Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet203/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   199   200   201   202   203   204   205   206   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Myhman gelmek durmuşa çykýan gyzy äkitmäge 
gelnalyjy gelmek. Taňry myhmany tötänden gelen 
myhman.
MYHMANÇYL [my:hma:nçyl], syp., ser. 
Myhmansöýer.Aksakgal gaty myhmançyl hem 
şahandaz adam bolupmyş (N. Pomma). 
MYHMANÇYLYK [my:hma:nçylyk], at. 1. ser. 
Myhmanlyk.Gadym wagtlarda bir adam öz 
doganynyňka 
myhmançylyga 
düýeli 
gelipdir 
(

Türkmen halk ertekileri

). 2. Biriniň öýünde 
geçirilýän oturylyşyk, üýşüşip edilýän söhbetdeşlik. 
Öten agşam myhmançylykda bolup, öýüne gijäniň bir 
wagtlary dolanyp gelipdi (B. Seýtäkow).
MYHMAN-GARA [myhma:n-ğara], at. Myhman 
adam, bir öýe gelen goňşy-golam ýa-da ýat adam. 
Toý sowlan dessine toý ýerinde myhman-gara 
görünmedi. 
MYHMANHANA [my:hma:nha:na], at. Başga 
ýerlerden gelýän myhmanlar wagtlaýynça ýaşar ýaly 
ýörite gurnalan köp otagly jaý. 
MYHMANLAMAK 
[my:hma:nlamak],işl. 
Öýüňe gelen myhmana hezzet-hormat etmek; 
myhman hökmünde garşylamak. Çaňly salamdan 
soň, özüniň ötegçidigini, eger mümkinçiligi bar 
bolsa, bir myhmanlap, çaý-suw bermegini sorady 
(

Aşyk Çaňly

). Bu gije ony özüniň myhmanlamak 
isleýänini aýtdy (B. Seýtäkow). 
MYHMANLYK [my:hma:nlyk], at. 1.Myhman 
bolmaklyk, myhman bolup barmaklyk; myhmanyň 
ýagdaýy. 2. Myhmana degişli, dahylly. Myhmanlyk 
işim bar 
MYHMAN-MEDIWAN [my:hma:n-meduwa:n], 
at, ser. Myhman we mediwan. 
MYHMANPARAZ [my:hma:nparaz], at, syp., 
ser. Myhmansöýer
MYHMANPARAZLYK [my:hma:nparazlyk], at, 
ser. Myhmansöýerlik
MYHMANSÖÝER 
[my:hma:nsöýör], 
syp.
Myhmana gowy hezzet-hormat edýän, myhmanyň 
sarpasyny tutýan, myhmanyny sylaýan, myhmançyl.
MYHMANSÖÝERLIK [my:hma:nsöýörlük], at. 
Myhmansöýer 
bolmaklyk, 
myhmançyllyk, 
myhmanyň sarpasyny tutmaklyk, myhmanparazlyk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   199   200   201   202   203   204   205   206   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling