Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet213/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   209   210   211   212   213   214   215   216   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Namys bilmek (etmek) özüňe, adyňa laýyk 
bilmezlik, pes hasap etmek, aýyp hasaplamak, kemlik 
bilmek. Namys getirmek biriniň ýa köplügiň 
abraýdan düşmegine sebäp bolmak, biabraýçylyga 
sezewar etmek. Olar ýaly adam ähli ilata namys 
getirer (H. Derýaýew). Namysyna degmek 1) 
abraýdan düşmegine sebäp bolmak, mertebesini pese 
gaçyrmak, biabraý etmek, kemsitmek. 2) gyz maşgala 
el degirmek, el garmak, zorlamak. Namysyny 
depelemek 1) mertebesini peseltmek, býabraý 
etmek. 2) zorlamak.
NAMYS-AR [na:mys-a:r], at,ser.Ar-namys.


119 
NAMYSJAŇ [na:mysjaň], syp. Sähelçe zady 
namys bilýän, namysyny arassa saklamaga çalyşýan, 
arjaň.
NAMYSJAŇLYK 
[na:mysjaňlyk], 
at. 
Namysjaňa mahsus bolan gylyk-häsiýet, namysjaňyň 
ýagdaýy, namysjaň bolmaklyk.
NAMYSLY [na:mysly], syp. Namysy, wyždany 
bar, wyždanly, arly, arjaň. 
NAMYSLY-ARLY [na:mysl(y)-a:rly], syp., ser. 
Ar-namysly.
NAMYSLYLYK [na:myslylyk], at. Namysy 
barlyk, wyždanlylyk, arlylyk, arjaňlyk. 
NAMYSSYZ 
[na:myssyz], 
syp. 
Namysy 
bolmadyk, wyždansyz, utanç-haýasyz, binamys, 
arsyz.
NAMYSSYZLYK [na:myssyzlyk], at. Namysy 
ýokluk, 
wyždansyzlyk, 
utanç-haýasyzlyk, 
binamyslyk, arsyzlyk. Şu namyssyzlygyňy indi 
taşla, ýogsa-da sen bizden git!  diýip berk aýtdy (A. 
Gowşudow).
NAN [na:n], at. 1şahyr. Undan hamyr ýugrulyp 
bişirilýän çörek. Beren nanyň saýa bolsa gerekdir 
(Magtymguly). Ak süýt emdiň, ulaldyň, heý aglar sen, 
nan gerek (Magtymguly). Bugdaý nanyň bolmasa, 
bugdaý sözüň ýokmudy (Atalar sozi). Ýoklukda kem 
bolsa suprada nany, Goç ýigit gam çeker mydama, 
begler (Kätibi). 2. gepl.d., ser. Çörek. Senden 
maşgala nan beren bolmaz

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   209   210   211   212   213   214   215   216   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling