Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Moý açmak çat açmak, çat emele gelmek,  jaýrylmak. Moý açan käse


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet187/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   183   184   185   186   187   188   189   190   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Moý açmak çat açmak, çat emele gelmek
jaýrylmak. Moý açan käse. 
MOÝLY [mo:ýly], syp. Moýy bolan, çat açan. 
Moýly käse. 
MOÝMULDAMA [moýmullomo], iş ady. 
Moýmuldamak ýagdaýy. 
MOÝMULDAMAK [moýmullomok], işl. Gaz 
ýörişini edip ýöremek, ikibaka yranyp ýöremek, 
ýuwaş, agyr ädimlemek. Ol pyşdyl hereketi bilen 
moýmuldap gelip, olaryň ýanynda durdy (B. 
Kerbabaýew).
MOÝMULDAMAKLYK [moýmullomokluk], iş 
ady. Moýmuldamak ýagdaýy. 
MOÝMULDAŞMAK [moýmulloşmok], işl. 
Birnäçe bolup moýmuldamak. Gazlar boýunlaryny 
uzadyşyp, moýmuldaşyp gaçdylar (H. Ysmaýylow).
MOÝMULDATMAK [moýmullotmok], işl. 
Biliňden 
aşagyny 
tagaşyksyz 
hereketlendirip 
ýöremek.
, [mö:],üml. Göle mölände çykýan ses. 
MÖÇBER [möçvör], at. 1. Bir zadyň ululyk 
ölçegi, göwrümi, gabarasy, sygymy. Gabyň möçberi. 
2. Bir zadyň mukdary, sany. Ylmy işiň ýerine 
ýetirilmeli möçberi. 3. Töweregi, çemesi, çenli, çakly, 
takmyn, golaý. Meniň daýhançylyk edip ýörenime 
kyrk-elli ýyl möçberi boldy (N. Saryhanow). 4. Çäk, 
aýtym, çygyr. Pagta öndürmekde etrap möçberinde 
biziň daýhan birleşigimiz öňdeligi eýeledi. 
MÖÇBERLI [möçvörlü], syp. Ululygy, göwrümi 
belli bir möçberde bolan, möçberi taýyndan 
kesgitlenen.  On litr möçberli bedre. 
MÖÇBERSIZ [möçvörsüz], syp. Çensiz-çaksyz, 
sansyz-sajaksyz, çendenaşa köp. Bu gowak obasy 
göçen beýik galanyň möçbersiz giň derwezeleri ýaly 
haňlap ýatyrdy (A. Gowşudow). 
MÖÇBERSIZLIK [möçvörsüzlük], at. Çensiz-
çaksyzlyk, aşa köplük, belli bir ölçegde, möçberde 
dällik. Işiň möçbersizligi ony oýlandyrýardy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   183   184   185   186   187   188   189   190   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling