Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet201/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   197   198   199   200   201   202   203   204   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MÜÝNÜRGEÝIŞ [müýnürğöýüş], iş ady. 
Müýnürgemek ýagdaýy. 
MÜZZERILMEK [müzzörülmök], işl., ser. 
Müzzermek. Bu sözi eşidip, ol müzzerildi. 
MÜZZERIŞ [müzzörüş], iş ady. Müzzermek 
ýagdaýy. 
MÜZZERIŞMEK [müzzörüşmök], işl. Iki ýa 
birnäçe bolup müzzermek. Näme, müzzerişip 
dursuňyz! 
MÜZZERME [müzzörmö], iş ady. Müzzermek 
ýagdaýy. 
MÜZZERMEK [müzzörmök], işl. 1. Müýnürgäp 
ýygryljyramak, egniňi gysmak, kiçelmek. Ol bäş 
minut geçenden soň, müzzermesini bütinleý taşlady-
da, ýakymsyzlyk etmäge başlady (A. Durdyýew). 2
Bir zatdan basylyp namartlamak, sussupeslik etmek; 
ejizlik etmek. Owadan müzzerdi, ejizledi (Ý. 
Durdyýew).
MÜZZERMEKLIK [müzzörmöklük], iş ady. 
Müzzermek ýagdaýy. Onda müzzermeklikden nam-
nyşan galmady. 
MÜZZERTMEK [müzzörtmök], işl. Birini 
müzzermäge mejbur etmek. Ýeňine ak matadan 
ýama ýamalan don, baglary süýnüp giden 
şalkyldawuk çepek ony ýygrykdyrýan we müzzerdýän 
ýaly görkezýärdi (N. Saryhanow). 
MYÇMAK, işl., gepl.d. 1. Gaty tizlik bilen 
gitmek, çalt ýöremek (maşyn, otly we ş.m. hakynda). 
Tep-tekiz gara ýollarda dürli maşynlar iki ýana 
myçýardy. 2.Nyşana çenemän atmak, nyşana alman, 
mäşäni gysyp goýbermek. Mergen tisginip, tüpeňini 
myçyp goýberipdir (

Türkmen halk ertekileri

). 3
göç.m. Gara-ýapa degirmän ýalan sözlemek, 
çypdyrmak, 
ýalan-ýaşryk 
toslamak. 
Ýalan 
sözlemäniňem bir çeni-çaky bar, ýöne myçyp 
oturmasana! 
MYDAM [myda:m], hal. Hemme wagt, hemişe, 
elmydam, mydama. Iş-pişesiz mydam bürenip 
ýatmak, Bir bidert sagat jana ýaraşmaz (Baýly 
şahyr). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   197   198   199   200   201   202   203   204   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling