Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet205/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   201   202   203   204   205   206   207   208   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MYLAKATLYLYK 
[myla:katlylyk], 
at. 
Mylakatly bolmaklyk,ýakymlylyk, mylaýymlyk, 
hoşamaýlyk. 
MYLAKATSYZ [myla:kassyz], syp. Mylakaty 
bolmadyk, ýakymsyz, mylaýym däl, hoşamaý däl. 
MYLAKATSYZLYK 
[mylakassyzlyk], 
at. 
Mylakaty bolmazlyk, mylakaty ýokluk, mylakatly 
dällik, 
mylaýym 
dällik, 
hoşamaý 
dällik, 
ýakymsyzlyk. 
MYLAÝYM [myla:ýym], syp. 1. Jana hoş 
ýakýan, göwne ýaramly, ýakymly. Onuň gyýyk 
gaşlarynyň astynda mylaýym bakyşly, kän gülmezek, 
dolan Aý ýaly tegelenip duran dury mawy gözleri 
bardy (T. Gurbanow). 2. Maýyl, salkyn, ne yssy, ne-
de sowuk, hoştap, aram. Alabaharyň mylaýym güni 
Garaguma ölçegsiz nuruny döküp başlady (B. 
Kerbabaýew). 3. Birneme ýyly, dişi döwlen, ne 
gyzgyn, ne sowuk. Mylaýym suw. 4. göç.m. Açyk 
göwünli, hoş gylykly, hoşgylaw, ýakymly, mylakatly,
sypaýy. Mylaýym gyz. 5. Gyza dakylýan at. 
MYLAÝYMLANMAK [myla:ýymlanmak], işl. 
1. Mylaýym bolmak, maýlamak, ýylamak. Howa 
mylaýymlandy. 2. göç.m. Mylaýym häsiýete eýe 
bolmak.Ol derrew mylaýymlanýardy. 
MYLAÝYMLAŞMAK [myla:ýymlaşmak], işl., 
ser. 
Mylaýymlanmak.Howa 
ertirden 
soň 
mylaýymlaşdy. 
MYLAÝYMLYK [myla:ýymlyk], at. Mylaýym 
halda bolmaklyk. 
MYLAÝYMSYRAMAK [myla:ýymsyramak], 
işl. Özüňi mylaýym görkezjek bolmak, 
mylaýym bolan bolmak, mylakatly, sypaýy bolan 
bolmak. 
Göz-görtele 
mylaýymsyramak 
bilen 
gyzlaryna uzakdan gep aýlap, maksadyny aňdyrmaga 
başlady (N. Jumaýew). 
MYLKARMAiş ady. Mylkarmak ýagdaýy. 
MYLKARMAK, işl. Mylkyk bolmak, ýumşap 
tulkarmak, tultuk bolmak. Üzüm mylkarypdyr. 
MYLKARMAKLYK, iş ady. Mylkarmak 
ýagdaýy. 
MYLKARYŞiş ady. Mylkarmak ýagdaýy. 
MYLKY, syp. Semizlik sebäpli mylkaryp, 
mylkyldap duran. Ol mylky göwresini zordan 
tutýardy. 
MYLKYK, syp. Mylkyldap duran, myltyk. 
Mylkyk üzüm. 
MYLKYLDAMA 
[mylkyllama], 
iş 
ady. 
Mylkyldamak ýagdaýy. 
MYLKYLDAMAK 
[mylkyllamak], 
işl. 
Ýumşaklyk sebäpli mylkaryp durmak. Ak elleriň 
mylkyldaýan aýasy gatap ýetişmändir. 
MYLKYLDY [mylkylly], at. Mylkyldamak 
netijesinde emele gelýän ýagdaý we onuň ady. 
MYLLARMAiş ady. Myllarmak ýagdaýy. 
MYLLARMAK, işl. Bir zat sebäpli süllermek, 
gowşamak, ysgynsyzlanmak (adam hakynda). Sen 
näme beýdip myllaryp otyrsyň , dogumlyrak bolarlar. 
MYLLARMAKLYK
iş 
ady. 
Myllarmak 
ýagdaýy. 
MYLLYK, işl. 1. Gowşak, bedeni berkemedik, 
goram-gowşak. 2. Emelsiz, ebeteýi ýok. 
MYLLYKLYK, at. 1. Gowşaklyk, bedeni 
berkemedik ýagdaýda bolmaklyk. 2. Emelsizlik, 
ebeteýi ýokluk. Myllyklygy bilen-de oňuşsa boljak 
welin, ol özbaşyna bir hili adam. 
MYLTYK I, syp. Myssyk, myssaran. Myltyk 
üzüm. 
MYLTYK IIsyp., gepl.d., ser. Tüpeň. 
MYLTYKLYKat. Myssaran şekilde bolmaklyk, 
myssyklyk. Üzümiň bu myltyklygy bilen ony ýerläp 
biläýseň ýagşy. 
MYMAN [my:ýma:n] at, gepl.d., ser. Myhman
Gum iline düşdüm myman, Saçak açdy gumly gelin 
(K. Gurbannepesow). 
MYMYJAK [my:ýmyjak], syp., ser. Mymyk
Sen bujagaz mymyjak eliň bilen meniň gulagymy 
agyrdasyň ýok (B. Pürliýew). 
MYMYK [my:ýmyk], syp. 1. Örän mylaýym, 
hoştap, ýakymly. Mymyk şemal öwüsýärdi. 2. Pagta 
ýaly ýumşak; näzik. Mymyk el.  
MYMYLDAMA 
[my:ýmyllama], 
iş 
ady. 
Mymyldamak ýagdaýy. 
MYMYLDAMAK [my:ýmyllamak], işl. Endigan 
yrgyldap durmak, emaý bilen gymyldamak, assaja 
ýaýkanmak. 
MYMYLDAŞMAK 
[my:ýmyllaşmak], 
işl. 
Birnäçe bolup ýerli-ýerden mymyldamak. 
MYMYLDAÝYŞ [my:ýmyllaýyş], iş ady. 
Mymyldamak ýagdaýy. 
MYMYLDY [my:ýmylly], at. Endigan yrgyldyly 
hereket, birsydyrgyn siňňin gymyldy we onuň ady. 
MYNAJAT [myna:jat], at. Ýekelikde hudaýa 
ýalbaryp, doga okap edilýän dileg. Mejnun, gul sen, 
haka eýle mynajat, Derdiň aýdyp ýygla, dilegil hajat 
(

Leýli – Mejnun

Şasenem atasyny tanap, utanyp, 
hudaýa mynajat edip, bir gazal aýtdy (

Şasenem – 
Garyp

). 
MYNASYBET [myna:sy:vet], at. Bir zat bilen 
bolan baglanyşyk; bir zada bolan gatnaşyk. Özige hiç 
munus tapmaý ýörer erdi, keýikler birle mynasybeti 
ýok erdi (

Ýusup Hoja

). 


113 
MYNASYBETLI [myna:sy:vetli], hal. Bir zadyň 
hormatyna bagyşlanan, bir sene, waka bilen 
baglanyşygy bolan. 
MYNASYP [myna:sy:p], syp. 1. Biri-birine 
laýyk, deň, barabar, taý. Men seniň özüňe mynasyp 
ýigide miýesser bolmagyňy isleýän (B. Kerbabaýew). 
2.Bir zada degişli, gelşikli; degerli, laýyk.

Mynasyp bolmak biri-birine laýyk bolmak. 
MYNASYPLYK [myna:sy:plyk], at. Mynasyp 
bolmaklyk, laýyk, taý gelmeklik. 
MYNÇGALAMA 
[mynçğalama], 
iş 
ady. 
Mynçgalamak ýagdaýy. 
MYNÇGALAMAK [mynçğalamak], işl. Yzly-
yzyna mynçgamak, mynjamak. Akjagül ýene-de 
ýogyn saçynyň tarlaryny mynçgalap başlady (B. 
Seýtäkow).
MYNÇGALAMAKLYK [mynçğalamaklyk], iş 
ady. Mynçgalamak ýagdaýy. 
MYNÇGALANMAK [mynçğalanmak], işl. Eliň 
içi bilen yzly-yzyna mynçgalmak, mynjalmak, 
mynjyradylmak. 
Mynçgalanan möhürli kagyz 
şahyryň elinden gaçdy (

Edebiýat we sungat

). 
MYNÇGALAÝYŞ [mynçğalaýyş], iş ady. 
Mynçgalamak ýagdaýy. 
MYNÇGAMA [mynçğama], iş ady. Mynçgamak 
ýagdaýy. 
MYNÇGAMAK [mynçğamak], işl. Bir zady
eliň içi bilen mynjamak, owkalamak, owmak, 
mynçgalamak, mynçgalap mynjyratmak. Ol elindäki 
gazeti gahar bilen mynçgap gysdy, onuň gözünde 
gazap uçgunlary ýalpyldady (N. Jumaýew). 
MYNÇGAMAKLYK [mynçğamaklyk], iş ady. 
Mynçgamak ýagdaýy. 
MYNÇGAÝYŞ 
[mynçğaýyş], 
iş 
ady. 
Mynçgamak ýagdaýy. 
MYNDY-MYNDY [mynny-mynny]: myndy-
myndy etmek pert bir zat diýmän, agzy gowuşmaýan 
ýaly, manysyz bir zatlar aýdyp oturmak. – Näme 
diýjek bolsaň, düşnükliräk aýt, ýöne myndy-myndy 
edip otyrsyň?! 
MYNJAMAiş ady., gepl.d. Mynjamak ýagdaýy.  
MYNJAMAKişl., gepl.d. ser. Mynçgamak. 
MYNJYRAMAiş ady. Mynjyramak ýagdaýy. 
MYNJYRAMAKişl. Daşky güýjüň güýçli täsiri 
netijesinde üstünden basylyp owulmak, pytramak, 
ezilmek. Erik mynjyrapdyr. 
MYNJYRATMAK, işl. Agyr zat üstünden
düşüp owmak, pytratmak, ezmek. 
MYŇK: myňk etmek biri ýa-da bir zat hakynda
dil ýarmak, gürrüň etmek, sesiňi çykarmak, hyňk-
myňk etmek. Şu günki gören zatlaryň hakynda myňk 
edäýseň, özüňe-de gowy bolmaz
MYŇŇYLDAMAK [myňňyllamak], işl. 1
Burnuňa salyp geplemek, myňňy-myňňy edip 
geplemek, 
maňňyldamak. 
Myňňyldama-da, 
düşnükliräk edip aýtsana! 2. Semizlikden ýaňa tenesi 
ýup-ýumşak bolup durmak, tulkuldap durmak.
Myňňyldap duran goýun.  
MYŇŇYLDY [myňňylly], at. Burna salyp 
geplenende çykýan ses. 
MYRAT [myra:t], at. 1. Ýürekde beslenen arzuw, 
isleg, niýet, maksat. Ýigidiň myrady atdyr 
(

Görogly

). 2. Oglana dakylýan at. 
MYRLAMAiş ady. Myrlamak ýagdaýy. 
MYRLAMAKişl. 1. Myrryldyly ses çykarmak, 
myr-myr etmek (pişik hakynda). Pişik maňa 
ýakynlaşyp myrlap başlady. 2. Çalaja hor çekip, süýji 
ukuda ýatmak. Çagajyk ylgap ýadan bolsa gerek, şol 
myrlap ýatyşy. 
MYRLAŞMAK, işl. Birnäçe adam myrlamak. 
Myhmanlar myrlaşyp ýatyrdylar (B. Kerbabaýew). 
MYRLAÝYŞ,iş ady. Myrlamak ýagdaýy. 
MYRRYH [myrry:h] I, at. Nejis, haramzada, 
ýigrenji, ýaramaz; şer araýan. 

Myrryhyň atlanmak gaty gaharyň gelmek, 
jynyň atlanmak. Myrryhyň tutmak ser. Myrryhyň 
atlanmak
MYRRYH [myrry:h] II, at. asman j.
 
Göwrümi 
Ýeriň gowrüminiň altydan birine we agramy Ýeriň 
agramynyň dokuzdan birine golaý bolan, Günden 
uzaklygyna görä dördünji orunda ýerleşýän, seýrek 
atmosferaly Mars planetasy (saýýara). Aý-Gün batyp, 
gökde Myrryh göründi, Bulutlar boldular baran
Çowdur han (Magtymguly). 
MYRRYHLYK [myrry:hlyk], at. Şer gözleýän 
ýagdaýda bolmaklyk, ýigrenji häsiýetlilik. Onuň 
henizem şol myrryhlygy eken. 
MYRRYLDAMAK [myrryllamak], işl., ser. 
Myrlamak. 
MYRRYLDAŞMAK [myrryllaşmak], işl. Ýerli-
ýerden birnäçe bolup myrryldamak. 
MYRRYLDY [myrrylly], at. Pişik myrlanda ýa-
da adam süýji uka gidende agyz-burun boşlugyndan 
çykýan sesiň ady. Pişigiň myrryldysy. 
MYRTAR [myrta:r], syp. Erbet, ýaramaz, 
murdar. Zelili, sygyn Jepbara, Uýma her ýeten 
myrtara (Zelili). Sen, myrtar gyrnak, it aýagyny iýen 
ýaly ygýarsyň! (B. Kerbabaýew).

Myrtaryňy aşyrmak betgelşik görnüşde 
bolmak, pisiňi aşyrmak, ýaramaz, nejis görünmek, 
mysalaňy üýtgetmek. Näme myrtaryňy aşyryp 
ýatyrsyň, tur-da gazanyň astyna ot ýak (A. 
Gowşudow).
MYRTARLANMAK 
[myrta:rlanmak], 
işl. 
Myrtar bolmak, ýaramaz bolmak, erbetleşmek, pis 
bolmak. 
MYRTARLYK [myrta:rlyk], at. Myrtar gylyk-
häsiýetlilik, ýaramazlyk, erbetlik, pislik. 
MYRTARLAŞMAK [myrta:rlaşmak], işl., ser. 
Myrtarlanmak. 
MYSAL [mysa:l], at. 1. Bir zat düşündirilende, 
tassyklanjak bolnanda, subut edilende getirilýän delil, 
subutnama, tassyklaýjy nusga, meselem. 2. mat. 
Sanlar bilen işlenýän matematiki aňlatma, gönükme. 
Mysal işlemek


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   201   202   203   204   205   206   207   208   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling