Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


NOŞ [no:ş] II: noş bolsun!


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet235/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   231   232   233   234   235   236   237   238   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NOŞ [no:ş] II: noş bolsun! nesip etsin, janyňa 
siňsin, janyňa ýarasyn. Çaýyňy iç, çöregiňi iý, janyňa 
noş bolsun! (B. Kerbabaýew).
NOŞY [no:şy], at, gepl.d.Soganyň ýaşy, ýaşy gök 
sogan. 
NOTA [no:to] I, at, sazç. 1. Saz sesiniň, 
owazynyň şertli çyzykly belgisi. 2. Şertli çyzykly 
belgiler bilen ýazylan saz eseriniň ýazgysy; şonuň 
ýaly-da ýazgylardan ybarat kitap, depder. 
NOTA [no:to] IIdipl. Bir döwletiň hökümetiniň 
başga bir döwletiň hökümetine resmi diplomatik hat 
bilen ýüzlenmesi. 
NOWA [nowo], at. 1. Mallary suwa ýakmak üçin 
agaçdan ýasalan süýri gap. Nowalara suw guýdum, 
Daşdy gitdi ýar-ýar (Toý aýdymyndan). 2. Maşynyň, 
arabanyň we ş.m. ýük goýulýan, ýüklenýän ýeri.
NOWA [nowa:], 1. Akyl, paýhas, aň, düşünje.
Başda nowaň bolsa beýdip ýörmezdiň, Her günde 
birine göwün bermezdiň (M. Seýidow).2. Ujypsyz 
zat.Janyňa ýakymly azat howasy, Bizde bolmaz din
adatyň nowasy (N. Pomma). 
NOWASYZ [nowa:syz], syp. Akylsyz, ýeňilkelle, 
aňsyz. Ol bir nowasyz oglan eken. 
NOWBAHAR [nowvahar / nowwahar],at. 1
Ýazyň, baharyň ilki başlanýan döwri, täze bahar; 
alabahar. Zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglady (

Zöhre 
– Tahyr

). 2. gepl.d.Ilkinji bolan çaga, ogul, gyz. 
Boýun görüp, guwananyň daşyndan, Nowbaharym – 
Haýdar, körpäm – Mirhesen (Seýdi). 3. Gyza 
dakylýan at. 
NOWÇA [nowço] I1syp. Sagdyn, ýaş. Nowça 
gyzlar. 2Gyza dakylýan at. 
NOWÇA [nowço] II, at. Degirmende möhreden 
gelýän suwuň batly çykmagy üçin edilen deşik. 
NOWELLA 
[nove:lla], 
at. 
Çözülişi 
garaşylmadyk ýagdaýda tamamlanýan uly bolmadyk 
hekaýa; kyssa görnüşli gysgajyk eser. 


130 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   231   232   233   234   235   236   237   238   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling