Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet208/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   204   205   206   207   208   209   210   211   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NAGYŞLANMAK [nağyşlanmak], işl. Nagyş 
edilmek. Onuň çokaýy nagyşlanypdy (B. Seýtäkow). 
NAGYŞLATMAK [nağyşlatmak], işl. Nagyş 
saldyrmak, nagyş etdirmek. Köýnegiň ýakasyny 
nagyşlatmak
NAGYŞLAŞMAK[nağyşlaşmak], işl. Nagyş 
edişmek, nagyş etmäge kömekleşmek.  
 
NAGYŞLY [nağyşly], syp. Nagyş bilen bezelen, 
nagyş çekilen, nagyş salnan, nagyş bilen bejerilen. 
Diwarlaryň, haýatlaryň ýüzleri halyçalar, dürli 
nagyşly el senetleri bilen bezelgidi (

Edebiýat we 
sungat

). 
NAH, syp. Pagta süýüminden edilýän (ýüplük, 
mata). Nah mata. Nah sapak. 
NAHALat. Erik, alma we ş.m. agaçlaryň ekmek 
üçin ýörite ösdürilip ýetişdirilen kökli çybygy. Olar 
nahal oturtmaga girişdiler. 
NAHALHANA [nahalha:na], at. Agaç nahallary 
ösdürilip ýetişdirilýän ýörite ýer. Sanly günlerde 
mekdebiň ýanynda kiçeňräk nahalhana emele geldi. 
NAHAR
at. 
Dürli 
görnüşde 
bişirilip 
taýýarlanylýan etli ýa etsiz, süýtli, ýagly iýmit, 
damak. Nahar iýlip bolandan soň, Hanguly iki sany 
ýassygy goltugynyň aşagyna dykyp gyşardy (Ö. 
Abdyllaýew).

Nahar duzy iýmite atylýan ýörite duz.
NAHARÇYL, syp. Nahary işdämenlik bilen 
iýýän, iýermen, naharsow.
NAHARHANA [naharha:na], at. Köpçülik üçin 
nahar taýýarlanylýan we nahar iýilýän stolly, enjamly 
ýörite jaý.
NAHARLAMAiş ady. Naharlamak ýagdaýy. 
NAHARLAMAK, işl. Nahar, damak bermek
nahar iýdirmek (adam hakynda). Ussalary çaýlap, 
naharlap işe sal (B. Seýtäkow).  
NAHARLAMAKLYK, iş ady. Naharlamak 
ýagdaýy. 
NAHARLANMAK, işl. Nahar edinmek, nahar 
iýmek. Gijöýlänler gerk-gäbe naharlanypdym-da, 
agşam şamynyň idegine-de çykmandym (T. 
Gurbanow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   204   205   206   207   208   209   210   211   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling