Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MUŞDAKLYK [muşdokluk], at. Muşdak  bolmaklyk ýagdaýy, höweslilik.  MUŞT


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet196/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   192   193   194   195   196   197   198   199   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MUŞDAKLYK [muşdokluk], at. Muşdak 
bolmaklyk ýagdaýy, höweslilik. 
MUŞT, at, k.d., ser. Ýumruk. Asly han hem 
tomaşaga çykdy, emma ony zalym gaýyn enesi gelip, 
bir muşt urup alyp gitdi (

Asly-Kerem

). Sözläňde 


106 
agzyňa must bilen ursa, şonda biweçligini duýar 
dilazar (Zynhary). 
MUTYG [mutuýğ] syp., k.d. 1. Boýun egen, 
tabyn. Her ýandan arzuw eýläp, mutyg olan iliň bar, 
Sen özüň ogşaýyr sen, hökümli hana, Näzli (Seýdi). 2
Wepaly.  
MUWAPYK [muwa:pyk], syp., k.d. 1. Mynasyp, 
deň, laýyk. Eý Hemra, sen adamzat, men perizat
adamyň ömri gysga bolar, adamzat bize muwapyk 
däldir (

Hüýrlukga – Hemra

). 2. Häsiýetli, mahsus, 
has ýaraşýan, gelişýän. Tur, beýdip ýatmak goç ýigide 
muwapyk iş däldir (

Aşyk Çaňly

).
MUWAPYKLYK [muwa:pyklyk], at, k.d. 1. 
Mynasyplyk, deňlik, laýyklyk. 2. Häsiýetlilik, 
mahsuslyk, ýaraşykly ýagdaýda bolmaklyk. 
MUZD
at. 
Ýerine 
ýetirilen 
ownuk 
hünärmentçilik işler üçin berilýän pul, zähmet haky, 
hyzmat tölegi. Ussa muzduny ber-de, gyssa (Nakyl). 
MUZDLY [muztly],syp. Muzdy bolan, muzdy 
bellenen, hak tölenýän, tölegli. 
MUZDSUZ [muzutsuz / muzussuz],syp. Muzdy 
bolmadyk, hak tölenmeýän, tölegsiz. 
MUZDUR [muzzur], at, k.d. Hakynatutma işçi, 
batrak, günlükçi, hakyna tutulan adam. Agzy gowşak 
muzdur ärler, Zen sözüne uýar gider (Misgingylyç). 

Muzdur bolmak müýnli ýaly egniňi gysyp 
oturmak, tukat bolmak. Sen näme muzdur bolup 
otyrsyň?  
MUZEÝ [mu:zeý], at. Taryhy ähmiýeti bolan 
sungat ýadygärliklerini, her hili zatlary, ýagny 
hünärmentçilik 
eserlerini, 
ylmy 
açyşlaryň 
nusgalaryny, ýaşaýşa, durmuşa degişli senetleri, 
gurallary we ş.m. ýygnaýan, saklaýan, sergi guramak 
bilen meşgullanýan edara we şol edaranyň ýerleşýän 
jaýy. Haly muzeýi. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   192   193   194   195   196   197   198   199   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling