Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MUSULMAN [musulma:n], at. Yslam dinine  eýerijileriň, uýýanlaryň umumy ady.  Musulman dini


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet195/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   191   192   193   194   195   196   197   198   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MUSULMAN [musulma:n], at. Yslam dinine 
eýerijileriň, uýýanlaryň umumy ady.

Musulman dini b. e. VII asyrynda Hezreti 
Muhammet pygamber tarapyndan esaslandyrylan 
yslam dini.  
MUSULMANÇYLYK [musulma:nçylyk], at, 
ser. Musulmanlyk. 
MUSULMANLYK 
[musulma:nlyk], 
at. 
Musulman dinine uýmaklyk, musulmançylyk. 
Musulmanlyk şerti – saklama kine (Zelili). 
MUSURMAN [musurma:n], at, gepl.d., ser. 
Musulman. 
MUSYJA 
[mu:suýjo], 
at. 
Gumrular 
maşgalasyndan bolan goňrumtyl-çal reňkli guş. 
Musyja diýr: gider men, Geldim, bildim – öter men... 
(Magtymguly). 
MUŞAKGAT [muşokgot], at. Bir işi amala 
aşyrmakda çekilýän kynçylyk, azap, azar, görgi, 
zähmet. Bu iki juwanyň beýik umytlardan doly arassa 
durmuşyndaky muşakgatlar diňe şondan soň 
başlandy (T. Gurbanow).

Muşakgat (baryny) ýagdyrmak haýsy-da 
bolsa bir ýagdaýy, bir zady we ş.m. bolşundan beter, 
agyr 
edip 
görkezmek, 
kynçylyklary 
has 
agyrlaşdyrmak, agzy ýellilik edip ulaltmak. Hemmesi 
gelip sorap durasy ýok-la, senem muşakgat baryny 
ýagdyrýarsyň (A. Durdyýew).
MUŞAKGATÇY [muşokgotçy], syp. Muşakgat 
baryny ýagdyrýan, dowulçy. 
MUŞAKGATÇYL [muşokgotçul], syp., ser. 
Muşakgatçy. 
MUŞAKGATLY [muşokgotly], syp. Kynçylykly, 
görgüşi köp, azaply, agyr. Diňe şeýle agyr muşakgatly 
peýdasyz zähmetden soň, Garly ussa arkaýynlandy 
(A. Gowşudow).
MUŞAKGATSYZ 
[muşokgossuz], 
syp. 
Kynçylyksyz, azapsyz, görgüsiz, ýeňil. Işiň 
muşakgatsyzy bardyr öýdemok. 
MUŞDAK [muşdok], syp. Meýilli, höwesli, 
arzuwly, güýçli söýýän, intizar, zar; aşyk. Gel, 
Tahyrym, bir dem görem jemalyň, Seniň didaryňa 
muşdak olup men (

Zöhre – Tahyr

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   191   192   193   194   195   196   197   198   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling