OGURLAMAKLYK [oğurlomokluk], iş ady.
Ogurlamak ýagdaýy.
OGURLAMAZLYK [oğurlomozluk], iş ady.
Ogurlyk etmezlik.
OGURLANMAK [oğurlonmok], işl. Ogurlap
alynmak, ogurlyk edilip alynmak.
OGURLAŞMAK [oğurloşmok], işl. 1. Birine
ogurlamaga kömek etmek. 2. Birnäçe bolup
ogurlamak.
OGURLATMAK
[oğurlotmok],
işl.
1.
Ogurlamak işini başga birine etdirmek. Ondan soň
ýer astyndanadam iberip, onuň goýnundan
ogurlatmaga başlady (
Görogly
). 2. Öz zadyň
ogurlanmagyna ýol bermek, zadyňy aldyrmak,
gidermek. Ýitirdiňizmi ýa-da ogurlatdyňyzmy? (A.
Durdyýew).
OGURLAÝYŞ [oğurloýuş], iş ady. Ogurlamak
ýagdaýy.
OGURLYK [oğurluk], at, syp. Ogurlamak
netijesinde ele salnan, ogurlanyp alnan (zat). Ogurlyk
goýun. Biziň arkamyzdakylar ogurlyk däl, öz zadymyz
ahyry (A. Gowşudow) (sypat). Ogurlyk eden
uýalmaz, üstüne gelen uýalar (Nakyl) (at).
OGURLYK-JÜMÜRLIK
[oğurlyk-jümürlik],
at. Edýän işiň iliň zadyny ogurlamaklyk, ogry ýa
jümri bolmaklyk.
OGUŞÝA [oğuşýa:].
Eken, şeýle eken,
şeýlemiş
manysynda ulanylýan kem işlik. Inerden,
elbetde, ýurdagaýdar göherdem dogýan oguşýa-da?
(B. Kerbabaýew).
OGUZ [oğuz], at, ser. Oguzlar.
OGUZLAR [oğuzlor], at. Merkezi we Orta
Aziýada ýaşan türki dilli taýpalaryň, şol sanda
türkmenleriň, azerbeýjanlaryň, türkleriň, gagauzlaryň
ata-babalary.
OH, 1. Ökünji, gynanjy, ahmyr çekmegi aňladýan
ümlük. Oh, ol-a bolmandyr. 2. ser. Oho. – Oh, oglum!
– diýip, Berdi aga ikilenç Annaguly bilen ýene
görüşdi (A. Durdyýew).
OHAW [oho:w], Birine ýa-da märekä ýüzlenilip
aýdylýan ýüztutma sözi. Ohaw, adamlar, bir gulak
goýuň (
Edebiýat we sungat
).
OHO,Geň galmagy, haýran galmagy, aňka-taňka
bolup galmaklygy aňladýan ümlük. – Oho! – edip,
Baýramow mölerilip bakdy-da, rejäniň geň däldigini
aňyp, onuň ýanyndan aýryldy (H. Ysmaýylow).
Do'stlaringiz bilan baham: |