
ýaňkalaşmak, 
çekeleşmek, 
harçaňlaşmak . Gitdigiçe gyzyp başlar, mençelleşer, 
ýöne bu bihepbelere gep düşündirip bolýarmy näme... 
(

Garagum

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   160   161   162   163   164   165   166   167   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling