Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MURDAR [murda:r],  syp., gepl.d., ser. Myrtar


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet194/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   190   191   192   193   194   195   196   197   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MURDAR [murda:r],  syp., gepl.d., ser. Myrtar. 
MURT, at. 1. Erkek adamlarda ýokarky dodak 
bilen burnuň aralygyna çykýan gyllar; syrylman 
goýberilýän şol gyl ösüntgileri. Kirpikleri syh-syh 
ullakan gözlerini töweregine gezdiren Ýagşy 
äwmezlik bilen ýene murtlaryny sypalady (B. 
Kerbabaýew). Murt çykmak. 2.Käbir haýwanlaryň, 
mör-möjekleriň tumşugynyň üstünde ösýän uzyn 
gyllar, tüýler. 3. Käbir ösümlikleriň baldaklarynyň 
ujundaky towlam-towlam çyrmaşýan inçejik sapak 
şekilli ösüntgiler. 

Murta bat bermek sypanjyrap haýbatlanmak, 
hondanbärsi bolan bolmak. Murtuňy neşe bilmek 
haýbatly görnüşe girmek, murtuňa guwanmak. 
Murty garalan ýigit çykan. Murty palta kesmez
kämillik ýaşyna ýeten, men diýen ýigit çykan. Sen 
bu gün sandan galan, unudylan çaga bolsaň, ertir 
murtuňy palta kesmez jahyl bolarsyň (B. 
Kerbabaýew). Murty tabamak ýigitlikýaşyna ýetip, 
mazaly murt çykmak, jahyl çykmak, ýetişmek. 
Ýagmyr ol wagtlar ýaňy murty taban ýaş ýigitdi (G. 
Kulyýew).
MURTLAK [murutlok], syp. Uly, uzyn murtly.  
Murtlak pyýada bir gapdalda ýatan dutara elini 
uzatdy (G. Kulyýew).
MUSALLAT [musollot], at. Başa düşen bela, 
bela-beter, töhmet. Men bilmeýän siňipmidir 
gargyşlar, Geldi bir musallat, dagyldy başlar (Zelili). 
MUSKUL [mu:skul], at. Bedeniň gysylmaga 
ukyply dokumalary, myşsa. Adamyň eti gatapdyr 
diýlende muskullar göz öňünde tutulýar
MUSKULATURA 
[muskulatu:ra], 
at
Organizmdäki muskullaryň jemi, muskul sistemasy. 
Taýlary gezim etmegiň we ýöreýşiň ähli görnüşlerine 
werziş etdirmek olaryň bedenini taplamak, 
muskulaturasyny ösdürmek, islendik wezipäni 
batyrgaýlyk bilen ýerine ýetirmegi öwretmek üçin 
zerurdyr (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ahalteke 
bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   190   191   192   193   194   195   196   197   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling