Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet227/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   223   224   225   226   227   228   229   230   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Neşäň ýetmek mazaly keýplenmek.
NEŞEBENT 
[neşevent], 
at, 
ser. 
Neşekeş.Tirýekkeş, neşekeş, neşä erkini aldyran 
adam.
NEŞEBENTLIK [neşeventlik], at. Tirýekkeşlik, 
neşekeşlik. 
NEŞEKEŞ [neşekeş], at. Tirýek çekmäge endik 
eden adam, tirýekkeş.


124 
NEŞEKEŞLIK [neşekeşlik], at. Tirýekkeşlik, 
neşebentlik. Neşekeşlik diýilýän zat uly betbagtçylyk 
(

Türkmenistan

).  
NEŞELI [neşeli], syp. 1. Neşeden keýp alan, 
keýpli. Neşeli ýagdaý. 2. Keýpli, gyzykly, lezzetli. 3
göç.m. Özüne çekiji, timar berlen, owadan, kaşaň. Ol 
hem neşeli köwüşleri geýmegi gowy görýär (N. 
Pomma). 
NEŞELILIK [neşelilik], at. Neşeli ýagdaýda 
bolmaklyk, neşesi barlyk; kaşaňlyk. 
NEŞIR, at. 1. Çap edilip çykarylan kitaplar, 
žurnallar we ş.m. gollanmalar. 2. Çap edip çykarmak 
bilen baglanyşykly. Neşir işleri. 3. Neşir sözünden 
soň etmek kömekçi işligi gelip, täze manyly düzümli 
işlik ýasalýar: Neşir etmek çap edip çykarmak. 
NEŞIRÝAT [neşirýa:t], at. Kitap, kitapça, gazet-
žurnal we ş.m.-leri neşir etmek bilen meşgullanýan 
edara. Ýene iki ýygyndy neşirýata çap etmäge 
hödürlendi. 
NEŞIRÝATÇY [neşirýa:tçy], at. Çap edip 
çykarmak 
işi 
bilen 
meşgullanýan 
neşirýat 
senagatynyň işgäri, çap edip çykarýan adam. 
NETIJE [neti:je], at. 1. Bir mesele, iş we ş.m. 
boýunça gelinýän iň soňky pikir, çözgüt. 2. Edilen 
işden gelýän peýda, görülýän haýyr. Islendik işiň 
jemleri 
ahyrky 
netije 
bilen 
kesgitlenýär 
(

Türkmenistan

). 3

Ahyr soňunda, iň soňunda

diýen manyly giriş sözi. Netijede, öýleriň ýene-de 50 
müňüsine gaz berildi (

Türkmenistan

). 

Netije çykarmak sapak edinmek, iş üçin belli 
karara gelmek.
NETIJELI [neti:jeli], syp. Netije berýän, netijesi 
bar bolan.
NETIJESIZ [neti:jesiz], syp. Netijesi ýok, netije 
bermeýän, biderek, boş. Netijesiz iş. 
NETIKAZA [netikaza:], syp. Özdiýenli, öz 
diýenini edýän. Netikaza adam. Ol tüýs netikaza 
eken.
NETIKAZALYK [netikaza:lyk], at. Netikaza 
häsiýetlilik. Netikazalyk halanmaýan gylyk
NEÝLEMEK, işl., gepl.d.

Näme etmek?, näme 
işlemek?

manylarynda ulanylýan söz. 

Bir belasy 
bolmasa, guýruk munda neýlesin

diýip oýlanypdyr 
(

Türkmen halk ertekileri

). Dost ilinden awaraýam, 
Gel, gör, meni yşk neýledi (Ýunus Emre). 
[nä:], 1. Sözüň öňünden goşulyp, ýoklugy 
aňladýan goşulma. Meselem: näbelli,nädogry we ş.m. 
2Nähili?, niçik? ýaly sorag çalyşmasynyň manysyny 
aňladýar. Seniň nä işiň, özi islänini etsin. 

Nä körüň bar? näme işiň bar, işiň ýok, barmak 
derkar däl. Olarda nä körüň bar? Öýde bol.  
NÄBELET [nä:velet], syp. Belet däl, tanyşlygy 
ýok, nätanyş. Sen maňa näbeletmi?
NÄBELETÇILIK 
[nä:veletçilik], 
at, 
ser.Näbeletlik
NÄBELETLIK [nä:veletlik], at. Belet dällik, 
belet bolmadyk, tanyş dällik, nätanyşlyk. Şähere 
näbeletlik
NÄBELETSIREMEK [nä:velessiremek], işl. 
Belet 
bolmadyksyramak, 
bilmediksiremek; 
nätanyşsyramak, näbelet bolan bolmak. 
NÄBELLI [nä:velli], syp. Belli däl, açyk, anyk 
bilinmeýän; nätanyş. Tokaýdan näbelli guşlaryň 
hüwwüldili owazy gelýärdi (N. Jumaýew).  
NÄBELLILIK [nä:vellilik], at. Belli dällik, belli 
bolmadyk, açyk bilinmezlik, açyk dällik; nätanyşlyk. 
NÄÇE [nä:çe], çal.1. Bir zadyň bahasyny, 
sanyny, mukdaryny we ş.m. bilmek üçin ulanylýan 
sorag çalyşmasy. Onuň näçe ýaşanyny bilýän adam 
ýokdy (B. Seýtäkow). 2. Köp, köp gezek; isledigiňçe. 
Gowaça şeýle bir ösümlik, şeýle bir ekin, muny näçe 
taryplasaň, ýene az (B. Kerbabaýew).
NÄÇENJI [nä:çenji / nä:çinji], çal. Soralýan 
zadyň tertip boýunça ornuny görkezmäge hyzmat 
edýän sorag çalyşmasy. Sen pellehana näçenji bolup 
geldiň? Näçenji sahypany okap gutardyň? 
NÄDOGRULYK [nä:doğruluk], at.1. Hakykata 
dogry gelmezlik, dogry dällik, ýalanlyk. 2
Ýalňyşlyk, hakyky dällik. Meseläniň goýluşynyň 
nädogrulygy ýüze çykdy. 
NÄDOGRY [nä:doğry], syp. 1. Hakykata dogry 
gelmeýän, dogry däl, dürs däl, ýalan, galp. 2. Ýalňyş. 
Biz meseläni nädogry çözüpdiris. 
NÄGEHAN 
[nä:ğeha:n], 
hal. 
1
kön.s. 
Duýdansyz, birden, birdenkä, tötänden. Bir kerwen 
gelerdi Müsürden Şama, Nägehan geldiler üşbu 
mekana 
(Magtymguly). 
Nägehandan 
gelen 
betbagtçylyk ol maşgalanyň süýji durmuşyny bulady 
(B. Soltannyýazow). 2. göç.m. Garaşylmazdan inen 
bela, betbagtlyk, abanan howp. Beýle nägehan 
ynsanyň başyna inmesin.
NÄGILE [nä:ği:le], syp. Bir zatdan ýa-da 
birinden göwni galan, närazy bolan, nadyl. Men siziň 
hiç biriňizden hiç wagtda nägile bolmadym (B. 
Kerbabaýew).
NÄGILEÇILIK [nä:ği:leçilik], at, ser. Nägilelik
NÄGILELIK [nä:ği:lelik], at. Birinden ýa-da bir 
zatdan göwnüň galmaklyk, närazy bolmaklyk, 
nadyllyk, razy dällik.  
NÄHAJAT [näha:jat], at. Nämä geregi bar, nämä 
gerek, nämä derkar, geregi, hajaty ýok, ne hajat. 
Ederini bilmeze ýagy nähajat! (Nakyl). 
NÄHAK , syp. 1. Dogry däl, nädogry, hak däl. 
Adama nähak gara sürtmeli däl.2. Hiç bir sebäpsiz, 
biderek, ýerliksiz.
NÄHEŇ, at, k.d. Kit, akula. Jeýhun derýasynyň 
Nili-näheňi (Magtymguly).
NÄHILI [nä:hi:li], çal.

Neneňsi, nätüýsli, niçik

ýaly manydaky sorag çalyşmasy. Sen bagt diýen zada 
nähili düşünýärsiň? 
NÄHOŞ [nä:hoş], syp., ser. Näsag 
NÄHOŞLAMAK [nä:hoşlomok], işl., ser. 
Näsaglamak. Ol ýaman nähoşlany üçin hassahana 
düşdi. 
NÄHOŞLUK 
[nä:hoşluk], 
ser. 
Näsaglyk
Enesiniň nähoşlugy hakynda telegramma aldy. 
NÄJÜRE [nä:jürö], çal., ýerli g., ser. Nähili.
NÄKES [nä:kes], syp. Ugursyz, bolgusyz (adam). 
Sözüň parhyny bilmez bir näkes üçin bizden 
öýkelemäň! (

Edebiýat we sungat

).


125 
NÄKESLIK [nä:keslik], at. Hiç zadyň alnyndan 
dällik, binamyslyk, sansyzlyk, bihepbelik. 
NÄLAÝYK [nä:la:ýyk], syp. 1. Mynasyp däl, deň 
gelmeýän, taý gelmeýän, laýyk däl. 2. göç.m. 
Nädogry, ýalňyş. Nälaýyk hereketler
NÄLAÝYKLYK [nä:la:ýyklyk], at. 1. Laýyk 
dällik, mynasyp bolmazlyk, deň gelmezlik. 2göç.m. 
Nädogrulyk, 
ýalňyşlyk. 
Edilýän 
hereketleriň 
nälaýyklygy. Işde bolýan nälaýyklyklar. 
NÄLER [nä:ler] Içal., gepl.d. Nämeler sözüniň 
(çalyşmasynyň) gysgalan görnüşi. Seýil edeliň bu 
jahana, Jahanda näler görüner (Magtymguly).
NÄLER [nä:ler] II, çal. Her näçe, şunça, köp 
gezek, her edip, hesip edip. Men näler çydajak 
boldum-la
NÄLET [nä:let], at.1. Ýüzügaralyk, býabraýlyk, 
lagnat. 2. Gargyş, sögünç aňladýan söz. Patyşa kiçi 
gyzyna nälet aýdyp, bir gatyrhana saldyrdy (Halk 
ertekisinden).

 Nälet getirmek ýüzügara etmek, biabraý etmek. 
Nälet okamak gargyş etmek, gargamak.
NÄLETI [nä:leti], syp., ser. Näletkerde
NÄLETKERDE [nä:letkerde], syp. Nälet, ysnat 
getirýän, näleti. Sen-ä näletkerde oglan bolduň. 
NÄLETLEME [nä:letleme], iş ady. Näletlemek 
ýagdaýy. 
NÄLETLEMEK 
[nä:letlemek], 
işl. 
Nälet 
aýtmak, pislemek; gargyş etmek. Ähli halklar 
näletleýär urşy (A. Kowusow).
NÄLETLEMEKLIK [nä:letlemeklik], iş ady. 
Näletlemek ýagdaýy. 
NÄLETLENMEK [nä:letlenmek], işl. Biri ýa 
köpçülik tarapyndan nälet okalmak, gargyş edilmek. 
Erbet hereketler üçin näletlenmek. 
NÄLETLI [nä:letli], syp. Nälet siňen, nälet 
aýdylan, näletlenen, nälet eýesi bolan. 
NÄMAKUL [nä:ma:ku:l], hal. Makul däl, 
maksada laýyk däl, göwnejaý däl, makullanmaýan. 
Onuň çykyşyna dogry diýenem tapyldy, ony nämakul 
bilenem tapyldy. Siziň şu maslahatyňyz nämakul däl
NÄME [nä:me], çal. Atlaryň ornuna gelýän 
sorag çalyşmasy Näme beýle gijä galdyň?  diýip, 
söze başlady (H. Derýaýew). 

Nämäň alnyndan 

pylany kimmişin, ol hiç 
kim, elinden geljek zat bolmaz

diýen manyda 
ulanylýan aňlatma. O nämäň alnyndan, ondan hiç 
kim gorkanok. 
NÄMEJAL [nä:meja:l], syp. Mejalsyz, ysgynsyz. 
Açyk gapydan içeri giren nämejal, ejiz göwreli, 
ýigrimi iki-ýigrimi bir ýaşlaryndaky ýigitdi (A. 
Gowşudow). 
NÄMEJALLYK [nä:meja:llyk], at. Ysgynsyzlyk, 
mejaly, kuwwaty, güýji ýokluk. 
NÄMÄHREM [nä:mährem], syp. 1. Ýat, keseki. 
Magtymguly, dostdan syryň gizleme, Biwepadyr, 
nämähremi gözleme (Magtymguly). 2. Mähirsiz, 
rehimsiz, yzgytsyz. O şol hatyn ki, nämährem 
nazardyr (Sopy Allaýar). 
NÄMÄHREMLIK [nä:mähremlik], at. Mähirli 
gatnaşykda dällik, kesekilik. Onuň garaýşynda 
nämähremlik duýulýardy. 
NÄMÄLIM [nä:mä:lim], syp. 1. Mälim däl, belli, 
aýan bolmadyk, gümürtik; düşnüksiz. 2. Tanyş däl, 
tanalmaýan, nätanyş.

 Nämälim çalyşma dil b. Biri, pylany, neme ýaly 
sözlerden ybarat bolup, köplenç atlaryň ýerine 
ulanylýan sözler. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   223   224   225   226   227   228   229   230   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling