NARPYZAK, at. Boýy 10-30 sm ýetýän bir
ýyllyk otjumak ösümlik.
NARPYZLY, syp. Narpyz gögerip oturan; narpyz
goşulan, narpyz garylan. Allanäme narpyzly
kempudam tapypsyň (Ö. Abdyllaýew).
NARPYZLYK, at. Narpyzyň köp biten ýeri, bol
ýeri.
NARYNÇ [na:rynç], syp. Naryň reňkine meňzeş,
nar reňkli. Narynç ýalyn lowlap, asmana göterildi (H.
Ysmaýylow).
NARYNJY [na:rynjy], at, ser. Narynç.
NAS, at. Temmäkä kül, hek, ýag we ş.m. garylyp
taýýarlanýan we keýp üçin diliň aşagyna atylýan
ýaşyl reňkdäki garyndy.
Nas etmek 1) urup, ýenjip mynjyratmak,
gaýdyp garşylyk görkezmez ýaly etmek. 2)
hötdesinden gelmek, kemini goýman başarmak, hek
etmek, daş etmek, ökdelik bilen ýerine ýetirmek. Ol
işi men başarman kim başarsyn, tabşyryň-da göräýiň,
nas ederin. Nas kädi bili inçe, düýbi togalak, ujy
süýri görnüşli nas salynýan kiçijik kädi.
NASÇY, at, gepl.d. Nas taýýarlaýan ýa-da satýan
adam, naspuruş.
NASKEŞ, syp. Nas atýan adam.
NASKEŞLIK, at. Nas atmak endigi, naskeş
bolmak ýagdaýy.
NASPURUŞ, at, kön.s. Nasçy, nas satýan.
NAŞTA [na:şta], at. Nahar. Hoş temizli beg
oglunyň naştasyn Sygyr ýatagynda kylmak ýaraşmaz
(Magtymguly).
Naşta bolmak ýürekse bolmak.
NAŞY [na:şy], syp. Tejribesiz, bilimsiz,
düşünjesiz. Magtymguly, çölde gezen naşyny, Bilik
sorma köp sürdi diýp ýaşyny (Magtymguly). Galynça
bir merdiň naşy zürýady, Il içinde galsa ýegdir hup
ady (Aşyky).
NAŞYJA [na:şyja], syp. Kiçiden gelen enaýy,
eýjejik, nakysja, owadanja, gelşikli. Men naşyja
owlagyň arkasyny sypalajak bolup egildim
(
Edebiýat we sungat
).
NATUWAN [na:tuwa:n], syp.,k.d. Güýçsüz,
başarnyksyz, kuwwatsyz, biçäre, ejiz, naçar. Bagty
gara natuwany neýlär sen? Rehm etmezmiň Mahym
janyň halyna! (Mollanepes).
Do'stlaringiz bilan baham: |