Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet185/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   181   182   183   184   185   186   187   188   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MIRASDARLYK [mi:ra:ssa:rlyk], at. Mirasa eýe 
bolmaklyk. Mülke mirasdarlyk etmek. 
MIRASGÄR [mi:ra:sğä:r], at. 1. ser. Mirasdar. 
2. Milli mirasy öwreniji. 
MIRASDÜŞER [mi:ra:ssüşör], at, ser. Mirasdar.  
MIRI [mi:ri], at,kön.s. Owňuk şaýy pul birligi.
MIRŞIKÄR [mi:rşikä:r], at, kön.s., ser. 
Mürüşgär. Mirşikärler ele almaz her guşy (Kemine). 
MIS [mi:s], at. 1. Gyzgylt reňkli sozulagan 
ýumşak metal, himiki element. Mis sim. 2.Därä ot 
düşürmek üçin peşeňiň düýbüne oturdylýan içi çalt ot 
alýan jam. Peşeňiň misi. 

Misiň gyzmak bir işe gyzyşmak, haýdap 
işlemek. Onuň misi gyzypdyr, daş-töwereginden 
habary ýok. Misiň ýarylmak sabyr käsäň dolmak, 
gaharyň gelmek. Bu habara onuň misi ýaryldy. 
MISGÄR [mi:sğä:r], at. Misden her hili zatlar 
ýasaýan ussa. Misgäriň kellesi bolandan, zergäriň 
aýagy bol (Nakyl). 
MISGÄRÇILIK 
[mi:sğä:rçilik], 
at, 
ser. 
Misgärlik. 
MISGÄRLIK [mi:sğä:rlik], at. Misgäriň käri, 
misgär bolup işlemeklik, misgärçilik.
MISGIN [misği:n], syp., k.d. Garyp,pukara, 
mätäç. Eger misgin, eger baýdyr, Gelene hyzmaty 
gerek (Magtymguly). 
MISGINLIK [misği:nlik], at, k.d. Misgin 
bolmaklyk ýagdaýy, garyp-pukaralyk, mätäçlik. 
MISGINSOKAR 
[misği:nsokor], 
syp. 
Assyrynlyk bilen hereket edýän, ýuwaşlyk bilen 
etjegini edýän, mekir, müsminsokar. 
MISGINSOKARLYK [misği:nsokorluk], at. 
Misginsokar bolmak ýagdaýy. 
MISILSIZ, syp., kön.s. 1. Şübhesiz, şeksiz, 
kynçylyksyz; hökman. Ol bu ýumşy misilsiz başarar. 
2. Çendenaşa, çakdanaşa, uçursyz, deňsiz-taýsyz. 
Misilsiz gowy adam. 
MISLI,

Ýaly, kimin, dek, edil

diýen manylarda 
ulanylýan kömekçi söz. Biri bardyr misli maýa, bir 
görmeseň ömrüň zaýa (Kemine). 
MISREN [misiren], at. Daşly ýerleri gazmak, 
daşy we ş.m. zady galdyrmak, goparmak, owratmak 
üçin ulanylýan boýy 1,5 metr çemesindäki bir ujy çiş, 
beýleki ujy ýasyja, togalak ýogyn demir gural (lom). 
MIŞE,at, k.d. Tokaý,jeňňel. Mişäniň peleňi, 
daglaryň gurdy (

Zöhre – Tahyr

). 
MIŞI [mi:şi], at. Gaty gowy eýlenip bejerilen 
geçi derisi, ýukajyk gön. Oglanjygyň aýagyndaky 
mişiden tikilen ädigi örän gelşiklijedi. 
MIWE [mi:wö], at. 1. Käbir uly we gyrymsy 
agaçlaryň getirýän hasyly, ir-iýmişi. 2.göç.m. Bir 
zadyň netijesi, önümi. 3. Gyza dakylýan at. 
MIWEÇILIK [mi:wöçülük], at.1. Miwäniň, ir-
iýmişiň köp ýeri. 2. Oba hojalygynyň miwe berýän 
ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan 
pudagy. Miweçiligi ösdürmekde köp işler edilýär. 
MIWELEME [mi:wölömö], iş ady. Miwelemek 
ýagdaýy. 


100 
MIWELEMEK [mi:wölömök], işl. Miwe 
getirmek, miwe düwmek. Erik agajy miweläpdir. 
MIWELEMEKLIK [mi:wölömöklük], iş ady. 
Miwelemek ýagdaýy. 
MIWELI [mi:wölü], syp. 1. Miwe berýän, miwe 
getirýän, miwesi bolan. Miweli agaç nahallary. 
2.Miwelerden taýýarlanylýan, miwelerden edilýän. 
Miweli suwlar. 
MIWESIZ [mi:wösüz], syp. Miwe getirmeýän, 
miwe bermeýän, hasyly bolmadyk, hasylsyz. Miwesiz 
agaçlar. 
MIÝANA [miýa:na], syp., k.d. Orta, ara. Uzyn-
gysganyň arasy, Orta-miýana söwdügim (Kemine). 
MIÝESSER: miýesser bolmak (gelmek, etmek) 
1) sezewar bolmak, duçar bolmak, gabat gelmek, 
duşmak. Özüň ýaly her sözi ýüz oýlap, bir aýdýan 
salyhatly maşgala her kime miýesser gelesi ýok ahyry 
(B. Kerbabaýew). 2) nesip etmek, mümkin bolmak. 
3) Gyza dakylýan at. 
MIZAN [mi:za:n], at. 1. Şemsi ýyl hasabynyň 
ýedinji aýynyň ady. 2. Milady sene hasabynda: 23-nji 
sentýabr bilen 22-nji oktýabr aralygy. Mizanda 
urmasa, hazanda-da urmaz (Nakyl). 3. asman j. 
Ýyldyz ady. 4. kön.s. Terezi. Magşar meýdanynda 
gurulsa mizan (

Zöhre – Tahyr

).


Mizan terezi 1) dini düşünjelere görä ölen 
adamyň sogabydyr günäsi ölçelýän terezi. 2)gepl.d.
zergärleriň gyzylyň, kümşüň agramyny ölçeýän 
terezisi. 
MIZEME [mi:zeme], iş ady. Mizemek ýagdaýy. 
MIZEMEK 
[mi:zemek], 
işl. 
Üýtgemek, 
zaýalanmak, şikes ýetmek. Käsäni elimden 
gaçyrdymam weli, mizän ýeri ýok
MIZEMEKLIK [mi:zemeklik], iş ady. Mizemek 
ýagdaýy. 
MIZEMEZLIK [mi:zemezlik], işl. Hiç ýerine 
şikes ýetmezlik, hiç ýeri döwülmezlik. Elinden gaçan 
çäýnek mizemändir.  
MIZEMEZ [mi:zemez], syp. 1. Sarsmaz, berk, 
pugta. 
Bu 
gün 
halkymyz 
Türkmenistanyň 
Konstitusiýasynda kesgitlenen mizemez hukuklaryna 
daýanyp, Magtymguly Pyragynyň agzybir, parahat, 
oňşukly 
ýaşamak 
baradaky 
ündewlerine 
ygrarlydygyny 
subut 
etdi 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, 
Garaşsyzlyga 
guwanmak, 
Watany, halky söýmek bagtdyr). 2. göç.m. Egsilmez, 
ummasyz, örän köp, depseň deprenmez. Mizemez 
baýlyk. 
MIZEMEZLIK [mi:zemezlik], işl. Üýtgemezlik, 
zaýalanmazlyk, şikes ýetmezlik. Jamyň bir ýeri hem 
mizemändir.
MO [mo:], s.ş.aňl.söz. Sygyr molanda çykýan 
ses. 
MODEL 
[mode:l], 
at
Nusga; 
galyp. 
Demokratiýa barada aýdylanda bolsa, bu näzik 
substansiýany taýýar daşary ýurt modellerini ulanyp 
ornaşdyryp 
bolmaýar 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, 
Garaşsyzlyga 
guwanmak, 
Watany, halky söýmek bagtdyr). 
MOH-MOH, üml. Düýe ýanyňa çagyrylanda 
aýdylýar. Çopan: 

Moh-moh

diýip, kärderi düýäni 
ýanyna çagyrdy. 
MOJUK, syp. 1. Erbet, ýaramaz, ugursyz, 
gelşiksiz . Sen näme üçin şeýle mojuk ýalňyşlara ýol 
berdiň? (B. Kerbabaýew). Şol mahal daşaryk çykan 
Myrat işiň mojukdygyny dessine aňdy (A. 
Gowşudow).2. Gödek, zoňtar, ýakymsyz. Şeýle çalt 
sürüp barýarkalar kimdir biriniň: – Waý, batyr, men 
atdan aýryldym! – diýen mojuk sesi eşidildi (A. 
Gowşudow).
MOJUKLYK [mojukluk], at. Mojuk häsiýetli 
bolmaklyk (ser. Mojuk: 1-nji we 2-nji manylary 
boýunça). Mojuklykda ýakaňy tanatmak. 
MOLAMA [mo:lomo], iş ady. Molamak 
ýagdaýy. 
MOLAMAK [mo:lomok], işl. 

Mo-o

edip 
seslenmek (sygyr hakynda). Sygyrlar ýogyn ses bilen 
howany ýaňlandyryp molaýardylar (B. Kerbabaýew). 
MOLAMAKLYK [mo:lomokluk], iş ady. 
Molamak ýagdaýy. 
MOLAMAZLYK [mo:lomozluk], işl.

Mo-o

edip ses çykarmazlyk (sygyr hakynda). 
MOLAŞMAK [mo:loşmok], işl. Birnäçe bolup
ýerli-ýerden molamak. Sygyrlar molaşyp, başga bir 
tarapa gaçýardy (H. Ysmaýylow). 
MOLAÝYŞ [mo:loýuş], iş ady. Molamak 
ýagdaýy. 
MOLDAWAN 
[maldava:n], 
at., 
ser.Moldawanlar. 
MOLDAWANLAR 
[maldava:nlar], 
at. 
Moldowanyň esasy ilatyny düzýän halk. 
MOLLA [mo:llo], at.1. Medresäni, musulman 
dini mekdebini gutaran sowatly adam. 2. Dini 
mekdepde sowat öwredýän mugallym. 3. Oglana 
dakylýan at. 
MOLLAÇAR [mo:lloçor], syp. 1. Mollaçylyga 
ýetişip barýan sowatly adam. Bir mollaçara jynaza 
okadyp, demirgazyk ýanlaryndaky mazarlykda Aşyr 
öz 
kakasyny 
öz 
eli 
bilen 
jaýlady 
(B. 
Kerbabaýew).2.Molla sypat, molla meňzeýän. 
MOLLAÇYLYK 
[mo:lloçuluk], 
at, 
ser. 
Mollalyk. 
Seniň 
göwnüň 
daýhançylykdamy, 
batrakçylykdamy ýa mollaçylykda? (

Görogly

). 
MOLLALYK [mo:lloluk], at. Mollanyň käri, 
ýagdaýy. Ol mollalyk okuwynda üç-dört ýyl okady. 
MOLLASUMAK [mo:llosumok], at. Körsowat-
lygyna garamazdan, mollaçylyk edip ýören, 
mollasyraýan adam, çalasowat molla. 
MOLLATORGAÝ [mo:llotorğoý], at. Serçeler 
toparyndan bolan hüpüklije saýrak guş, torgaý. Meniň 
adym mollatorgaý, Bir lukmajyk etim bolgaý (Halk 
döredijiliginden). 
MONÇA [mo:nço]: monça bolmak bir zadyň 
täsiri netijesinde hoşwagt bolmak, şat bolmak, 
göwnüň galkynmak. Ýigit sesine ses goşulýandygyny 
görüp monça boldy (G. Kulyýew). 
MONÇASYRAMAK [mo:nçosuromok], işl. 
Monça bolup ýörmek, özüňden göwnühoş bolmak, iş 


101 
bitiren kişi bolan bolmak. Bu habary eşidip 
monçasyrap ýörünţ  
MONGOL [manğo:l], at, ser. Mongollar.  
MONGOLLAR [manğo:llor], at. Mongoliýanyň 
esasy ilatyny düzýän halk. 
MONJUGATDY [mo:njuğatdy], at. 1. Nowruz 
baýramynda türkmen gelin-gyzlarynyň öz bagtyny 
synamak üçin monjuk çykaryp oýnaýan sanawaçly 
oýny.Gyzlar otagalaryny ykjadyp, monjugatdydaky 
ýaly özleriniň bagty, söýşen ýigitleri barada sanawaç 
aýdyşyp, toýdan gelýär ekenler (N. Pomma). 2. edeb. 
Türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi, žanry. 
MONJUK [mo:njuk], at. Çüýşeden, gymmatbaha 
daşlardan we ş.m. dürli görnüşde ýasalyp, sapaga 
düzülip, boýna, saça dakylýan bezeg. Aýnabadyň 
asmalygy, saç monjugy, saç ujundaky düwmeleri 
otursa-tursa 
şaňňyrdy 
bilen 
ses 
etdi 
(B. 
Kerbabaýew). 

Göz monjugy göz degmezlik üçin boýna 
dakylýan, diwardan asylýan ýaşylymtyl-gök reňkli 
monjuk, göz-dil monjugy. Göz monjugy ýaly 
eýjegik, görmeklije, gelşiklije , gözleri ligirdäp duran 
(çagajyk hakynda).
MONJUK-MONJUK [mo:njuk-mo:njuk], at. 
Damja-damja, düwme-düwme, burçak-burçak, köp 
sanly ýaş düwmeleri. Özüniň geçen günleri hem 
ýadyna düşdi-de, birden onuň gözünden monjuk-
monjuk ýaş dökülmäge başlady (A. Gowşudow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   181   182   183   184   185   186   187   188   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling