Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet183/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   179   180   181   182   183   184   185   186   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MINNET, at. 1. Birine eden ýagşylygyňy diliňe 
çolaýyş, gyjalat, teýene. Ýüz müň minnet bilen berlen 
aşdan, Iýseň tagam ýakmaz dahana ýagşy (Halk 
aýdymyndan). Zelili, bar zatdan ölümdir gaty, 
Ölümden-de gaty kişi minneti (Zelili). 2. Öz başyňy 
özüň çarama, başga birine ýük bolmazlyk, 
garaşlybolmazlyk. Men minneti ýeke gulak pilden 
çekýärin. 
MINNETDAR [minnetda:r], syp. Birine eden 
ýagşylygyň üçin bergidarlyk, borçlulyk duýgusy 
bildirilip aýdylýan söz, hoşallyk sözi. Annatagan 
aga, kyn ýagdaýda goldanyň üçin, men size çyn 
ýürekden minnetdar (B. Kerbabaýew). 
MINNETDARÇYLYK [minnetda:rçylyk], at, 
ser. Minnetdarlyk. 
MINNETDARLYK [minnetda:rlyk], at. Edilen 
iş, ýagşylyk üçin hoşallyk, borçlulyk duýgusy. 
MINNETLI, syp. Minneti bolan, gyjalatly, 
teýeneli, minnet edilýän. Tarhanyň minnetli söz 


99 
çekmän, özüni erjel alyp barmagy ony her sapar 
dälilik hetdine ýetirýärdi... (G. Kulyýew).
MINNETSIZ [minnessiz],syp. Göwne degiji däl, 
kemsidiji däl, igenç-gyjalatsyz, minnet edilmeýän.  
Berlentagam minnetsiz bolanda janyňa siňer.
MINNETSlZLIK [minnessizlik], at. Minneti 
ýokluk, minnetli dällik, minnetsiz ýagdaýda 
bolmaklyk.Minnetsizligem ynsanyň bezegleriniň biri 
bolup biler. 
MINOMÝOT [minemýo:t], at. Mina oklaryny 
atýan hyrsyz nilli top.
MINOMÝOTÇY 
[minemýo:tçy], 
at. 
1 
Minomýot bölüminiň harby gullukçysy. 2. Minomýot 
atýan atyjy.
MINUT [minu:t / mint], at. 1. Sagadyň altmyşdan 
bir bölegine deň ýa-da 60 sekuntdan ybarat bolan 
wagt ölçegi. Her çykyş takmynan on bäş minuta dagy 
çekdi. 2. Gysga wagt aralygy, pursat, sähelçe wagt. 
Şu minutda geliň! Bu waka minutyň dowamynda 
bolup geçdi. 3. Minuta deň, minut bilen ölçelýän 
(wagt). Alty bolmaga on bäş minut wagt galdy. 
MINUTLAP 
[minu:tla:p], 
hal
Minutyň 
dowamynda (sözüň öňünden san gelen ýagdaýynda 
şonça minutyň dowamyndalygyny aňladýar). Ýyljak 
ürgün çägäniň endama ýakymly täsirinden otuz 
minutlap lezzet almak mümkin (

Saglyk

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   179   180   181   182   183   184   185   186   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling