Naýbaşy kubok sport ýaryşlarynda ýenijilere
gowşurylýan in ýokary baýrak.
NAÝBAŞYLYK [naývaşylyk], at. Naýbaşy
derejä mynasyplyk, saýlama ýagdaýda bolmaklyk.
Hemme kişä naýbaşylyk, elbetde, ýetdirmez.
NAÝÇA I, at, dokm. 1. Erşiň arasyndan argaç
geçirmek üçin daşyna sapak saralyp, mäkiniň içine
salynýan barmak boýy gamyşdan ýasalýan tara
guraly. Naýçalaryna sapak sarap, Sapaklaryny
sazlaşdyrýar
(B.
Kerbabaýew).
2.
Tikin
maşynlarynda daşyna sapak saralan tegelejik enjam,
tegek. 3. deňizç. Gäminiň öň tarapyndan çekilýän naý
ýelkenini berkitmek, gaýymlamak üçin gäminiň
göwresinden öňe tarap uzalyp çykyp duran pürs. 4.
Agzyndan doldurylýan tüpeňlerde mis oturdylýan
ýer.
NAÝÇA II, at. Käbir bakja ekinleriniň gülüniň
düýbündäki ýaňy düwen düwünçegi, täze düwen
miwesi; güldüýbi. Sapa goluň ikinji ýapragy hem
birinjisi ýaly ilki murt çykaryp, soňra-da naýça
görkezer diýip çak edipdi (N. Esenmyradow).
NAÝÇALAMAK, işl. Naýça emele gelmek,
ýaňy düwüp, miwe görkezip başlamak. Melejäniň öz
öňünden gelýän kölegesi ýaňyja naýçalan eriklere,
üljelere dyrmaşýardy (B. Kerbabaýew).
NAÝÇALY, syp. Naýçasy bolan, naýça bilen
işleýän. Naýçaly maşyn.
NAÝÇALYK, at. Naýça bolar ýaly, naýça etmäge
ýaramly. Naýçalyk gamyş getirsene.
NAÝYNJAR [na:ýynja:r], syp. 1. Ejiz, görgüli,
gözgyny (adam). Bu naýynjar ýarym adamyny
aldamak mümkin däldi (B. Seýtäkow). 2. Ýürek
awadyjy, zaryn, aýylganç. Ataly-ogul gözlerinden
boýur-boýur ýaş döküp, şeýle bir naýynjar garadylar
(S. Myradow).
3.
Göwnüçökgün, umytsyz,
bialaç.Olar özleriniň adatdaky ulumsylyklaryny
ýitirip, naýynjar görnüşe eýe bolupdyr (B.
Kerbabaýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |