Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


NERRIK I, at. Dowaryň guzlamazlyk keseli.  NERRIK II


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet225/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   221   222   223   224   225   226   227   228   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NERRIK Iat. Dowaryň guzlamazlyk keseli. 
NERRIK II, at. Hamyň iç ýüzünde döreýän 
agyrysyz düwün.
NERW [ne:rv], at, anat. Kelle we oňurga 
ýülüginden ähli agzalara ýaýraýan we özboluşly 
ulgam emele getirýän hem-de bedeniň işleýşini 
dolandyrýan örän inçe gan damarlar ulgamynyň jemi.
NESIBE [nesi:ve], at. Kysmat, ykbal; näme-de 
bolsa bir zatdan ýetýän paý, rysgal. Seni nesibäň 
getirdi, Indi ýurduň daşdyr, Öwez (

Görogly

).

Nesibäň atylmak (atylmazlyk ) ser. Nesibäň 
çekmek. Nesibäň çekmek (dartmak) miýesser 
bolmak, bir sebäp bilen bir ýere barmak ýa-da 
gelmek, duşmak, duş bolmak. Köp aglar men, ýarym 
bilmez, Nesip dartmaz, gülüp gelmez (Mollanepes).
NESIBELI [nesi:veli], syp. Nesibesi bar; ykbally, 
ýazgytly. Aý, onsoňam gyz maşgala diýeniň myhman 
bolýar, iru-giç öz nesibelisine gowuşmaly (T. 
Gurbanow).
NESIL, at. 1. Asly bir ata-babadan bolanlar
kowum-garyndaşlar, 
arkama-arka 
gelýän 
garyndaşlyk. 2. Bir maşgalada önüp-ösen ogul-gyz, 
zürýat. Her bir adamyň maksady özünden nesil 
galdyrmak. 3. göç.m. Bir döwürde ýaşaýanlar, 
döwürdeşler. Altyn asyryň altyn nesli. 

Ýaş nesil ýaş össürimler, ýaş ýetginjekler, 
ýaşlar.  
NESILME-NESIL, hal. Arkama-arka, nesilden-
nesle, nesilsaýyn.
NESILSAÝYN [nesilsa:ýyn], hal,ser. Nesilme-
nesil.
NESILSIZsyp. Nesil önmeýän, nesli bolmadyk, 
ogul-gyzsyz, zürýatsyz, perzentsiz. Dünýäden nesilsiz 
ötmek
NESIP [nesi:p], at, ser. Nesibe.

Nesip bolsa 

ykbal, kysmat şoňa ýetirse

diýen 
manyda ulanylýan aňlatma. Nesip bolsa, Çandybile 
baraly, Agaýunus, Göroglyny göreli (

Görogly

). 
Nesip bolsa, türkmen raýatlaryna, nesillerine Altyn 
asyr ýar bolar (

Türkmenistan

). Nesip etdiginden 
nesip edişine görä. Gel, nesip etdiginden çaý içeli. 
Nesip etsin 

hözirini gör, nepi degsin, deregiňe 
ýarasyn

diýen manyda aýdylýan alkyş. Tüweleme, 
nesip etsin, gazygynda garrasyn (B. Kerbabaýew). 
Ýaşamak nesip etsin, jaý kemi ýok (B. Pürliýew).  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   221   222   223   224   225   226   227   228   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling