Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


NUN [nu:n], at. Arap elipbiýiniň ýigrimi bäşinji  harpynyň ady.  NUR


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet238/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   234   235   236   237   238   239   240   241   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NUN [nu:n], at. Arap elipbiýiniň ýigrimi bäşinji 
harpynyň ady. 
NUR [nu:r], at. 1. Ýagty, şöhle, yşyk, ýalkym. 
Ýaňy dogan Gün jandara lezzet beriji göwher nuruny 
dünýä saçdy (B. Gurbanow). 2. Adama dakylýan 
goşma adyň birinji ýa ikinji taýy: Nurýagdy, 
Nurgözel, Allanur. 
NURANA [nu:ra:na], syp. 1. Şöhle, nur saçyp 
duran, ýalpyldap duran, mylaýym hem açyk. 2
göç.m. Açyk göwünli, mähirli, nurly, ýüz keşbi 
owadan, mylaýym garaýyşly. Ol ýigidiň ýüzi nurana
(T. Gurbanow). 3. Adam ady. 
NURBAT [nurvot] I, at. 1. Haraý, rehim, aman; 
mürewwet. Pakyrlara magşarda nurbat etgen Alla 
seni (Magtymguly). Amandyr, nurbatdyr, myhman al, 
Garja (Halk aýdymyndan). Nurbat! diýip galdy 
duşmanyň goly, 

Ýeňilmez goşuna

güldük, 
dostlarym! (Ç. Aşyrow). 2. Oglana dakylýan at. 
NURBAT [nurvot] IIat, teh. Aýlaw-aýlaw hyrly 
çüý. 
NURLANDYRMAK [nu:rlonnurmok], işl. Nur 
çaýmak, ýüzüni ýagtyltmak. Gurtgeldi aganyň ak 
ýüregi onuň ýüzüni nurlandyrdy (B. Seýtäkow). 
NURLANMAK [nu:rlonmok], işl. Ýagtylmak, 
nur çaýylmak. Ýusup aga gözi düşende, onuň ýüzi 
nurlanyp gitdi (B. Seýtäkow).
NURLY [nu:rly], syp. 1serNurana2. Oglana 
dakylýan at. 
NUSGA [nusğo], 1. Deňeşdirmek, kesgitlemek, 
bilmek üçin alnan önüm, zat. Nusga üçin alnan nebiti 
çüýşejige guýduk. 2. Nusgalyk nagyş. Üýtgeşik 
goçagyň nusgasy. Keşdäniň nusgasy. 3. Görelde 
bolar ýaly hereket. Onuň janyny gaýgyrman zähmet 
çekişi hemmämiz üçin nusga bolup biler.  
NUSGAÇY [nusğoçy], at. Nusgadan hünärmen, 
haly, geýim we ş.m. zatlaryň nusgalyk şekilini çekiji. 
Türkmenistanyň ýaş eşik nusgaçysy abraýly ýörite 
diplom bilen gaýdyp geldi (

Türkmenistan

). 
NUSGAÇYLYK 
[nusğoçuluk], 
at. 
Nusga 
boýunça hünärmeniň wezipesi, işi. 
NUSGALYK [nusğoluk], at. Nusga bolar ýaly, 
meňzedip eder ýaly zadyň asyl bolşy. Nusgalyk 
nagyş. Nusgalyk ýazuw. 
NUSGAWY [nusğowy], syp. Nusga bolmaga 
mynasyp, nusga bolar ýaly; nusgawy edebiýata 
degişli, klassyky. Nusgawy edebiýat


131 
NUTUK, at. Köpçüligiň öňünde çykyş edilip 
sözlenýän söz, çykyş. 
NYGMAT [nyğmat], at. Iýmit, tagam, nahar. 
Dürli-dürli nygmat goýup, Sylady ol tüýs ýürekden 
(Ş. Borjakow). 
NYGMATLY [nyğmatly], syp. Tagam, iýmek-
içmek bar bolan, nygmaty bolan. Bu toý müň 
nygmatly saçak başynda, Ýygnanan ýüzlerçe şägirdiň 
toýy (K. Gurbannepesow). 
NYGTALMAK [nyğtalmak], işl. Aýratyn 
bellenilmek, nygtalyp geçilmek. Ýaşlaryň arasynda 
aň-bilim işini işeňňirleşdirmek gerek diýip nygtaldy 
(

Türkmenistan

). 
NYGTAMAK [nyğtamak], işl. Aýratyn belläp 
geçmek, tekrarlamak.
NYKAP [nyka:p / nika:p], at. Ýüze tutulýan 
perde, ýüz örtgüsi. Ýüze nykap çekip, bardy toýhana, 
Edep, hormat bilen ýüzlendi hana (Ý. Nasyrly).
NYRH, at. Harydyň, önümiň, zadyň gymmaty; 
çekilen zähmet üçin baha. 

Nyrhyny 
soran 
bolmazlyk 
ýüzüne 
seredilmezlik, kimsiň-nämesiň diýilmezlik, üns 
berilmezlik, pisint edilmezlik. Baran ýerinde onuň 
nyrhyny soran bolmady
NYRHNAMA [nyrhna:ma], at. Önüm birliginiň 
ýa-da ýerine ýetirilen işiň durýan nyrhynyň, 
bahasynyň hasaby çykarylyp ýazylan sanaw ýazgysy. 
NYSAK [nysa:k], at. Belli bir döwrüň içinde 
aýry-aýry adamlaryň arasynda ýoň bolan ýörelge, 
düzgün. Men ilde ýok nysak çykarmadym (B. 
Kerbabaýew). 
NYŞAN [nyşa:n], at. 1. Bir zady ýa-da bir 
ýagdaýy aňladýan alamat, belgi. Türkmen halysy 
halkymyzyň 
milliliginiň 
ajaýyp 
nyşanydyr 
(

Türkmenistan

). 2. Birinden galan ýadygärlik, 
hatyralamak üçin zat. Kimden näme nyşan galar bu 
dünýä (A. Atabaýew). 3. Bir zat mynasybetli 
berilýän, döşe dakylýan ýüzi şekilli tegelejik ýa-da 
ýasy görnüşli nyşanjyk. 4. Döwleti tapawutlandyrýan 
Baýdak, Sena, Tugra ýaly aýratynlyklar.  
NYŞANA [nyşa:na], Ok atmak, çenemek üçin 
ýörite goýlan, dikilen zat, bellik. Olaryň nyşana ok 
atyşýandyklaryny gördi (H. Derýaýew).
NYŞANALAMAK [nyşa:nalamak], işl. Nyşana 
almak, nyşana dogrulamak, çenemek. 
NYŞANALANMAK 
[nyşa:nalanmak], 
işl. 
Nyşana alynmak. 
NYŞANALATMAK 
[nyşa:nalatmak], 
işl. 
Nyşana aldyrmak, çenäp atdyrmak, çenetmek. 
NYŞRAT [nyşyrat]at.k.d. Sypat, keşp, ýüz-göz. 
Nyşratyň mojukdyr, aýrana meňzeş (Zynhary). 
NYÝAZ [nyýa:z], at, k.d. 1. Mätäçlik, zerurlyk. 
2. Haýyş etme, ýalbarma. 3. Wada, söz berme. 4
Sowgat, serpaý; sadaka. Halal-haram saýlamaz, 
nyýaz diýip alarlar (Misgingylyç). 5. Oglana 
dakylýan at. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   234   235   236   237   238   239   240   241   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling