Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


OGRYNLYKDA  [oğruýnlukdo],  hal, ser.  Ogrynça


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet242/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   238   239   240   241   242   243   244   245   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OGRYNLYKDA 
[oğruýnlukdo], 
hal, ser. 
Ogrynça
OGRYN-OGRYN 
[oğruýn-oğruýn], 
hal. 
Birsyhly, yzly-yzyna gizlin ýagdaýda, gizlinlik 
bilen.Ogryn-ogryn gözleýşiň, Ot saldy jana 
söwdügim (Kemine). Mekdep müdiriniň ünjüsi bardy, 
Ogryn-ogryn oň ýüzüne garaýardy (A. Kekilow). 
OGŞABERMEK [oğşa:vermek], işl. Ogşap 
ugramak, öpübermek, posa alybermek. 
OGŞALMAK [oğşolmok], işl. Biri tarapyndan 
posa alynmak, öpülmek. 
OGŞAMA [oğşomo] I, II, iş ady. Ogşamak 
ýagdaýy. 
OGŞAMAK 
[oğşomok] 
I
işl. 
Gowy 
görýändigiňi bildirmek üçin birine dodaklaryňy 
degirmek, öpmek. Gülendam Göroglynyň daşyndan 
üç 
mertebe 
aýlanyp, 
maňlaýyndan 
ogşady 
(

Görogly

). 
OGŞAMAK 
[oğşomok] 
II
işl., 
şahyr
Meňzemek, meňzeş bolmak. Haý-haý seniň ýörişiň, 
arslana sire ogşar, Halka-halka zülpleriň kemendi 
dara ogşar (Kemine). 
OGŞAMAKLYK [oğşomokluk] I, II, iş ady. 
Ogşamak ýagdaýy. 
OGŞAŞDYRMAK [oğşoşdurmok], işl. Ogşap 
çykmak, birin-birin öpüp çykmak, öpüşdirmek. 
OGŞATMAK'>OGŞAŞMAK 
[oğşoşmok], 
işl. 
Bir-biriňi 
ogşamak. 
OGŞATMAK [oğşotmok] I, işl. Başga biriniň 
ogşamagyna ýol bermek, öpdürmek. Al ýaňakdan kä 
ogşadyp, kä ogşap, Ýüz-gözüňi synlarmykam, Artyk 
jan! (B. Kerbabaýew).
OGŞATMAK [oğşotmok] II, işl., şahyr. Birine, 
bir zada meňzetmek. Elip dek kamatyň ogşatma dala, 
Gurban olam serwi kaddy nahala (Mollanepes). 
OGŞAÝYŞ [oğşoýuş] I, II, iş ady. Ogşamak 
ýagdaýy. 
OGŞUK [oğşuk] I, at. 1. Iki ýaşar düýe. 
Şokurdap il ürküzer, ogşuk bahaly içmek (Kemine). 2
Oglana dakylýan at. 
OGŞUK [oğşuk] II, at. Birine ýa-da bir zada 
söýgi, mähir bildirilip alynýan posa. Daşdan ogşuk 
zyňýar, gülýär, degişýär. 
OGUL [oğul], at. 1. Ene-atanyň erkek çagasy, 
erkek perzent, dogma, zürýat. Ata kesbi ogla halal 
(Nakyl). 2. Nätanyş, keseki adamlaryň ýaş ýigitlere 

ýigit, jigi we ş.m.

diýen manyda ýüz tutanlarynda 
aýdýan sözi. Sen, oglum, häzir näçe ýaşyňda? (B. 
Kerbabaýew). 3. Ene-atalaryň öz ogluna ýüzlenende 
ulanýan sözi. Oglum, bar mallary suwa ýak. 4
gepl.d. Çaga, perzent.  


135 

Ogul agtyk 1) öz ogluňdan bolan çaga, öz 
ogluň çagasy. 2) öz ogluň erkek çagasy. Ogul ýaşy 
uzyn bola (bolsun) ! ogly, ogul agtygy bolan 
adamlara ýüzlenilip aýdylýan gutlag, ýagşy arzuw, 
niýet, alkyş. 
OGULBOLDY [oğulvolly], at. 1. Çagasy bolan 
öýüň diwaryndaky halydyr çuwallaryň ýüzüne ak 
pagtadan edilýän her hilije güller. Gyzlar, gelinler 
pagtadan gunda edip, onuň öýüniň içini ogulboldy 
bilen bezeýärdiler. 2. Goýundyr geçiniň iç ýagynda 
bolýan içi suwluja haltajyk, suwly barda. 3. Gyza 
dakylýan at. 
OGUL-GYZ [oğul-ğy:z], at. Nesliň dowamy 
bolan çagalar, perzent, zürýat. Ataň-enäň göwni 
ogulda-gyzda, ogluň-gyzyň göwni dag bilen düzde 
(Nakyl). Ogul-gyzyň köp bolsun! Olaryň eýgiligini 
gör (B. Seýtäkow). 
OGULHAJAT [oğulha:jat], at. 1. Külembikäniň 
ýanyndaky barmagyň ady, dördünji barmak. Onuň 
ogulhajadyndaky gyrmyzy gaşly ýüzüginiň ýylpyldysy 
şindi hem gözümiň öňünden gidenok (T. Gurbanow). 
2Gyza dakylýan at. 
OGULLY-GYZLY [oğullu-ğy:zly], syp. Ogly-
gyzy bar bolan, çagaly-çugaly, perzentli. Hawa, ol 
hem ogully-gyzly adamdy (A. Gowşudow). 
OGULLYK [oğulluk], at. 1. Öweý ogul. 2. Ogul 
deregine kabul edilen çaga, hakyky öz perzendiň 
hökmünde kanuny alnan çaga. Görogly özüne 
mynasyp ogullyk gözleýär (

Görogly

). 

Ogullyk etmek hakyky ogul ýaly hyzmat 
etmek, ogul ýerini tutmak, ogul dereginde durmak. 
Öwezjan, eşitseň Göroglyň sözün, Bize bir ogullyk 
etmegiň gerek (

Görogly

). 
OGULLYLYK 
[oğulluluk], 
at. 
Ogully 
bolmaklyk, ogly barlyk. 
OGULSYZ [oğulsuz], syp. Ogly bolmadyk, ogly 
ýok, zürýatsyz. Kim ogulsyz ötse mundan, Ojagynda 
küller galmaz (Aýdym). 
OGULSYZ-GYZSYZ [oğulsuz-ğy:ssyz], syp. 
Ogul-gyzy bolmadyk, perzentsiz. 
OGULSYZLYK [oğulsuzluk], at. Ogluň ýokluk, 
zürýatsyzlyk. 
OGURLABERMEK 
[oğurla:vermek], 
işl. 
Kesekiniň zadyna el garybermek, ogurlyk edibermek. 
OGURLAMA [oğurlomo], iş ady. Ogurlamak 
ýagdaýy. 
OGURLAMAK [oğurlomok], işl. Kesekiniň 
zadyny bildirmän almak, özgäniň zadyna el garmak, 
bir zady gizlinlik bilen almak, ogurlyk etmek. 
Ogurladym üç gyzyň-da suratyn, Ýazdym arkasyna 
ýadygär hatyn (K. Gurbannepesow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   238   239   240   241   242   243   244   245   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling