Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
NYZAM [nyza:m], at. 1. Tertip-düzgün, kada. Ol
ýerde zähmet nyzamynyň berkleşendigi bellidi. 2. Tertipli durlan hatar, sap. Esgerler nyzama durdular. Nyzam etmek nyzam bilen ýöremek, mask etmek, türgenleşmek. Ol bir topar nyzam edip ýörenleri görüp, haýran galyp durdy (A. Durdyýew). NYZAMLY [nyza:mly], syp. 1. Tertipli, düzgünli, kadaly. Iş hereketi nyzamly gidýärdi. 2. Tertipli, hatara, nyzama duran. NYZAMLYLYK [nyza:mlylyk], at. Tertiplilik, düzgünlilik, kadalylyk. NYZAMSYZ [nyza:msyz], syp. Nyzamy ýok, düzgünsiz, tertipsiz, kadasyz; başly-barat. NYZAMSYZLYK [nyza:msyzlyk], at. Nyzamsyz ýagdayda bolmaklyk, nyzamly dällik. 132 Ň Ň, Türkmen elipbiýiniň on ýedinji harpy. Türkmen dilinde ň sesi bilen başlanýan söz ýok. Ň sesi sözüň ortasynda (aňry, deňiz, teňňe...) we soňunda (aň, äň, heň, äheň, öleň...) gelip bilýär. O O [o:] I, Türkmen elipbiýiniň on sekizinji harpy. O [o:] II, Geň galmagy, begenji, haýran galmagy aňladýan ümlük. O, gör bize kim gelýär! O, çal, gepl.d., ser. Ol. O näme diýýär? O diýen däl bolmalysyndan, hemişekisinden pes derejede. Töweregiň ýagtylygy o diýen däldi (B. Gurbanow). O dünýe, bu dünýe ömürbaky, hemişe, ylahym. Siziň hossarçylygyňyzy o dünýe, bu dünýe ýatdan çykarman (B. Seýtäkow). Olar şeýle bir gaty tersleşipdirler, o dünýe, bu dünýe ýüz görşer ýaly bolmandyrlar. OBA [o:vo], at. Daýhançylyk, maldarçylyk we ş.m. bilen meşgullanylýan ilatly ýer. Oba göçmek ýat bolmak, düýpgöter özgermek, ýok bolup gitmek. Indi o döwürlerden oba göçdi. Oba hojalyk ösümlikçilik we maldarçylyk önümlerini almak maksady bilen medeni ekinleri öndürmek, maldarçylygy ösdürmek, senagat üçin çig mal öndürmek boýunça maddy önümçiligiň esasy pudaklaryndan biri. OBAÇYLYK [o:voçuluk], at. 1. ser. Obalyk 1, 2. Şahyr nazaryny obaçylyga bakan sowdy (G. Kulyýew). 2. Oba ilatyna, oba durmuşyna mahsus däp-dessur, häsiýet, ýagdaý. Aý, obaçylykdyr-da, gardaş, bu ýerleriň edim-gylymyna, bolşuna şäherliniň gözi bilen garama. OBADAŞ [o:vodoş], at. Bir obada doglan, bir obada önüp-ösen, bir obadan bolan adamlaryň ýurtdaşlyk gatnaşygyny aňladýan söz. Obadaşlarym meniň üçin mähribandy, tapylgysyzdy ( Edebiýat we sungat ). OBADAŞLYK [o:vodoşluk], at. Bir obadan bolmaklyk, obadaş bolmaklyk. Obadaşlyk hatyrasyna sen meni mundan artyk gynama! (B. Kerbabaýew). OBA-GARA [o:vo-ğara], at, gepl.d. Oba hem onda ýaşaýan adamlar. Oba-garalar gurgunmy? OBA-IL [o:vo-i:l], at. Oba we onuň halky, ilaty. Bütin oba-il bolup toý tutduk. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling