Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
Janly muzeý gepl.d. Haýwanat bagy. Jansyz
muzeý Adamlaryň, haýwanlaryň mumdan ýasalan şekilleri ýerleşdirilen muzeý. MUZEÝLIK [mu:zeýlik], syp. Muzeýde goýar ýaly, muzeýde görkezilmäge, saklanmaga degişli, muzeý zady bolmaga ýaramly. Muzeýlik esbaplar. MUZEÝÝEN, syp., k.d. Bezelen, zynatlanan. Hoş muzeýýen oldy älem, lälezar oldy ýene (Gaýyby). MÜBÄREK [müvä:rek], syp. 1. Gowy niýet aňladýan alkyş sözi, gutlag sözi. Baýramyň mübärek, gahryman enem (R. Seýidow). 2. göç.m. Mukaddes, bagtyýar.3. göç.m. Nurana, ýakymly. Wah, dolan Aý ýaly mübärek ýüzüňe gurban bolaýyn... (N. Pomma). Mübärek bolsun şowly bolsun, haýyrly bolsun, gutly bolsun diýen manyda aýdylýan gutlag sözi. Toýuňyz mübärek bolsun, gadyrly dostlar! MÜBÄREKLEME [müvä:rekleme], iş ady. Mübäreklemek ýagdaýy. MÜBÄREKLEMEK [müvä:reklemek], işl.1. Alkyşlamak, gutlamak. 2. k.d. Taryp etmek, wasp etmek, taryplamak. Oglan, mün atyňa, özüňi mübärekläp bir nama diý ( Görogly ). MÜBÄREKLEMEKLIK [müvä:reklemeklik], iş ady. Mübäreklemek ýagdaýy. MÜBÄREKLEMEZLIK [müvä:reklemezlik], iş ady. Gutlamazlyk, alkyş aýtmazlyk. MÜBÄREKLEÝIŞ [müvä:rekleýiş], iş ady. Mübäreklemek ýagdaýy. MÜBTELA [müvtela:], hal, k.d. Derdeser, başagaý, bagly, gümra. Goç ýigit münse çamana, Wehm ile mübtela bolar (Magtymguly). Mübtela yşkyň elinde, Bolup men hary-zar, dilber (Talyby). MÜÇE [müçö] I, at. Biriniň ýa-da bir zadyň gabarasy, göwresi. Sen şujagaz müçäň bilen meniň şu göwräme höküm etmäge utanaňokmy? (B. Kerbabaýew). MÜÇE [müçö] II, 1.at. On iki ýyla deň bolan wagt aralygy. Ol öz gürrüňinde hem özüni ýaş görkezjek bolup dyrjaşýardy we ýyl hasaplaşardy, müçe sanaşardy (A. Gowşudow). 2. Adam ömrüniň on iki ýyla barabar bolan bölegi. Ýara ýaraşar üç müçe ... (Magtymguly). MÜÇENAMA [müçöna:ma], at. Müçe hasaby. MÜÇENEK [müçönök], at. Sakgal-murty ýolup timarlamak üçin ulanylýan jübtek şekilli agzy ýasyja gural, ýolguç. Müçenek ýaly gabylja, düşbüje. Müçenek ýaly çaga. MÜÇENEKLEME [müçönöklömö], iş ady. Müçeneklemek ýagdaýy. MÜÇENEKLEMEK [müçönöklömök], işl. Müçenek bilen ýolmak, müçenek bilen timarlamak, ýoluşdurmak. MÜÇENEKLEMEZLIK [müçönöklömözlük], iş ady. Müçenek bilen ýolmazlyk, timarlamazlyk. MÜÇENEKLEÝIŞ [müçönöklöýüş], iş ady. Müçeneklemek ýagdaýy. MÜDERRIS [müdörrüýs], at, kön.s. Medresäniň mugallymy, medresede sapak berýän adam. MÜDERRISLIK [müdörrüýslük], at, kön.s. Müderrisiň käri, wezipesi. MÜDIMI [müdüýmü], syp. Wagt taýdan tükeniksiz, baky, hemişelik, mydamalyk, ebedi, ömürlik. Arça müdimi ýaşyl öwsüp oturýar. Müdimi (baky) uka gitmek aradan çykmak, ýogalmak, aýrylmak, ölmek. Esgeri usul bilen tamyň gündogar ýüzüne getirdiler, emma ol eýýäm müdimi uka gidipdir (A. Gowşudow). MÜDIMILIK [müdüýmülük], at. Mydamalyk, bakylyk, ömürlik, hemişelik, ebedilik. MÜDIR [müdüýr], at. 1. Edarany, kärhanany dolandyryjy. Dükanyň müdiri.2. Orta okuw mekdebine ýolbaşçylyk edýän wezipeli adam. Mekdep müdiri. MÜDIRLIK [müdüýrlük], at. 1. Müdiriň käri, wezipesi. Ony mekdep müdirligine bellediler. 2. syp. Müdire degişli, müdir bilen baglanyşykly. Müdirlik işim bar.3. Bir pudagyň iri dolandyryş edarasy. MÜDIRIÝET [müdüýrüýet], at. 1. Guramaçylyk-ýolbaşçylyk işini alyp barýan edara. 2. Käbir dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçy edarasy. MÜFLIS [müflüýs], at, k.d. Halys garyp düşen, tozan, eleşan. Ýeri sazdyr, hassa bolan sagalar, Arryk, müflis garyp bolan oňalar (Magtymguly). 107 Müflisi çykmak tozmak, garyp düşmek. Ýylba- ýyldan meniň müflisim çykar (Kemine). MÜFTI [müftü], at, kön.s. Ýokary musulman ruhanylarynyň dini taglymatlaryny, şerigat kanunlaryny düşündirmek bilen meşgullanýan wekil. MÜFTÜLIK [müftülük], at, kön.s. 1. Müftiniň käri we ýagdaýy. Ol müftülik edýärdi. 2.Müftiniň dolandyrýan, edara edýän ýeri, guramanyň jaýy. MÜJE [müjö], at, gepl.d. Ýekeje däne üzüm, üzümiň bir dänesi. MÜJERRET [müjörröt], syp. Ýeke, ýalňyz, maşgalasyz. Müjerret geçmek (ötmek) öýlenmän ýa-da durmuşa çykman, ömrüňi ýalňyz, ýeke geçirmek. MÜJEWÜR [müjöwür], at. Öwlüýäniň başynda ýaşap, oňa gözegçilik edýän adam. MÜJEWÜRLI [müjöwürlü], at. Müjewüri bar bolan. MÜJEWÜRLIK [müjöwürlük], at. Müjewüriň käri, ýagdaýy. MÜJEWÜRSIZ [müjöwürsüz], syp. Müjewüri bolmadyk, müjewüri ýok. Ýarysy melekden, ýarysy jyndan, Müjewürsiz bolmaz üsti atamyň (Magtymguly). MÜJI [müjü], at. Keýik owlagynyň, owlagyň, çebşiň, guzynyň aşygy. Müji (aşygy) ýaly örän kiçijik, kiçijikden gelşikli. Artyk gazygynyň daşynda aýlanýan alaşanyň lowurdaýan endamyna, müji aşygy ýaly kellesine, ýanyp duran gözlerine syn etdi (B. Kerbabaýew). MÜJRÜP [müjürüp], syp., ser. Maýyp- müjrüp.Adamlary müjrüp bolmakdan halas ederis (B. Pürliýew). MÜLEMMA [mülemma:], syp.Birgiden, tutuş, bütin. Otsuzlyk, iýmsizlik zerarly obada mal mülemma gyrylýardy (B. Kerbabaýew). MÜLHIT [mülhüýt], syp., gepl.d. Ezenegini agdyryp, özüni oňarman ýören, ebti agan, sölpi. Men Hojaguly diýilýän mülhidi tanamok, emma atasyna belet (B. Kerbabaýew). MÜLHITLIK [mülhüýtlük], at, gepl.d. Ezenegi agan ýagdaýda bolmaklyk, sölpülik, ebti aganlyk. Onuň henizem şol öňki mülhitligi. MÜLK[mülük],at. 1. Biriniň hususy eýeçiligindäki ýer-suw, ymarat, baýlyk, mal, binalar. 2. Jemgyýetçilik eýeçiligine degişli ýer, çäk, jaý, bag- bakjalar. 3. göç.m. Ýer-ýurt, ülke, mekan, mesgen. Bu azat mülkümiň degre-daşyny, Goraýarsyň, barha tijäp badyňy (A. Omarowa). MÜLKDAR [mülükda:r], at. Mülk eýesi, ýer eýesi. MÜLKDARLYK [mülükda:rlyk], at. Mülki, emlägi barlyk, mülkdaryň ýagdaýy. MÜMKIN [mümküýn], 1. Bir hereketiň, wakanyň bolmagynyň ähtimaldygyny, şeýle hem bir işi amala aşyryp bolýandygyny, bir zadyň ikuçludygyny görkezýän ugrukdyryjy söz. Şu gün ýygnak bolmagy mümkin. 2. Rugsatmy, bolýarmy; hawa diýen manyda gelýän giriş sözi. Girmek mümkinmi? Mümkin MÜMKINÇILIK [mümküýnçülük], at.Bir zady, işi amala aşyrmak üçin amatly ýagdaý. MÜMKINGADAR [mümküýnğadar], hal. Mümkin boldugyça, ýagdaýy tapyldygyndan, aňrujy, mümkin bolsa. Olaryň hemmesi hasyly mümkingadar çalt hem ýitgisiz ýygnap, döwlete tabşyrmak hyjuwy bilen joşýar. MÜMKINLIK [mümküýnlük], at, ser. Mümkinlik. Şeýle çuň burawa bolsa şol gatlaklardaky bozuklyk mümkinlik döretjek däl (B. Kerbabaýew). MÜNBER [mümmör], at. 1. Köpçülik öňünde çykyş edilýän, sözlenýän ýörite ýer. 2. Sport meýdançasynda köpçüligiň oturýan hatar-hatar ýerleri. MÜNDER [münnör], hal. Biri-biriniň üstüne münderlenip goýlan, üsti-üstüne basylyp goýlan,gat- gat, gatbar-gatbar. Birnäçe ýassyk münder bolup durdy. MÜNDERLEME [münnörlömö], iş ady. Münderlemek ýagdaýy. MÜNDERLEMEK [münnörlömök], işl. Biri- biriniň üstünde goýmak, üsti-üstüne gat-gat edip basmak. Münderläp goýmak. MÜNDERLEMEKLIK [münnörlömöklük], iş ady. Münderlemek ýagdaýy. MÜNDERLEMEZLIK [münnörlömözlük], iş ady. Münderläp goýmazlyk. MÜNDERLENMEK [münnörlönmök], işl. Münder-münder edilip goýulmak. Gap böwürde, ýüpek ýorganlar münderlenen galaýy nagyşly sandyk bardy (Magtymguly). MÜNDERLETMEK [münnörlötmök], işl. Münder-münder edip goýdurmak, münderlemek işini etdirmek. MÜNDERLEÝIŞ [münnörlöýüş], iş ady. Münderlemek ýagdaýy. MÜNDER-MÜNDER [münnör-münnör], hal. Birnäçe münder edilen, gat-gat, biri-biriniň üstüne münderlenen, gatbar-gatbar goýlan. Tamyň bir dulundaky ýüzi owadan, nepis nagyşly mary sandygynyň üstüne münder-münder edilip ýorganlar, per ýassyklar galdyrylypdyr (A. Gowşudow). MÜNDÜRMEK [münnürmök], işl. 1. Ulagyň üstünde oturtmak, ulagly gezdirmek, ulagyň üstüne atarmak. Ony araba mündürip, köp wagtlap obanyň aralaryna aýlady (B. Seýtäkow). 2. Bir zadyň üstüne çykarmak, gop berip, bir zadyň üstüne götermek. Artygy gop berip, alma agajyna mündürdiler (N. Jumaýew). 3. göç.m. Bir zadyň nyrhyny ýokarlatmak, bahasyny artdyrmak, öňki derejesinden galdyrmak, gymmatlatmak. MÜNEJJIM [münötjüm/münöçjüm], at. 1. Asman ýagtyltgyçlaryny öwreniji, astronom. 2. Ýyldyzlara garap pal atýan, täleý garaýan, geljegi kesgitleýän adam, astrolog. Patyşa dessine münejjimlerini, gurrandazlaryny ýygnady ( Görogly ). Münejjimler kitap açdylar, gurraçylar 108 gurra taşladylar ( Hüýrlukga – Hemra ). Bu hazanyň sarsary, gurutdy ömrüm bagyny, Ýa münejjim, ber bu gün, pasly baharymdan habar (Kätibi). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling