Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


NATUWANLYK [na:tuwa:nlyk], at. Natuwan,  başarnyksyz, emelsiz ýagdaýda bolmaklyk, iş  başarmakda ejizlik.   NAW


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet216/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   212   213   214   215   216   217   218   219   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NATUWANLYK [na:tuwa:nlyk], at. Natuwan, 
başarnyksyz, emelsiz ýagdaýda bolmaklyk, iş 
başarmakda ejizlik. 
 NAW [na:w] I, at. Jaýyň üstüne we ş.m. 
goýmaga, çyra, radio simlerini geçirmek üçin 
dikmäge ýaraýan uzyn hem ýylmanak, göni agaç, 
pürs.

Naw ýaly uzyn boýly, syrdam, daýaw. Görsem, 
ynha dokmaçylaryň arasynda naw ýaly syratly bir 
gyz bar (A. Durdyýew). 
NAW [na:w] II, at. Deňizde balyk tutmak, ýük 
daşamak, söwda aragatnaşygyny etmek üçin uly 
göwrümli, 4000-4500 put göterýän ýelkenli gaýyk. 


120 
Deňizler sal urdy, bozuldy nawum, Gudratym 
ýetmedi zalyma meniň (Hatam şahyr). 
NAWÇY [na:wçy], at. 1. Naw ýasaýan ussa. 2
Naw sürýän adam.  
NAWÇYLYK [na:wçuluk], at. Nawçynyň käri, 
ýagdaýy. Nawçylyk hünäri. 
NAWLY [na:wly], syp. Nawuň kömegi bilen, 
naw arkaly. Ýüki nawly getirmek. Nawly gelmek. 
NAÝ Iat. Gargydan we ş.m. ýasalýan tüýdügiň 
bir görnüşi, saz guraly. Şol barmana niredendir 
naýyň zaryn sesi eşidildi (G. Kulyýew).
NAÝ II, at. Suw çilimiň sorulýan, çekilýän 
tarapy, müşdügi. Suraýy çilimniň naýy gözel sen 
(Magtymguly).
NAÝ IIIat, deňizç. Ýelkenli nawuň burnundaky 
öňe çykyp duran ýogyn togalak agaç. 

Naý bogaldak naý ýelkeni çekilýän bogaldak. 
Naý keleten naý ýelkeni ýokary götermek üçin 
ýörite pürs. 
Naý pälwan 
naý bogaldagy 
gapdalyndan, öňünden saklaýan ýüpler. Naý ýelken 
gäminiň hereketini çaltlandyrmak üçin iň öňden 
çekilýän kiçijik ýelken. 
NAÝBAŞY [naývaşy], at. 1. Owadan, görmegeý, 
syratly. Bular biziň ilimiziň naýbaşy adamlary (B. 
Kerbabaýew). 2. Iň gowy, saýlama, aňrybaş.


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   212   213   214   215   216   217   218   219   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling