Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
NÄZIKSIREME [nä:ziksireme], iş ady. Näziksiremek ýagdaýy
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
NÄZIKSIREME
[nä:ziksireme], iş ady. Näziksiremek ýagdaýy. NÄZIKSIREMEK [nä:ziksiremek], işl. Näz- kereşme eden bolmak, näziňi çekdirjek bolmak, näzik bolan bolmak. Ol wagtyhoşluk bilen güldi, näziksiredi. NÄZIKSIREMEKLIK [nä:ziksiremeklik], iş ady. Näziksiremek ýagdaýy. NÄZIKSIREŞMEK [nä:ziksireşmek], işl. Ýerli- ýerden, birnäçe bolup näziksiremek. NÄZIKSIRETMEK [nä:ziksiretmek], işl. Näzik ýagdaýda boldurmak, näziksiremäge ýol bermek; aýnatmak. NÄZI-NYGMAT [nä:zi-nyğmat], at. Her hili iýmitler, her tüýsli tagamlar, nazy-nygmat. Näzi- nygmat görüp, iýip-içmedim (Kemine). NÄZIRGEME [nä:zirğeme], iş ady. Näzirgemek ýagdaýy. NÄZIRGEMEK [nä:zirğemek], işl. 1. Näz- kereşme etmek, näzli bolmak, näziňi çekdirmek. Ol ýigidiň saçyny sypap näzirgedi. 2. Lälik bolmak, läliksiremek, näziňi bildirmek. Ol kakasynyň boýnundan asylyp näzirgedi (G. Kulyýew). NÄZIRGENMEK [nä:zirğenmek], işl. Näz etmek, näzlidigiňi bildirmek. Gelin näzirgenip, gözüni süzdi ( Edebiýat we sungat ). NÄZIRGEŞMEK [nä:zirğeşmek], işl. Birnäçe bolup bilelikde näzirgemek. Gyzlar näzirgeşip otyrdylar. NÄZIRGEÝIŞ [nä:zirğeýiş], iş ady. Näzirgemek ýagdaýy. NÄZ-KEREŞME [nä:z-kereşme], at. Näz etmeklik, göz-gaş oýnatma, özüne çekiji 127 mylaýymlyk, näzlilik. Agaýunus ýüz-müň näz- kereşme bilen gözlerini güldürdi ( Görogly ). NÄZLI [nä:zli], syp. 1. Näz bilen, mylaýym, mähirli, näz-kereşmeli. . Onuň aýaly näzli güldi (B. Kerbabaýew). 2. Adam ady. NIÇE, çal. Näçe, ençe, birnäçe, birentek. Türkini oňarmaz niçe mollalar, Arap tilin, diwan hatyn näbilsin (Magtymguly). NIÇESAR [niçesa:r], hal. Haçana çenli, haçana deňiç, näçe wagt.Seniň geleňsizligiň zerarly, men niçesar goňşy-golamyň maşgalasyny kişşikläýin! (B. Kerbabaýew). Niçesar saňa aýdyp etdirmeli! NIÇEZAR [niçeza:r], hal., ser. Niçesar. Men niçezar saňa taýýar aw getirip berer ýörer öýdýäň (Halk ertekisinden). NIÇIGSI [niçiğsi], gepl.d.Niçik, neneň, neneňsi, nähili. Men sensiz niçigsi arman çekmäýin. NIÇIK, gepl.d., ser. Neneň. Niçik lak atjagyn bilmeýän ýaly, Ogryn-ogryn galpyldaýar azajyk (B. Kerbabaýew). NIÇIKSI [niçiлsi], ser. Niçigsi. NIDERLANDIÝALY [niderla:ndiýa:ly], syp., ser. Niderlandiýalylar. NIDERLANDIÝALYLAR [niderla:ndiýa:lylar], ser. Gollandlar. NIGÄR [niğä:r], at. 1. Gözel, söýgüli, ýar. Köňlüňni istäp, eý nigär, men barmyşam ýoldan-ýola, Berdim ki sowt-u namyňny jan birle her goldan-gola (Magtymguly). 2. Surat, nagyş, haşam. 3. Gyz ady.. NIGÄRLI [niğä:rli], syp. Bezelen, nagyşly. Elleri bileginden hynaly, barmaklary nigärli, mahbub kafyr gyzlary galyň oguz beglerine sargan süzüp içirlerdi ( Kitaby dedem Gorkut ). NIJE, çal, ser. Niçe. Diýdim: Ýa reb, kethudalyk nijedir (Magtymguly). NIKA [nika:], at. Är-aýallyk gatnaşygyny düzgünleşdirmek däbi, kanuna laýyklykda nikalamak düzgüni. Nika hakyndaky kanun. Nika gyýmak adata, dessura görä täze öýlenenleriň är-aýallygyny resmileşdirmek, nikalamak. Nika gyýyp, tutynyň aňyrsyna salanlarynda gyz uludan bir demini alan (A. Salyh). Nikany bozmak biri bilen resmi är-aýal bolup ýaşamaklygy bes etmek, aýrylyşmak. Men adamym bilen nikamy bozmagy göwnüme düwdüm (A. Nazarow). Nika suwy maşgala gurýanlara nika gyýlanda toýçulara paýlanýan, olaryň süýjülikde ýaşaşmaklaryny dileg etmek üçin berilýän süýji suw. Nika ýaşyna ýetmek durmuş gurmaga, kanun boýunça nikalaşmaga ýaşy ýetmek, kämillik ýaşyna ýetmek. NIKALAMA [nika:lama], iş ady. Nikalamak ýagdaýy. NIKALAMAK [nika:lamak], işl. Nikaly etmek, nika gyýmak. Meni Öweze nikalap berseňiz, men myradyma ýeterdim ( Görogly ). NIKALAMAKLYK [nika:lamaklyk], iş ady. Nikalamak ýagdaýy. NIKALANMAK [nika:lanmak], işl. Biri bilen nikaly ýagdaýda bolmak, birine nikalanyp berilmek. NIKALAŞMAK [nika:laşmak], işl: Biri bilen nikaly ýagdaýa geçmek, kanuny är-aýal bolmak. Ýaş çatynjalar toý güni nikalaşdylar. NIKALATMAK [nika:latmak], işl. Birine nika gyýdyrmak, nikalaşdyrmak. NIKALAÝYŞ [nika:laýyş], iş ady. Nikalamak ýagdaýy. NIKALY [nika:ly], syp. Nikada duran, nikalaşan; başy boş däl. NIKASYZ [nika:syz], syp. Nikaly däl, nikada durmaýan. NIKASYZLYK [nika:syzlyk], at. Nikasy ýokluk, nikada durmazlyk. NIL [ni:l] I, at. Goýy gök reňk. Nile ýatyrmak nil reňkinden taýýarlanan suwuklyga boýaljak ýüpi atyp goýmak. Nili azan (üýtgän) adamkärçilik häsiýetlerini ýitiren. Nili birmeňzeş pikirli, bir ugurdan gopýan, pikirdeş. Diýmek, ikisiniň hem nili bir (H. Ysmaýylow). NIL [ni:l] II, at. Ok atylýan ýaragyň (tüpeň, sapança, top we ş.m.) okunyň geçýän, çykyp gidýän turba görnüşli bölegi. NILGÄR [ni:lğä:r], at. Boýag-nil gaýnadýan adam, boýagçy. Olaryň biri bagban, beýlekisi nilgär eken ( Türkmen halk ertekileri ). NILGÄRLIK [ni:lğa:rlik], at. Nilgäriň käri, ýagdaýy. NIRE [ni:re], Haýsy ýer, haýsy orun, haýsy ugur? diýen manyny aňladýan sorag çalyşmasy. Sen nireden gelýärsiň? (B. Seýtäkow). Nirede oturtjagyňy bilmezlik çendenaşa hormatlamak, uly hezzet etmek, hormat bilen myhman almak. Ol jorasyny nirede oturtjagyny bilmedi. NIRELI [ni:reli], syp. Haýsy ýerli, haýsy ýurtly. Siz nireli borsuňyz? ( Edebiýat we sungat ). NIÝET, at. Bir zady, işi etmäge öňünden döreýän isleg, hyýal, meýil. Niýetiňe düwmek bir işi amala aşyrmagy maksat edinmek, niýet etmek. Niýetiňi bozmak ýaman niýete, ýaman hyýala münmek, bozuk pikire gulluk etmek, ýaman päle gitmek. Soltansöýüniň niýetiniň bozulanyny ony häzir çagyrjagyny mälim edýär ( Myraly ). NIÝET-ARZUW, at. Ýürekde beslenýän, aňyňda göz oňüne getirilýän niýet we arzuw. NIÝETLENILMEK, işl. Biri tarapyndan bir zat, iş göz öňünde tutulmak, maksat, hyýal edilmek, göwne düwülmek. Çopanlary çöl ýollary üçin ýörite niýetlenilen maşynlar gatnadýarlar ( Türkmenistan ). NIÝETLEME, iş ady. Niýetlemek ýagdaýy. NIÝETLEMEK, işl. Bir zady kimdir birine bermegi göz öňünde tutmak, ýüregiňe düwmek, maksat edinmek. Men bu gyzy kyýamatlyk oglum Öwez jana niýetläp alyp gaýtdym ( Görogly ). NIÝETLEMEKLIK, iş ady. Niýetlemek ýagdaýy. 128 NIÝETLENMEK, işl. Haýsydyr bir zady kimdir birine bermek göz öňünde tutulmak, ýürege düwülmek. NIÝETLEÝIŞ, iş ady. Niýetlemek ýagdaýy. NOBAT [no:vot], at. 1. Biriniň ýa-da bir zadyň gezekli-gezegine, yzly-yzyna gelip durmagy, gezek. 2. Bir zat almak, görmek üçin düzülen hatar. Nobata durmak. 3. Oglana dakylýan at. NOBATÇY [no:votçy], at. Öz gezegine belli bir wagtda gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän adam. NOBATÇYLYK [no:votçuluk], at. 1. Nobatçynyň käri, wezipesi, işi. 2. Nobat borjuny ýerine ýetirmeklik, gezegine nobatçy bolmaklyk. Düýn nobatçylykdan soň geçelgede işlemeli boldum. NOBATDAKY [no:votda:ky], syp. 1. Nobatda duran. Nobatdaky adamlar. 2. Belli bir yzygiderlilikde bolup durýan, çykýan. Gazetiň nobatdaky sany. Nobatdaky maslahat. NOBATLAÝYN [no:votloýun], hal, ser. Nobatma-nobat. NOBATMA-NOBAT [no:votmo-no:vot]. Nobat boýunça, gezeginiň ýetişine göra, gezekli gezegine. Göroglynyň ýigitleri nobatma-nobat garawulçylyk ederdiler ( Görogly ). NOBATSYZ [no:vossuz], syp. Nobata durman, binobat, gezeksiz. NOBUR [no:vur], at. Uly ýap. Köpek art penjeleri bilen ýer dörüp, ýüzüni nobura bakan tutup hyňranýardy (B. Kerbabaýew). NOGAÝ [noğoý], at, ser. Nogaýlar. NOGAÝLAR [noğoýlor], at. Stawropol ülkesinde, Dagystanda, Garaçaý-Çerkez respublikasynda ýaşaýan türki dilli halk. NOGSAN [noğsa:n], at. Zyýan, zelel, kemçilik. NOGSANLYK [noğsa:nlyk], at. Kemçilik, ýetmezçilik, zyýanly hereket. NOGTA [noğto], at. 1. Ýaşajyk göleleriň, köşekleriň we ş.m. mallaryň kellesine kelleki görnüşinde salyp, itmek, daňmak üçin ýüpden edilen enjam. Häzir gölämize nogta eder ýaly ýüp işdirýän (A. Durdyýew). Atyny bir giň ýola salyp, nogtasyny arabanyň gorumyna ildirip ýatdy (A. Ahundow- Gürgenli).2. göç.m. Erk, ygtyýar. Öz nogtasyny öz enesine tabşyrýan ýigitden men-ä näme tama edip boljagyny bilýän däldirin (B. Kerbabaýew). Nogta salmak erk-ygtyýaryny elinden almak, öz ugruna gidermezlik. Nogtasyny başyna oramak näme bolsa, şo bolsun etmek, öz ugruna goýbermek, çäklendirilmedik ygtyýar bermek. Nogtasyny ele almak özbaşdak hereket etmekden mahrum etmek, erk bermezlik, ygtyýaryny almak. Nogtasyny eline Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling