Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet199/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   195   196   197   198   199   200   201   202   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MÜŇEDEKLEMEKLIK [müňödöklömöklük], 
iş ady. Müňedeklemek ýagdaýy. 
MÜŇEDEKLEŞMEK [müňödöklöşmök], işl. 
Ýerli-ýerden 
müňedeklemek, 
köp 
bolup 
müňedeklemek. Iki sany pyşbaga müňedekleşip ýör
MÜŇEDEKLEÝIŞ [müňödöklöýüş], iş ady. 
Müňedeklemek ýagdaýy.
MÜŇEDEKLÄBERMEK [müňödöklä:vermek], 
işl. Müňedekläp başlamak, müňedek-müňedek edip 
ugramak. 
MÜŇK-MÜŇK: müňk-müňk etmekser. Müň-
küldemekOnuň ýüregi müňk-müňk edýärdi.  
MÜŇKÜLDEME 
[müňküllömö], 
iş 
ady. 
Müňküldemek ýagdaýy.
 MÜŇKÜLDEMEK [müňküllömök], işl. Müňk-
müňk etmek, gymyldamak, tirpildemek. Aýgülüň 
näzik dodaklary müňküldedi (B. Kerbabaýew).
MÜŇKÜLDEMEKLIK [müňküllömöklük], iş 
ady. Müňküldemek ýagdaýy. 
MÜŇKÜLDETMEK 
[müňküllötmök], 
işl.Herekete getirmek, gymyldatmak, tirpildetmek 
(dodak hakynda). Men kepäp barýan dodaklarymy 
müňküldedip, bir zat diýmek isledim (Ý. Durdyýew).
MÜŇKÜLDEÝIŞ 
[müňküllöýüş], 
iş 
ady. 
Müňküldemek ýagdaýy. 
MÜŇKÜLDI [müňküllü], at. Häsiýete täsir ediji 
käbir ýagdaý sebäpli emele gelýän hereket, tirpildi, 
gymyldy. Onuň gyzgylt ýaňaklary, ujy çowlurak 
burny rahat bolsa-da, çala çöwrülýän dodaklarynda 
biraz müňküldi syzylýardy (B. Kerbabaýew). 2
göç.m. Bir ýagdaý sebäpli döreýän tolgunma, iňkis, 
alada, ünji. Şol habardan soň kalbyma bir müňküldi 
aralaşdy. 
MÜŇKÜRsyp. Bir zada ýa-da birine doly ynam 
etmeýän, şübhelenip ýören, göwni iňkisli, betgüman. 
Müňküriň köňlünden gitmez gümany (

Saýatly – 
Hemra

). Telbe bolup, düşdi halkyň gözünden, Bez-
bez boldum müňkürleriň sözünden (Seýdi).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   195   196   197   198   199   200   201   202   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling