Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet181/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   177   178   179   180   181   182   183   184   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MILLIARDLARÇA [milýa:rtlarça], hal. Birnäçe 
milliarddan ybarat, bir ýa-da birnäçe milliarda 
barabar. 
MILLIGRAM [milli:ğyra:m], at. Gramyň 
müňden bir bölegi. 
MILLILEŞDIRILMEK [milli:leşdirilmek], işl. 
Biri tarapyndan ýa bir ýöredilýän syýasat netijesinde 
döwlet eýeçiligine geçirilmek. 
MILLILEŞDIRMEK 
[milli:leşdirmek], 
işl. 
Döwlet eýeçiligine geçirmek. Senagat kärhanalaryny
millileşdirmek. 
MILLILEŞME [milli:leşme], iş ady. Millileşmek 
ýagdaýy. 
MILLILEŞMEK [milli:leşmek], işl. 1. Hususy 
eýeçilikden döwlet eýeçiligine geçmek. 2. Milli 
häsiýete geçmek, milli häsiýetli bolmak. 
MILLILEŞMEKLIK [milli:leşmeklik], iş ady. 
Millileşmek ýagdaýy. 
MILLILIK [milli:lik], at. Milli özboluşlylyk. 
MILLIMETR [milli:me:tir], at. Metriň müňden 
bir bölegine deň uzynlyk ölçeg birligi. 
MILLION [milýo:n], at. 1 000 000 belgisiniň 
ady we onuň aňladýan sany; müň gezek müňe deň 
san. 
MILLIONER [milýone:r], at. 1. Millionlarça 
puluň, uly baýlygyň eýesi. 2. Girdejisi million ýa-da 
birnäçe milliona ýeten hojalyk. Millioner daýhan 
birlesigi. 
MILLIONLARÇA [milýo:nlorço], hal. Birnäçe 
milliondan ybarat, millionlap-millionlap. Halkyň 
saglygyny goramak üçin millionlarça pul harçlanýar. 
MILT, at. Bir işiň hötdesinden gelmek niýeti, 
hyýaly; gaýrat. Kimiň milti bolsa gelibermeli. 

Milt etmek hyýal etmek, synanmak, het etmek. 
Gyza lak atmaga milt etmek. 
MINA [mi:na], at. 1. Ýeriň, suwuň aşagynda 
goýulýan partlaýjy ýarag. Suwasty mina. Pyýada 
goşuna garşy ulanylýan mina. Tanka garşymina.2
Minomýotdan atylýan partlaýjy ok.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   177   178   179   180   181   182   183   184   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling