Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
MYDAMA [myda:ma:], hal, ser. Mydam
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- MYDAR
- Mydar etmek
- MYDYRDAMAKLYK
- MYGYLDY
- Myh ýaly
MYDAMA [myda:ma:], hal, ser. Mydam.
MYDAMALAÝYN [myda:ma:laýyn], hal, ser. Mydamalyk. MYDAMALYK [myda:ma:lyk], syp. Hemme wagtlaýyn, mydamalaýyn, hemişelik, bakylyk, elmydamalyk. Adamlar dutarçylaryň çykyşynyň mydamalyk muşdagy. MYDAR [myda:r], at. 1. Güýç, kuwwat, gurbat, ysgyn-deramat. Şol sapar Wepa agyr ýaralandy, onuň ýöremäge mydary galmandy (A. Gowşudow). 2. Sabyr, karar, takat, kanagat. Dat eder men, ýok mydarym, Mähribanym, tur ýeriňden! ( Görogly ). Aýalsyza mydar bolmaz, Dönseň hökmi-Süleýmana (Magtymguly). 3. ser. Mydara. Japbaklar Doýdugyň gapysyny terk edenlerinden soň, olaryň mydary has- da kynaldy (B. Kerbabaýew). 111 Mydar etmek ýagdaýa görä gün geçirmek, oňşuk etmek, oňňut etmek. MYDARA [myda:ra], at. Gün-güzeran, ykdysady hal-ýagdaý, oňňut, oňşuk. MYDYRDAMA, iş ady. Mydyrdamak ýagdaýy. MYDYRDAMAK, işl. Ýuwaşjadan geplemek, çala eşidiler ýaly geplemek, gürlemek, mydyr-mydyr etmek. Ol kagyzlary birin-birin okap, öz içinden mydyrdady. MYDYRDAMAKLYK, iş ady. Mydyrdamak ýagdaýy. MYDYRDAMAZLYK, iş ady. Mydyr-mydyr edip geplemezlik. MYDYRDAŞMAK, işl. Ýerli-ýerden mydyrdamak, birnäçe bolup mydyrdamak. MYDYRDAÝYŞ, iş ady. Mydyrdamak ýagdaýy. MYDYRDY, at. Mydyrdap geplenende çala eşidilýän sesiň ady. MYDYR-MYDYR, s.ş.aňl.söz. Ýuwasjadan gürlenip otyrka çykýan sesler. MYDYRT: mydyrt etmek [mydyrt^detmek]biri ýa-da bir zat hakynda çala agzaw etmek, agzamak, dil ýarmak. Özi ýatlamasa, şol hakda mydyrt hem etme. MYGYLDY [myğylly], at. Köpçülikleýin gymyldy, hereket. Hiňňildigiň daşy adamdan mygyldy bolup durdy. MYH [my:h], at. Atyň toýnagyna nal kakylanda ulanylýan ýörite ýasalan çüý. Myh ýaly örän berk, örän pugta. MYHAK [my:hak], at. Dänesi derman hökmünde ulanylýan, ýakymly ysly, gülli ýabany ösümlik. MYHLAMA [my:hlama], işady. Myhlamak ýagdaýy. MYHLAMAK [my:hlamak], işl. Myh kakyp berkitmek, myh urmak, çüýlemek. MYHLAMAKLYK [my:hlamaklyk], iş ady. Myhlamak ýagdaýy. MYHLAŞMAK [my:hlaşmak], işl. 1. Myhlamaga kömekleşmek. 2. Birnäçe bolup myh urmak, myh kakmak. MYHLATMAK [my:hlatmak], işl. Başga birine myh urdurmak, myh kakdyrmak. MYHLAÝYŞ [my:hlaýyş], iş ady. Myhlamak ýagdaýy. MYHMAN [my:hma:n], at. 1. Biriniň öýüne görme-görşe, gezelenje gelen adam, gonak; bir sebäp bilen biriniň öýünde düşlän adam. Mert çykar myhmana güler ýüz bile, Namart özün gizlär, myhman ýoluksa (Magtymguly). 2. Ýygnaga, maslahata we ş.m. başga ýerden çagyrylan adam. 3. Bir ýere seýrek gelip-gidýän adam. Ol hemişe öýüne myhmandy, mydama iş saparynda bolýardy. Myhman almak 1) başga ýerden gelen bir adamy bir-iki günlük onuň haýyşyna görä wagtlaýynça öýüňde saklamak. 2) göç.m. ölen adamy dürli sebäplere görä ölen güni jaýlaman, ertire çenli saklamak. Myhman bolmak biriniň öýünde belli bir möhlete çenli galmak, wagtlaýyn düşlemek. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling