Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
NALAMAKLYK [na:lamaklyk], iş ady. Nalamak ýagdaýy. NALAMAZLYK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- NALAÝYŞ
- NALLAMAKLYK
- NALYŞSYZ
NALAMAKLYK [na:lamaklyk], iş ady. Nalamak
ýagdaýy. NALAMAZLYK [na:lamazlyk], iş ady. Nalap ýörmezlik. Durmuşyndan nalamazlyk. NALAŞMAK [na:laşmak], işl. Köp bolup nalamak, ýerli-ýerden nalamak. Bir ýola towşanlar ýygnanyşyp, öz durmuşlaryndan nalaşyp başlapdyrlar ( Türkmen halk ertekileri ). NALATMAK [na:latmak], işl. Birine nala çekdirmek; ejizledip zeýrendirmek. Bu gyzyň özüni naladan bardyr-da, ondan nalan ýokdur ( Türkmen halk ertekileri ). NALAÝYŞ [na:laýyş], iş ady. Nalamak ýagdaýy. NALÇY [na:lçy], at. Nal ýasaýan we atyň aýagyna nal kakýan ussa. NALLAMAK [na:llamak], işl. Nal kakmak, nal urmak, nal goýmak. Atyň aýagyny nallamak. Aýakgabyň ökjesini nallamak. NALLAMAKLYK [na:llamaklyk], iş ady. Nallamak ýagdaýy. NALLANMAK [na:llanmak], işl. Biri tarapyndan nal kakylmak, nal urulmak. NALLAŞMAK [na:llaşmak], işl. 1. Nal kakmaga kömekleşmek. 2. Iki ýa birnäçe bolup nallamak. NALLATMAK [na:llatmak], işl. Nal kakdyrmak, atyň aýagyna, köwşüň ökjesine nal urdurmak. Seýis ussanyň ýanyna atyny nallatmaga getirdi. NALLY [na:lly], syp. Nal kakylan, aýaklaryna nal urlan. Atyň nally aýaklary doň ýere degip, edil dokma daragyň sesi ýaly ses eşidilýärdi (B. Seýtäkow). NALSYZ [na:lsyz], syp. Aýagyna nal urulmadyk, nal kakylmadyk. Nalsyz aýak daşa dözümsiz bolar. NALYŞ [na:lyş], at. Zaryn ses, zeýrenilip çekilýän ahy-nala, nala, zeýrenç. Wenger obasynda ol wepat boldy, Eşidildi garry enäň nalyşy (M. Seýidow). NALYŞLY [na:lyşly], syp. Zaryn sesli, ahy- nalaly, zeýrençli. Onuň nalyşly sözüne gulak asmady. 118 NALYŞSYZ [na:lyşsyz], syp. Ahy-nalasyz, zeýrençsiz, zaryn sessiz. NAM [na:m], at. At, şöhrat. Ýigit öler, namy galar, at öler, naly galar (Nakyl). NAMA [na:ma] I, at, kön.s. Aýdym, heň. Görogly namasyny aýaklaýança, Arabyň aty saň gaty bolupdyr ( Görogly ). – Gaýdarman myhmanlara bir bäş keleme nama aýdyp berseň bolar – diýdi ( Nejep oglan ). NAMA [na:ma] II, at.1. Hat,salam haty; beýan, ýazgy. Galam alyp, namany gönderdigim bilmezmiň? (Magtymguly). Gözel patyşa bize nama gönderdi, Şanyň ordasyna bar, Jygaly ogly ( Görogly ). 2. dil b. Käbir sözlere goşulyp, goşulan sözleriniň manysyna laýyk täze manyly goşma söz ýasaýar. Meselem: şertnama, ähtnama, borçnama, beýannama, maksatnama, meýilnama. 3. hukuk. Döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň, şeýle-de wezipeli adamlaryň hem-de raýatlaryň hukuk kadalaryny berjaý etmek, ýerine ýetirmek we ulanmak bilen baglanyşykly kanunylyk ýörelgesine esaslanýan hereketleri. 4. Degişli hukuk netijesini döretmek üçin amala aşyrylýan hukuk hereketleri, mysal üçin: hukuk gatnaşyklarynyň ýüze çykarylmagy, üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy. 5. Haýsydyr bir ýuridik fakt hakynda resminamalar, protokollar. 6. Özüňi alyp barmagyň düzgünlerini kesgitleýän we kanun, perman, karar, tabşyryk we ş.m. görnüşinde aňladylýan kada döredijilik işiniň netijesi. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling